Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň hem-de Premýer-ministr Sindzo Abeniň mähirli salamlaryny ýetirdi. Olar türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Şunda ýapon tarapynyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Türkmen döwletiniň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we “açyk gapylar” syýasaty ýurduň Merkezi Aziýa sebitinde ähmiýetli orun eýelemegine hem-de halkara abraýynyň artmagyna ýardam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň-da täze we baý mazmuna eýe bolan özara bähbitli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýändigini nygtady. Milli Liderimiz jenap Toýohisa Kodzukini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň hem-de halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça üstüne ýüklenen möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we ilçi döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça, şeýle-de “ Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşyklarynyň çäklerinde sazlaşykly ösdürilýär. Bu gatnaşyklarda ýurdumyz, mälim bolşy ýaly, 2015-2016-njy ýyllar üçin başlyklyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň ilçisi hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynda gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, uzakmöhletleýin esasda guralýan türkmen-ýapon işewür gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini bellediler. Olaryň hatarynda bolsa söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we beýleki toplumlar bar. Dünýä belli ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda, şol sanda gazhimiýa we himiýa hem-de senagat pudaklarynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyz senagatlaşdyrmaga hem-de senagat ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur almak bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işleri ornaşdyrmaga uly üns berýär. Munuň özi degişli ugurlarda uly tejribe toplan ýapon hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana bolan taryhy saparlarynyň barşynda gazanylan ylalaşyklar köp ugurly hyzmatdaşlyga uly itergi berdi. Ykdysady hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge ýardam edýän Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine hem möhüm orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýeti barada aýdyp, ylym, bilim we medeniýet ugurlary, iki ýurduň baý taryhy—medeni mirasyny öwrenmek boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler.
Aşgabatda açyljak Tehnologiýalar uniwersiteti ylym, bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim bolar. Bu ýokary okuw mekdebinde Ýaponiýadan mugallymlary çagyrmak bilen ýapon okuw maksatnamasy boýunça bilim bermek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ilçi milli Liderimize Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde, şol sanda orta mekdeplerde ýapon dilini okatmak başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Munuň özi geljekde döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge oňyn täsirini ýetirer.
Şunuň bilen birlikde, sport ulgamynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegini nazara alanyňda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Jenap Toýohisa Kodzuki döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanda Ýaponiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady hem-de netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklaryny has-da berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Ilçi pursatdan paýdalanyp, milli Liderimizi hem-de ähli türkmenistanlylary şanly sene—şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň ilçisi iki döwletiň hem-de halklaryň arasyndaky dostukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.