Songýungwan Uniwersitetiniň mejlsiler zalynda hormatly Prezidentimize Syýasy ylymlaryň doktory diýen hormatly derejäni bermek dabarasy boldy. Şanly waka mynasybetli bu ýere Koreýa Respublikasynyň ylmy jemgyýetçiliginiň, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary ýagnandylar. Hemmeler ör tutup, Türkmenistanyň Prezidentini el çarpyşmalar bilen garyşlarýarlar. Türkmen döwletiniň Baştutany zala girýär we prezidiuma geçip oturýar.
Uniwersitetiň alymlar geňeşiniň başlygy, aspirantura bölüminiň ýolbaşçysy jenap Lun Won Li dabarany açmak bilen ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmany mähirili gutlap, şu günüň ýokary okuw mekdebiň taryhyna aýratyn sene hökmünde girjekdigini nygtady. Jenap Lu Won Liniň belleýşi ýaly, türkmen we koreý halklaryny öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan taryhy taýdan emele gelen dostluk we medeni gatnaşyklar birleşdirýär. Täze taryhy eýýamda biziň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar mynasyp dowam etdirilýär we täze many bilen, şol sanda ylym-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk arkaly baýlaşdyrylýar.
Uniwersitetiň alymlar geňeşiniň başlygy şeýle hem ýygnananlary Türkmenistanyň Prezidentiniň giňmöçberli ylmy işi bilen tanyşdyrdy. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda türkmen ylmyny täze belentliklere çykarmaga we bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Uniwersitetiň alymlar geňeşiniň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen we koreý halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin, ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde görkezen beýik hyzmaty mynasybetli “Songýungwan Uniwersitetiniň Hormatly doktory” diýen alymlyk derejesini gowşurmak hakynda kabul eden çözgüdi aýratyn dabaraly ýagdaýda yglan edilýär.
Bellenilişi ýaly, uniwersitet şeýle derejäni ilkinji gezek döwlet ýolbaşçysyna berýär. Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary bu wakanyň özleri üçin aýratyn guwançlydygyny bellediler. Degişli diploma 90 belginiň goýulmagy bellärliklidir.
Soňra ýygnananlaryň öňünde Songýungwan Uniwersitetiniň rektory çykyş etdi. Türkmen döwletiniň Baştutanyny hormatly alymlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli mähirli gutlap, jenap Çung Kýu Sang iki ýurduň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda şu günki wakanyň ähmiýetini belledi.
Dabaraly ýagdaýda, ýagnananlaryň el çarpyşmalary bilen uniwersitetiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine Hormatly doktoryň mantiýasyny geýdirýär we degişli diplomy gowşurýar.
Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.
Türkmen Lideri ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, 600 ýyllyk taryhy bolan we Aziýanyň iň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hatarynda durýan Songýungwan Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen belent adyň berilmegi mynasybetli minnetdarlygyny beýan etdi.
“Men bu waka Türkmenistana goýulýan hormat-sarpa, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazananlarynyň ykrarnamasy, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň dostlugynyň nyşany hökmünde garaýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanmyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, alymlary we barlagçylary dürli ýurtlardaky kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýarlar. Ýurdumyzda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar, simpoziumlar we beýleki forumlar peýdaly tejribeleri alyşmaga, öňdebaryjy ylmy gazananlary peýdalanmaga ýardam berýär.
Giň halkara ylym we bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistan innowasiýa tehnologiýalaryny döretmek ulgamynda, nou-haulary ulanmakda we beýleki dürli ulgamlarda Koreýanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bidirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ylmy bileleşikleriň, uniwersitetleriň we iki ýurduň pudaklaýyn ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak barada aýtmak bilen, türkmen Lideri iri okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň saklanmagy häzirki zaman bilimlerini alyşmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, uzakmöhletleýin bilelikdäki ylmy işleri geçirmekde ygtybarly binýada öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Munuň özi Türkmenistanda düýpli we amaly ylmy, tebigy bilimleri ösdürmek, ylmy barlaglaryň täze ugurlaryny açmak babatynda örän wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýurdumyz nebitiň we gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen bir hatarda Türkmenistanda giň çägi eýeleýän Garagum sährasynyň çägelerii ýaly täsin tebigy serişdelere we baýlyklara eýedir. Düzüminde Kremni bolan çäge häzirki döwürde dünýä bazarnyda gün batereýalarynyň önümçiligi üçin zerur bolan serişde hökmünde uly islegden peýdalanýar. Bu bolsa ylmyň täze ugurlarny ösdürmekde wajypdyr.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz koreýaly alymlar, professorlary, Songýugwan uniwersitetiniň mugallymlaryny we talyplaryny biziň ýurdumyz bilen ekologiýa taýdan arassa gün energetikasyny ösdürmek, çägeden kremnini almagyň täze tehnologiýalaryny, gün batereýalarynyň önümçiligi döretmek boýunça bilelikdäki barlaglara gatnaşmaga çagyrdy.
Milli Liderimiz gumanitar ylymlary gündogary öwrenşi, taryh we arheologiýa, dil bilimleri we medeniýeti öwrenşi ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.
Magtymguly adyndyky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Songýungwan Uniwersitetiniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak baradaky pikiri aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň birek-birekden öwrenere zadymyz köp hem-de bu babatda bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek netijelidir we zerurdyr diýip nygtady.
“Biziň ýurtlarymyzy dostluk gatnaşyklary we özara düşünişmek ýagdaýy baglanyşdyrýar, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. Biz toplan tejribämizi täze nesillere geçirmek bilen, däp-dessurlaryň dowamatlygyny berjaý edýäris. Şeýlelikde, uzak geljek üçin gatnaşyklaryň berk binýady tutulýar, özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýdyň we dogry ugurlary, ynanyşmak gatnaşyklary emele gelýär, bu bolsa geljekde türkmen-koreý gatnaşyklarynyň umumy many-mazmunyny kesgitlär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda alyşmalary giňeltmek baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylygy bilen şu gün geçirilen gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekdi, olaryň barşynda Koreýa uniwersitetlerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň sanyny artdyrmagyň mümknçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Biz öz nobatymyzda Koreýanyň Türkmenistanyň baý taryhyny we medeniýetini, onuň daşary we içeri syýasatyny öwrenmek bilen meşgullanýan talyplaryny hem-de mugallymlaryny kabul etmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda öz işine ýokary baha berendikleri üçin Songýungwan Uniwersitetiniň ýolbaşçylygyna minnetdarlygyny ýene bir gezek beýan edip, talyplara okuwda üstünlikler, professor-mugallymlar düzümine bolsa özleriniň asylly terbiýeçilik we ylmy işinde täze sepgitlere ýetmeklerini arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy çuňňur üns berlip diňlendi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.