Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aşgabat şäherine sapar bilen gelen hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, RF-nyň Hökümetiniň Başlygynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň Türkmenistanyň we Rusiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine, dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini we ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi we gowy arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi hem-de özara duşuşykda türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi. Dmitriý Medwedew hormatly Prezidentimizi paýtagtymyzda GDA girýän ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, onuň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde Prezident Wladimir Putine mähirli arzuwlaryny ýollap, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen öňden gelýän taryhy we gumanitar gatnaşyklarynyň bardygyny, dürli ugurlarda özara gatnaşyklaryň baý tejribesiniň toplanandygyny belledi. Şol gatnaşyklar häzirki döwürde doganlyk we dostlukly halklaryň ikisiniň uzakmöhletleýin bähbitlerine gabat gelýän täze mazmun bilen baýlaşýar.
Döwlet we hökümet derejelerindäki gatnaşyklar we pikir alyşmalar syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de özara gatnaşyklaryň esasy meseleleriniň ählisi boýunça diýen ýaly köpugurly strategik hyzmatdaşlygyň derejesiniň gazanylandygyny aýtdy.
Dmitriý Medwedew pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýändigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. RF-nyň Hökümetiniň Başlygy däbe öwrülen dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryna, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ägirt uly tejribesine daýanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň oňyn depginlerini kanagatlanmak bilen belläp, sebitleriň derejesinde özara gatnaşyklaryň Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg şäheri, RF-nyň beýleki sebitleri bilen özara gatnaşyklaryň depgininiň ýokarlanmagynyň möhümdigini nygtady. Munuň özi iki döwletiň işewür bähbitlerine doly laýyk gelýär.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň okgunly ösmeginde öz beýanyny tapýar diýip, milli Liderimiz Russiýanyň Türkmenistanyň iri daşary söwda hyzmatdaşy bolup durýandygyny, daşary ýurtly maýadarlar üçin özüne çekiji türkmen bazarynda Russiýanyň iri kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň oňyn meýilleri bellenildi. Onuň möçberi ortaça ABŞ-nyň 5 milliarddan gowrak dollaryna barabardyr. Şonuň bilen birlikde söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin ätiýaçlyklar hem bar. Mysal üçin, Türkmenistan umumy bahasy ABŞ-nyň 125 million dollaryndan gowrak bolan “KAMAZ” kysymly awtoulaglaryň dürli görnüşleriniň we ýörite tehnikalarynyň 1,5 müňe golaý birligini satyn alar. Gämi gurluşyk we Hazar deňzinde ýük daşamak babatda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu babatda Russiýanyň türkmen gök-miwe önümlerini, gurluşyk materiallaryny we beýleki harytlary satyn almaga uly gyzyklanma bildirmegini görkezmek bolar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň Söwda-senagat edaralarynyň ýanynda döredilen milli işewür geňeşleriň, iki ýurduň gyzyklanma bildirýän ministrlikleriniň we edaralarynyň, kärhanalarynyň alyp barýan işleri haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagyna, sebitara gatnaşyklarynyň giňelmegine ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy täze çemeleşmeleri we döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Hususan-da, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oba hojalygynda, şol sanda azyk harytlaryny Russiýanyň bazaryna ibermek babatda oňat mümkinçilikler bar.
Türkmenistan Russiýanyň awtomobil gurluşyk önümleriniň iri sarp edijisi bolup durýandygyny bellemek bilen, RF-nyň Hökümetiniň Baştutany taraplaryň geljekde hem bu ugurda netijeli hyzmatdaşlyk etjekdigine ynam bildirdi.
Ýakynda Aşgabatda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanyp, “tegelek stoluň” başynda geçirilen türkmen-rus duşuşygy, Moskwada guralan, GDA ýurtlarynyň sergisinde türkmen oba hojalyk önüm öndürijileriniň hem bölümi görkezilen “Altyn güýz-2014” agrosenagat sergisi, Russiýanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň VI Halkara maýa goýum forumyna gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem maýa goýum hyzmatdaşlygynyň meseleleri, obasenagat toplumyny ösdürmegiň, ylym, tehnika, bilim, sport we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň oňyn depginleri barada aýtmak bilen, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde zerur bolan hünärlere eýe bolýandygyny kanagatlanmak bilen belledi.
Ylym ulgamynda has işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy hem möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sankt-Peterburgdaky Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda türkmen-rus arheologik topary tarapyndan edilen täsin açyşyň halkara seslenmesine eýe bolandygyny belledi. Ýylgynlydepede türkmen halkynyň ata-babalarynyň maddy medeniýetiniň täsin toplumynyň 7 müň ýyla golaý mundan öň ulanylan palçyk plastigini taýýarlaýan ýöriteleşdirilen ussahananyň üstüniň açylmagy arheologlaryň nobatdaky üstünligine öwrülip, ol dünýä ylmy üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Arheologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp, geçen hepdede Aşgabatda geçirilen Halkara ylmy maslahatynda berlen bu habar Türkmenistanyň dünýä siwilizasiýasynyň gadymy merkezleriniň biri hökmünde ähmiýetini nobatdaky gezek tassyklady.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy bar bolan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde uly üstünlikleriň gazanylandygyny belläp, netijeli hyzmatdaşlygy onuň täze ugurlaryny we mümkinçiliklerini kesgitlemek nukdaýnazaryndan has-da giňeltmäge, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň global howpsuzlygyny üpjün etmek we onuň hukuk esasyny kemala getirmek, Ýewraziýa giňişligine ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak we ekologiýa wezipelerini çözmek babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna üns berdiler.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň ýöredýän halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny we öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny tüýs ýürekden goldaýandygyny aýdyp, iki ýurdy baglanyşdyrýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, biziň halklarymyza öz miwelerini bermegi üçin olaryň hemmetaraplaýyn amala aşyrylmagyna ýardam etjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň hem ähmiýeti bellenildi. Olar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde ähli ugurlar boýunça deňhukukly, ynamly gatnaşyklaryň ilerlemegine ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar GDA gatnaşýan ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň barşynda garalan meseleleriň möhümdigini bellediler, şeýle hem mejlisde türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňe süren, häzirki döwrüň global wezipelerini çözmekde özara gatnaşyklaryň has giň görnüşine gönükdirilen tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmäge we durmuş-ykdysady ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam etmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasy halkara giňişliginde, şol sanda Bitarap Türkmenistany ygtybarly, wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaş hasaplaýan Russiýada uly abraýa eýe boldy. Ylalaşdyryjy ýurt hökmünde ykrar edilen derejesini nazara alanyňda bolsa Türkmenistana tutuş sebitde möhüm orun berilýär.
Ynanyşmak, dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygy jemlemek bilen, döwlet Baştutanymyz we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy bu duşuşygyň türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdiler we taraplaryň özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek tassykladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we RF-nyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar. Belent mertebeli myhman Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşen ägirt uly toplumy uly gyzyklanma bilen synlady. Bu ýerde behişdi bedewlerimizi saklamak, köpeltmek we at çapyşyklaryny geçirmek, seýisleriň we ussat çapyksuwarlaryň täze nesillerini ösdürip ýetişdirmek üçin zerur bolan şertler döredildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Dmitriý Medwedew atlara atlanyp, gezelenç etdiler. RF-nyň Hökümetiniň Başlygy türkmen halkynyň, şeýle hem dünýä ösüşiniň elýetmez baýlygy bolan ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gözelligine tüýs ýürekden haýran galandygyny aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, atçylygy ösdürmek, onuň gadymdan gelýän däplerini dikeltmek, aýawly saklamak we dowam etmek işleri Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow behişdi bedewlerimiziň hakyky muşdagy bolmak bilen, olara “Ahalteke bedewleribiziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabyny bagyşlady, şeýle hem ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň baýramynyň öň ýanynda geçirilýän ýörite bäsleşigiň başyny başlady. Milli Liderimiziň üns-aladasy netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça seleksion-tohumçylyk işleri kuwwatly itergä eýe boldy, dünýäde bu täsin tohum atlaryň giňden tanyşdyrylmagyna, şeýle hem atçylyk sportunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.
Atly gezelenç tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we RF-nyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew mähirli hoşlaşyp, Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.