6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz widioşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly widioşekilli iş maslahatyny geçirdi. Döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan maslahatyna ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, pudaklaýyn düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açmak bilen, Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa söz berdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bag ekmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň netijeleri, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hasabatyň barşynda häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada aýratyn durup geçdi. Şeýle hem ol sebitde wagyz-nesihat işlerini geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak, jemgyýetçilik guramalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekologiýa derejesiniň ýokarlandyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bag ekmek çärelerini örän jogapkärçilikli alyp barmagyň wajypdygyny belläp, bu babatda käbir etraplarda, aýratyn-da welaýatlaryň obalarynda bag ekmek işleriniň ýaramaz alnyp barylýandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kärendeçileriň dökün, suw we ýokary hilli tohum bilen üpjünçiligi baradaky gürrüňe degip geçmek bilen, ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi, dürli görnüşli gök önümleriň köpräk ösdürilip ýetişdirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz welaýatyň ilatynyň iş bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz täze iş orunlaryny döretmek baradaky maksatnamanyň üstünle zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatda neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy yzygiderli göreş alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekip, sebitiň çäklerinde jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-de ýaşlar guramalarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda alyp barýan wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny, neşeleriň bikanun dolanyşygy bilen bagly iş kesilenleriň indiden beýläk günäsiniň geçilmejekdigini aýdyp, bu işlere gözegçiligi güýçlendirmegi häkimden berk talap etdi. 

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow çykyşyny döwlet Baştutanymyzyň welaýatda köpçülikeleýin bag ekmek çärelerini netijeli alyp barmak boýunça ozal beren tabşyrykarynyň ýerine ýetirilişi, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler hem-de dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem ol ýaz ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmek babatda işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada durup geçdi. 

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bag ekmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn hem-de ylmy esasda çemeleşilmelidigini aýdyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem-de welaýatyň beýleki künjeklerinde saýaly agaçlar bilen bir hatarda, ir-iýmişli baglaryň köpräk ekilmelidigine ünsi çekdi. Welaýatyň obasenagat toplumynda ýaz-meýdan işlerine guramaçylykly girişmek maksady bilen degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gök önümleriň, kartoşkanyň we ir-iýmişleriň ösdürilip ýetişdirilýän mukdaryny artdyrmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz welaýatyň ilatynyň iş bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny, orta mekdebi tamamlan ýaşlaryň işe ýerleşmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Ýaşulular we ýaşlar guramalaryny, bilim we sport ulgamynyň birleşen tagallasynyň neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy alnyp barylýan işlere gönükdirilmelidigini, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz edilmelidigini, bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaga çekilmelidigini tabşyrdy. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň çäklerinde köpçülikleýin bag ekmek boýunça geçirilen çäreler, ýazky meýdan işlerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, sebitiň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada aýratyn durup geçdi. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatda bag ekmek işleriniň pes derejede alnyp barylýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Bötendagda 2020-nji ýyla çenli 20 müň düýp bag nahallarynyň oturdylmagynyň meýilleşdrilendigini, häzirki güne çenli bu ýerde 2 müň düýp nahalyň oturdylandygyny baradaky maglumaty diňläp, bu işleriň depgininiň ýokarlandyrylmalydygyny, şol ýerde saýaly baglar bilen bir hatarda, miweli agaçlaryň hem köpräk oturdylmalydygyny tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini belledi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegňi çäklerinde welaýatyň ilatynyň iş bilen üpjünçiliginiň berk gözegçilikde saklanmalydyyny, neşeleriň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak boýunça netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýatda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelegelriniň berkarar edilmegi babatda sebitiň jemgyýetçilik guramalarynyň netijeli iş alyp barmalydyklaryny bellemek bilen, bu işlere aýratyn jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy. 

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew gündogar sebitde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bag ekmek çäreleriniň guralyşy, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyny we ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan çäreler hakynda aýtdy. 

Hasabatyň barşynda häkim welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar barada durup geçmek bilen, köpugurly hassahananyň hem-de söwda-dynç alyş merkeziniň işlenip taýýarlanylan taslamalaryny we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatda bag ekmek işleriniň depginini güýçlendirmegi, kärendeçileriň dökün, suw we tohum bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyny, gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin zerur agrotehniki çäreleriň netijeli guralmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle-de welaýatda gök önümleriň we ir-iýmişleriň görnüşlerini hem-de olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ilatynyň iş bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz täze iş orunlaryny döretmek baradaky maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini, sebitde neşeleriň bikanun doanyşygyna garşy göreşiň güýçlendirilmelidigini tabşrydy. 

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara käbir düzedişleri girizip we teklipleri aýdyp, umuman makullady hem-de bu wajyp binalaryň gurluşygy boýunça kompaniýalary seçip almak babatda bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bag nahallaryny oturtmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler, şeýle hem ýaz-meýdan işlerine guramaçylykly girişmek üçin görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda häkim welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sebitde dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem durup geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynda hem bag ekmek işleriniň pes derejede alnyp barylýandygyna ünsi çekip, onuň depginini güýçlendirmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz kärendeçileriň zerur dökünler, suw we ýokary hilli tohum bilen üpjünçiliginiň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, gowaça ekişni öz wagtynda geçirmek üçin agrotheniki çäreleriň ýokary depgininiüpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz welaýatda ilatyň iş bilen doly üpjün edilmeginiň möhüm mesele bolmalydygyny, olary üstünlikli çözmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmekde jemgyýetçilik guramalarynyň welaýatyň ýaşululary, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň wekilleri bilen bilelikde iş alyp barmalydyklary barada häkime berk tabyryk berdi. Döwlet Baştutanymyz neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy yzygiderli göreş alyp barylmalydygyny, bu babatda jenaýat edenleriň günäsiniň geçiljek däldigini aýratyn belledi. 

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak, işlerini alyp barmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzyň ilatynyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, şäheriň ähli ýerlerinde. aýratyn-da täze döredilen etraplapda bu işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada durup geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda, aýratyn-da täze döredilen etraplarda bag ekmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny, onuň depgininiň güýçlendirilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şäherde ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň, orta mekdebi tamamlan ýaşlaryň işe ýerleşdirilişiniň hem-de täze iş orunlaryny döretmek baradaky maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýratyn belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäherinde neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy alnyp barylýan göreşiň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolmagy babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz şäheriň häkimlikleri bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, A.Ataýewi Abadan etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hakyndaky Permana hem-de Abadan etrabynyň häkiminiň orunbasary A.Gelenowy şol etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz B.Baýramdurdyýewi Ruhabat etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hem-de Ruhabat etrabynyň häkiminiň orunbasary A.Gurbanowy şol etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy B.Hommakow çagyryldy. Ol gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da gowaça ekişinde işlediljek traktorlaryň, ekiş gurallarynyň we beýleki tehnikalaryň öz wagtynda taýýarlyk hataryna çykarylmagy babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bar bolan oba hojalyk tehnikalarynyň örän aýawly we netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanylmagyny talap etdi. Hormatly Prezidentimiz ekiş möwsümi mahalynda tehniki hyzmaty ýola goýýan gulluklaryň we mehinizatorlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezilentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna birbada Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanowy çagyrdy. Ol Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy aýgytly göreş alyp barmak barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi Soňra döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewany hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. 

Milli Liderimiz neşekeşlige garşy aýgytly göreş alyp barmagyň döwrüň möhüm meselesidigini bellemek bilen, bu göreşiň halkymyzyň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz A.Osmanowa ýüzlenip neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi güýçlendirmek, şu maksat bilen, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadygyny pugtalandyrmak, şeýle hem bu işlerii welaýat merkezlerindäki we serhet zolaklaryndaky edaralarda hem yzygiderli alyp barmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz bikanun ekilen neşe ösümliklerini ýok etmek boýunça ýaz aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi berk talap etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz milli parlamentiniň baştutanyna ýüzlenip, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň garşysyna hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmelidigini, bu işe gatnaşandygy üçin iş kesilen adamlaryň günäsini geçmegi mundan beýläk bes etmelidigini, şeýle kadalary hereket edýän kanunçylyga girizmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşyyna gatnaşandygy sebäply, iş kesilen adamlar üçin jeza çäresini güýçlendirýän kadalaryň Jenaýat kodeksine girizilmelidigini aýtdy. 

Milli Liderimiz wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, orta we ýokary okuw mekderlerinde ýaşlaryň arasynda neşäniň zyýany barada wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny giňden ýola goýmak boýunça zerur çäreleri geçirmegi wise-premýerde talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigine, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň talabydygyna ünsi çekmek bilen, öňde goýlan wezipeleriň abraý bilen berjaý edilmegi üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üsünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistan-ÝUNISEF

syrach

Türkmen Restawratorlary Nakgaşlaryň Işlerini Dikeltdiler

Watan Goragy-Mukaddes Borç