13.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Prezidentimiziň Milli Medeniýetimize Bagyşlanan Täze Kitaplary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa” atly täze kitaplary çapdan çykdy.

Täze neşirler Medeniýet we sungat işgärleriň gününe ajaýyp sowgat boldy, milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu şanly senä gabatlanyp ýurdumyzda her ýyl Medeniýet hepdeligi geçirilýär, oňa Türkmenistanyň we köpsanly daşary ýurtlaryň döredijilik işgärleri gatnaşýarlar.

“Türkmen medeniýeti” diýlip atlandyrylan kitapda milli Liderimiziň köpmüňýyllyk medeni mirasyň türkmen jemgyýetiniň ösüşindäki orny we häzirki zaman döwlet syýasatynyň medeniýet ulgamyndaky wezipeleri baradaky oýlanmalary öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz bu meselä çuňňur ylmy seljerme bermek bilen we bu ulgamda esasy wezipeleri kesgitläp, esasy jebisleşdiriji pikiri öňe sürýär: kitabyň awtory milli medeni mirasa täze nukdaýnazardan, has anygy, biziň ýurdumyzyň häzirki gününi we geljegini alamatlandyrýan nazar bilen garamaga çagyrýar. Şunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmiş mirasymyzda we däp-dessurlarymyzda heniz doly açylmadyk taraplary görmegi, öz wajyplygyny ýitirmeýän döwrüň hakykatyny şöhlelendirmegi, olardan pähim-paýhas we ylham almagy wagyz edýär. 

Bularyň ählisi, ruhy we maddy medeniýete hem, nusgawy edebiýata, halk sazyna, amaly-haşam sungatyna, binagärlige we halk senetkärligine, folklora we etnografiýa hem degişlidir.

Döwlet Baştutanymyzyň eserinde milli medeniýetimiziň taryhy örän gadymy döwürlerden – irki ýaşaýyş mesgenleriniň, ekerançylygyň we siwilizasiýa ojaklarynyň emele gelmeginden başlap, üznüksiz özgeşir hökmünde seljeriş berilip Jeýtunyň, Altyn depäniň, Goňruň, Nusaýyň, Merwiň, Köneürgenjiň… medeniýetiniň özboluşlylygy görkezilýär. Bu örän baý mirasyň zanny kökleriniň häzirki döwür bilen aýrylmaz baglanyşygy biziň döwrümiziň binagärlik we heýkeltaraşlyk eserleriniň nusgasynda aýdyň beýanyny tapýar. 

Milli sungat halkyň döredijilik zehininiň binýadynda ösýär, binagärlik we heýkeltaraşlyk sungatynyň, senetçileriň, zergärleriň, küýzegärleriň, demirçi ussalaryň, dokmaçylaryň, gurluşykçylaryň, agaç ussalarynyň, halyçylaryň we köpsanly beýleki ussatlaryň hünär ýörelgeleriniň üznüksiz dowamatlylygy häzirki türkmen medeniýetini emele getirdi. Bu ugurlaryň her biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabynda halk medeniýetiniň baý dürli öwüşgini hökmünde getirilýär. 

Döwlet Baştutanymyz diňe bir nusgawy edebiýatda we meşhur pelsepeçileriň döredijiliginde jemlenen türkmen medeniýetiniň ruhy gatlaklaryny seljermek bilen çäklenmän, eýsem, oňa halkyň gözýetimi, onuň ahlak-etiki kadalary nukdaýnazaryndan içgin öwrenýär. Suwa, çörege, myhmansöýerlik däplerine, ata-babalarymyza we milli gahrymanlarymyza sarpa goýmak ýaly ýörelgeler bu gymmatlyklar toplumynyň kadalaryna girýär. Halk baýramçylyklary, türkmen toýlaryny geçirmek bilen baglanyşykly köpsanly däp-dessurlar we ýörelgeler çuňňur many-mazmuna eýedir. Halk aýdym-sazlary, tanslary, oýunlary we degişmeleri, türkmen saçagynyň jomartlygy, atçynaslyk sungaty we bedewleri ösdürip ýetişdirmek – bularyň ählisi milli Liderimiziň täze kitapynda beýan edilen türkmen medeniýetiniň dürli öwüşginleridir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli medeniýetimiziň iň gowy däp-dessurlarynyň ösdürilmegine we dowam etdirilmegine aýratyn uly ähmiýet berýär, däp-dessurlarymyzyň durnuklylygy hem üýtgewsizligi netijesinde türkmen medeniýeti dünýä siwilizasiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertler gadymy milli medeniýetimiziň hil taýdan täze ösüşe eýe bolmagyna, döredijilik ýörelgeleriniň ösmegine, dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny açmaga, milletimiziň taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmäge ýardam berýär.

Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp döwlet Baştutanymyzyň ýene bir täze kitaby çap edildi. Ol “Ile döwlet geler bolsa” diýlip atlandyrylýar we türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhyna bagyşlanýar. 

Kitap ýazylmazyndan ozal türkmen halkynyň saz-sungatynyň gadymy taryhy baradaky maglumatlar çuňňur öwrenildi. Mundan başga-da, kitapda milli äheňleriň we mukamlaryň döredilişiniň aýratynlyklary beýan edilýär. Kitabyň awtory bagşylaryň türkmen medeniýetindäki asyrlaryň dowamyndaky täsirlerini, halypaçylyk däpleriniň dowamlylygyny we dürli döredijilik mekdepleriniň kemala gelşini beýan edýär. 

Täze eseriň jemleýji bölümi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň saz-sungatyna bagyşlanýar. Kitapda goşmaça maglumatlar hökmünde meşhur türkmen bagşylarynyň we sazandalarynyň arhiw fotosuratlary çap edilýär, belli halk sazandalarynyň durmuşy we döredijiligi baradaky maglumatlar, şeýle hem dürli görnüşli milli saz gurallary dutar, gyjak, dilli tüýdük we beýlekiler barada maglumatlar berilýär. 

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen kitap bagşyçylyk sungatyna türkmen medeniýetiniň bitewi gatlagy hökmünde, ýokary ussatlygyň nusgasy hökmünde täzeçe garamaga mümkinçilik berer, bu sungat köpasyrlyk çeperçilik däp-dessurlarynyň binýadynda kemala geldi we her bir täze nesil tarapyndan kämilleşdirildi. Bagşyçylyk sungatynyň täsin gudraty şu gün hem öz möhümligini ýitirmeýär, bu sungat türkmen halkynyň zehininiň miwesi bolan ýene bir gudratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphanaçylyk usulynda neşir edilen täze kitaplary ajaýyp gönüşde bezelipdir, bu bolsa ylmy-wagyz äheňli kitaba aýdyň öwüşgin çaýýar. Bu neşirler giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir, emma olar medeniýeti öwrenijiler, şeýle hem ýurdumyzyň medeni we dynç alyş merkezleriniň, jemgyýetçilik birleşmeleriň iri baýramçylyk çärelerini, döredijilik festiwallaryny guramaga gatnaşýan edaralaryň işgärleri üçin aýratyn gymmatlydyr.

Milli Liderimiziň täze kitaplary milli medeniýetimizi taryhy hakyndaky maglumatlary bir ýere jemläp hem saýpallap çap etmek däl-de, eýsem, jemgyýet ösüşiniň – onuň ynsanperwerlik binýadynyň özenini düzýän durmuşa söýgüden doly  inçe duýgular bilen beýan etmekdir. Bu neşirler gürrüňsiz suratda jemgyýetiň gymmatly baýlygyna öwrülip, türkmen medeniýetiniň köp öwüşginli we köp görnüşli taraplaryny mundan beýläk-de gülläp ösdürmäge, biziň topragymyzda döreýän zehinleri ýüze çykarmaga kuwwatly itergi berer. 

Degişli makalalar

Adam Hukuklary Boýunça Pudagara Toparyň Mejlisi Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi

Döwlet Baştutanymyzyň Adyndan Halkara Ýaryşlaryň 3-siniň Baýraklaryna Eýe Bolan Türgenlere Sowgatlar Gowşuryldy