Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagynyň nobatdaky senesiniň baýram edilmegi mynasybetli Mejlisiň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan gutlaglary kabul etdi.
Ýakyn egindeşleri tutuş ýurdumyz üçin şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine öňde goýlan beýik maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ajaýyp ýeňşi türkmenistanlylaryň öz hakyky milli Lideriniň töweregine jebisliginiň we agzybirliginiň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan täzeçillik, öňdengörüjilikli syýasatynyň doly goldaw tapýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol syýasat Garaşsz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny görlüp-eşidilmedik belentlige göterdi.
Soňky ýyllarda ýurdumyz ähli ulgamlary öz içine alýan düýpli we beýik özgertmeler ýoluna düşüp, öňe tarap kuwwatly böküş edip, Ýer ýüzüniň
iň depginli ösýän döwletleriniň abraýly sanawynda öňdäki orunlarda pugta ornaşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan hem-de milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň ornuny pugtalandyrmaga, häzirki zaman önümçilik kuwwatlylygyny döretmäge gönükdirilen ýurdumyzyň innowasion, köptaraply durmuş-ykdysady ösüşiniň üstünlikli durmuşa geçirilýän uly möçberli strategiýasy özbaşdak Türkmenistanyň bar bolan geosyýasy, ykdysady, serişde we ynsan mümkinçiliklerini açmaga we doly peýdalanmaga gönüden-göni hyzmat edýär.
Şonuň bilen birlikde, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply we isleg bildirilýän önüm çykarýan ýokary tehnologik pudaklary ösdürmek, ösen ulag we maglumat-aragatnaşyk düzümini kemala getirmek bilen bir hatarda geçen ýyllaryň içinde ösüşiň hereketlendirilisi diýlip, mynasyp ykrar edilen bilime we ylma uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Saglygy goraýyş, medeniýet we sport aýdyň durmuş ugurly häsiýete eýe bolan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup çykyş edýär. Bu ulgamlar milletiň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine hyzmat edýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan daşary syýasat giňişliginde hem uly üstünlikler gazandy. Ýurdumyz hemişelik, oňyn Bitaraplyk derejesine daýanyp, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk hem-de döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşmak ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugruna pugta we yzygiderli eýerýär.
Türkmenistan adamzadyň ählumumy meseleleriniň tiz çözülmegine bütinleý gyzyklanma bildirip, dünýäniň gün tertibiniň ählumumy parahatçylygy saklamak we berkitmek, täze çagyryşlara we wehimlere garşy durmak, köpçülikleýin ýaragsyzlanmak, ekologiýa abadançylygy, energetika we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýäniň maliýe-ykdysady çökgünliliginiň ýaramaz täsiriniň öňüni almak ýaly wajyp ugurlary, şeýle hem häzir bütin dünýäniň esasy ara alyp maslahatlaşýan birnäçe beýleki meseleleri boýunça özüniň anyk ýörelgesine eýedir.
Hökümetiň agzalary pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy ýene-de bir gezek gutladylar hem-de millionlarça watandaşlarymyzyň adyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna tarap mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmegiň kepili bolup çykyş edýän oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň Türkmenistany depginli hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam edip, her bir türkmenistanlynyň ýüreginde öz mähriban Watanynyň ajaýyp gazananlaryna bolan buýsanç duýgusyny berkitjekdigine ynam bildirdi.
öňki habar
soňky habar