17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiziň Saud Arabystanyna Resmi Sapary Tamamlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy hem-de Medine şäherine baryp gördi. 

Saud Arabystany Patyşalygynda hormatly Prezidentimiziň saparyna uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu ýurtda bolmagynyň ilkinji pursatlaryndan başlap, uly hormat-sarpa bilen gurşalyp alynmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Saud Arabystany Patyşasynyň “Al Ýamama” Köşgünde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler özara gyzyklanma bildirilip, birek-birege ynanyşmak hem-de işjeň häsiýetde geçirildi. 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-saud gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Energetika ulgamy özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Bu ulgamda Türkmenistan  Owganystan Pakistan  Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna aýratyn orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz saud kompaniýalaryny hem-de maliýe edaralaryny bu taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy. 

Milli Liderimiz şeýle hem nebithimiýa we gazhimiýa pudaklarynda, senagatda hem-de gurluşyk materiallaryny öndürmekde, dokma senagatynda, şeýle hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçiliklere ünsi çekdi. 

Netijeli gepleşikler hökümetara hem-de pudagara derejelerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek bilen tamamlandy. 

Şol gün hormatly Prezidentimiz Saud Arabystanynyň “Er-Riýad” gündelik neşiriniň wekiline interwýu berdi. Munuň özi dostlukly ýurduň okyjylar köpçüliginiň häzirki Türkmenistana, onuň durmuşa geçirýän daşary we içeri syýasatyna, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýetine ägirt uly gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. 

Mundan başga-da, saparyň birinji gününde türkmen Lideri Saud Arabystanynyň goranmak, daşary işler, saglygy goraýyş, söwda we senagat, maliýe ministrleri, şeýle hem “SABIC” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyklary geçirdi. 

Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary daşary syýasat edarasynyň, bilim ulgamynyň, söwda we senagat toplumynyň, maliýe ulgamynyň, ýangyç-energetika toplumynyň, oba hojalygynyň, raýat awiasiýasynyň wekilleri we beýleki ugurlar boýunça öz kärdeşleri bilen möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem sport we ýaşlar syýasaty, medeniýet we maglumatlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. 

Resmi saparyň ikinji gününiň maksatnamasy hem wakalara baý boldy. Bu maksatnama hormatly Prezidentimiziň Er-Riýad şäheriniň Söwda-senagat edarasyna baryp görmegi bilen başlandy. Şol ýerde milli Liderimiz Saud Arabystanynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. 

Bu ýerde ýurdumyzda öndürilen harytlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Oňat bezelen sergide, esasan, milli ykdysadyýetiň eksport ugurly pudaklarynyň önümleriniň, şol sanda dokma senagatynyň, çeper halyçylygynyň, şeýle hem senagat, gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleriniň nusgalary görkezildi.

Milli Liderimiz işewürler maslahatynda çykyş edip, ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça kesgitlenen esasy ugurlar bilen tanyşdyrdy. Şol ugurlar bolsa ýakyn ýyllarda Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaryp biler. Olaryň hatarynda energetika ulgamyndaky, ulag pudagyndaky, gurluşyk serişdeleri senagatyndaky we söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlygy görkezmek bolar. 

Milli Liderimiziň Patyşa Abdulaziz adyndaky Ylym we tehnologiýalar şäherjigine baryp görmegi ylmy-amaly barlaglar, hemra tehnologiýalaryny ösdürmek, Gün energetikasy ulgamynda tejribe alyşmak, suwy süýjetmek ulgamlarynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin badalga boldy. 

Gazhimiýa senagaty alymlaryň tagallalaryny birleşdirmegiň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Bu ulgamy ösdürmekde Türkmenistan eýýäm öňegidişliklere eýe boldy. Ýöne entek özleşdirilmedik uly mümkinçilikler bar, şoňa görä-de peýdaly işläp taýýarlamalary hem-de toplanan tejribäni alyşmak, şeýle hem Gün energiýasyny ulanmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek möhümdir. 

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem açyk asmanyň astyndaky “Ad-Diriýa” taryh muzeýi boýunça tanyşlyk gezelenjini amala aşyrdy. Munuň özi türkmen-saud gatnaşyklarynyň köpugurlydygyny görkezdi. Onuň medeni-ynsanperwer ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz Mekgede keramatly Käbä zyýarat etdi, munuň özi şu gezekki taryhy sapara aýratyn ruhy öwüşgin çaýdy. 

Milli Liderimiz keramatly Käbä zyýarat etmek üçin ähli taýýarlyk dessurlaryny amala aşyryp, Mekgedäki Al-Haram metjidine tarap ugrady. 

Mekge tutuş yslam dünýäsiniň özboluşly merkezi bolup durýar. Musulmanlar Mekgä tarap, onuň esasy mukaddes ojagy bolan Käbä bakyp, günde bäş wagtyna namaz okaýarlar. Yslamyň dessurlarynyň köpüsi şondan ugur alýar. Her ýyl Mekgä haj parzyny berjaý etmek üçin musulmanlaryň millionlarçasy gelýär. 

Zyýarat etmegiň dessurlary orta asyr musulman ulgamlary tarapyndan jikme-jik işlenipdir. Namazda bolşy ýaly, haj we umra, däp boýunça, öňünden tämizligi talap edýär. Mekgäniň töweregindäki keramatly ýerleriň çäklerine çenli ýetip, musulman tämizliginiň birnäçe dessurlaryny berjaý etmeli hem-de päk niýet bilen Beýik Biribara ýüzlenmeli. Bu dessurlar musulmançylykda kesgitlenen ýerlerde, mysal üçin, Jiddada geçirilýär. 

Zyýaratçy tämizlenip, ak matanyň iki böleginden ybarat bolan ýörite lybasy geýýär. Olaryň birini biline oranýar, beýlekisini egniniň üstüne atýar. Bu lybas, zyýaratçynyň ahwaly ýaly, yhram diýlip atlandyrylýar. 

80 kilometrlik ýoly geçenden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni Myhmanlar köşgüniň öňündäki meýdançada, Al-Haram metjidiniň ýanynda saklanýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dini işgärler garşylaýarlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentini metjidiň içine girmäge çagyrýarlar. 

Milli Liderimiz yhram eşiginde Al-Haram metjidiniň girelgesine tarap ugraýar. Onuň howlusynda yslamyň baş mukaddesligi hem-de zyýarat etmegiň maksady bolan Käbe ýerleşýär. 638-nji ýylda gurlan metjit XX asyrda birnäçe gezek täzeden guruldy we giňeldildi, ýogsa ol bütin dünýäden ýüz müňlerçe zyýaratçylary sygdyryp bilmezdi. 

Häzir dini metjit gündogar tarapdaky 40 müň inedördül metr bolan howlyny hasap etmäniňde, 76 müň inedördül meýdany tutýar. 

Metjidiň içi örän yssy howada-da salkyndyr, bu ýerde zyýaratça zerur bolan hemme zatlar bar  Gurhanyň neşirleri tekjelerde tertipli goýlupdyr, teşneligiňi gandyrmak üçin mukaddes Zemzem çeşmesiniň suwy bar we bu ýeri hemişe arassa. Ol ýerde aýratyn ýagdaý ruhuňy göterip, muny her bir musulman duýýar, hut şunuň özi hem Beýik Allatagalanyň merhemetidir. Bu ýerde bir gezek bolan, ýatlamany öz ýüreginde hemişelik saklaýar… 

Zyýaratçy Dini metjide Dünýä derwezesinden (Bab as-salam) sag aýagyny ätläp girmelidir. Gara daşa gelip, ony ogşaýar ýa-da oňa elini degirýär. Daşyň diwaryna ýakynlykda sagadyň diliniň ugry boýunça ýöremeli. Ilkinji üç aýlawy ýeňiljek ylgamaly, galan aýlawlary ýöräp gitmeli. Ahyrynda zyýaratçy Käbäniň girelgesine gelýär, sag elini galdyrýar hem-de günäleriniň geçilmegini dileg edýär. Şondan soň doga okalýar. 

Hormatly Prezidentimiz we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mukaddes Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanýan mahaly dileg edýärler hem-de umra haja niýetlenen hemme däp-dessurlary berjaý edýärler. 

Meşhur Käbäniň binýady 12×10 metr bolup, beýikligi 15 metre golaýdyr. Onuň gündogar burçuna, takmynan, 1,5 metr beýiklikde Gara daş berkidilendir. Musulmanlar ilkibaşdan onuň asmandan Adama iberilen Jennediň ak ýakut daşy bolandygyna, soňra bolsa dünýädäki günäler sebäpli garalandygyna ynanýarlar. Häzirki wagtda ol gara-gyzyl reňkli döwük bölekleriniň üçüsiniň bile birleşdirilen kümüş çarçuwa jemlenmesidir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mukaddes Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanandan soň, “Hajar Al-Aswad” Gara daşynyň ýanynda saklanýar hem-de Watanymyzyň baky abadançylygynyň, parahatçylygynyň we gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we eşretiniň hatyrasyna Beýik Biribardan doga-dileg edýär. 

Käbäniň içinde diňe Gurhanyň süreleri bar. Mukaddes daşyň diwarlarynyň ýeri we aşaky bölegi mermer, diwardan ýokarsy we üçek gyzyl ýüpek bilen örtülipdir. Iň ýokarky üçegi üç toplum saklaýar. Demirgazyk-gündogar diwarda 2 metr töweregi beýiklikde gapy goýlupdyr. Käbäniň daş ýüzüne gögümtil-gara örtük tutulypdyr. Käbäniň töwereginde birnäçe ýadygärlikler ýerleşýär. Olar Muhammet Pygamber bilen, şeýle hem Gurhanyň we Gadymy Töwratyň şöhratly gahrymanlary, Awraam-Ybrahym, Ysmaýyl we Agar-Hajar ýaly gahrymanlar bilen baglanyşyklydyr. 

Hajy bolmagyň tutuş dessury mazmuny boýunça Ybrahymyň maşgala durmuşynyň dürli pursatlaryny görkezýär. Zyýaratçylar heniz aýak bitmedik ogly Ysmaýyl üçin suw gözläp, Safa we Merwe depeleriniň arasynda ýedi gezek ylgan, oglunyň ýanyna dolanyp gelende bolsa onuň ýanynda Allanyň eradasy bilen Jebraýyl perişdäniň açan Zemzem çeşmesiniň suwunyň çykanyny gören Hajaryň hereketlerini gaýtalaýarlar. Olar Ybrahymyň Ysmaýyl bilen bilelikde soňra ýykylan Käbäni dikeldişlerini, Iblisiň garşysyna göreşip, Mina jülgesinde Allanyň ýoluna ogluna derek goçy gurban edişini uly hormat bilen ýatlaýarlar. 

Käbäniň demirgazyk-gündogar diwarynyň ýanynda hijr Ysmaýylyň öňüne haýat çekilen ýarym aýlaw diwar ýerleşýär. Ol gadagan edilen ýer bolup, rowaýata görä, onda Ysmaýyl öz ejesi Hajar bilen jaýlanypdyr. Käbäniň garşysyndaky gapyda makam Ibrahym, ýagny özünde daş saklaýan bina ýerleşýär. Şol daşy Ysmaýyl mukaddes Käbäniň diwary Ybrahymyň boýundan ýokary geçende, kakasyna kömekleşip, binanyň aşagynda goýýar. Onuň bir tarapyny gurup bolup, Ybraýym beýleki tarapyny gurmak üçin daşy şol tarapa geçirýär we bu iş Käbäniň ähli diwarlary galdyrylýança dowam edýär. Onda adam aýak yzlarynyň şekilleri saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň Baştutany ýörite hünärmeniň bu mukaddes ýer we onuň taryhy baradaky gürrüňini diňläp, makam Ibrahymy synlady. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we türkmen wekiliýetiniň agzalary Käbäniň gündogar burçunda iki rekegat namaz okadylar, şondan soň, ýola goýlan däbe görä, Zemzem çeşmesinden suw içýärler. Beýik Biribardan dileg edýärler. 

Käbäniň daşyndan aýlanmagy tamamlap, zyýaratçylar Safa depesinden Merwe depesine çenli ýedi tapgyr ylgamak üçin şol ýere tarap ugraýarlar. Bu dessur Safa depesinden doga-dileg edip hem-de sag eliň ýokary galdyrylgy ýagdaýda başlanýar. 

Olar Safa depesinden aşak düşüp, pyýadalap, Merwä tarap ugraýarlar, ýaşyl belgä çenli ýetip, ädimlerini çaltlandyrýarlar we şonuň ýaly ikinji belgä ýetýänçäler ylgap başlaýarlar, ikinji belgi bolsa ylgawy peseldýär we eýýäm adaty ýöremek bilen Merwä ýetýärler. Şeýdip, ýedi gezek geçilýär. 

Bu dessurdan soňra ýene-de Beýik Allatagaladan doga-dileg edilýär. 

Doga-dileg edilenden soň, milli Liderimiz: “Mukaddes Käbä zyýaratymyzda Watanymyzyň baky parahatçylygy we gülläp ösüşi, hemişelik agzybirlik, abadançylyk, ruhumyzyň belentligi hem-de mähriban halkymyň bagtyýarlygy barada eden doga-dileglerimiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýdi. 

Dessura laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň bir çogdam saçyny kesmek dessury berjaý edildi. 

Şu ýerde örän möhüm ýagdaýy bellemelidiris  maý aýynyň 2-sinden 3-ne geçilýän gijede Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Onuň Alyjenaby, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al Saud tarapyndan türkmen halkyna, hormatly Prezidentimize bildirilýän çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde hormatly Arkadagymyz üçin mukaddes Käbäniň  Allatagalanyň öýüniň gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin ýörite mümkinçilik döredildi. 

Ilki bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Gara daşy öpüp, togap etdi. Bu ýerde milli Liderimize üç ýerde  Muhammet Pygamberiň namaz okan ýerinde, Käbäniň içki diwarynyň ýanynda, Gara daşyň iç ýüzündäki keramatly burçunda namaz okamaga mümkinçilik döredildi. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde musulman dünýäsiniň asylly dessurlaryny birkemsiz berjaý edip, mukaddesliklere togap etdi. Milli Liderimiz halkymyzyň bagtyýarlygynyň, nurana geljeginiň, Watanymyzyň berkararlygynyň, abadançylygynyň, ählumumy parahatçylygyň bähbidine ýagşy dilegler etdi. 

Mukaddes Käbäniň içine girip, namaz okamak hormaty türkmen halkynyň taryhynda ilkinji gezek hormatly Prezidentimize bildirildi. Munuň özi ählumumy derejede örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. 

Mukaddes Käbäniň gapylarynyň açylyp, namaz okamaga mümkinçilik döretmek hormaty bu ýurtda biziň halkymyza, berkarar döwletimize, Gahryman Arkadagymyza bildirilýän çäksiz sarpanyň nobatdaky subutnamasydygyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi. 

Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň üçünji gününiň maksatnamasy hem möhüm wakalara baý boldy. 

Irden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Yslam ösüş bankynyň Ştab-kwartirasyna tarap ugraýar. 

Mälim bolşy ýaly, Yslam ösüş banky (YÖB) 1973-nji ýylyň dekabrynda Yslam Konferensiýasy Guramasyna (YKG) gatnaşýan ýurtlaryň maliýe ministrleriniň mejlisinde döredildi we 1975-nji ýylda öz işine başlady. Häzirki wagtda YÖB guramalaryň toparyndan ybarat bolup, özüne Yslam ösüş bankyny, Yslam barlaglar we trening institutyny, Maýalary ätiýaçlandyrmak hem-de eksport karzlary baradaky yslam korporasiýasyny, Hususy ulgamy ösdürmek baradaky yslam korporasiýasyny, Halkara yslam söwda-maliýe korporasiýasyny birleşdirýär. Döwletleriň 56-sy, şol sanda Türkmenistan bu abraýly düzümiň agzalary bolup durýar. 

…Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Yslam ösüş bankynyň Ştab-kwartirasynyň öňüne gelýär. Onuň esasy girelgesiniň öňünde milli Liderimizi YÖB-niň prezidenti doktor Ahmad Mohamed Ali Al-Madani mähirli garşylaýar. 

Garşylamak hem-de bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiziň we YÖB-niň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Doktor Ahmad Mohamed Ali Al-Madani belent mertebeli türkmen myhmanyny ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, okgunly ösýän türkmen döwletiniň Baştutanyny kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Türkmen Lideriniň Patyşalyga sapary iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow YÖB-niň ýolbaşçysyna mähirli garşylandygy hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, şu saparyň barşynda geçirilen duşuşyklara we gepleşiklere ýokary baha berdi hem-de gazanylan ylalaşyklaryň dürli ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Saud Arabystanynyň topragynda bolýan ilkinji pursatlaryndan başlap, türkmen wekiliýeti hemmetaraplaýyn üns we alada bilen gurşalyp alyndy. Milli Liderimiz Patyşa maşgalasyna hajyň ýokary derejede guralandygy, dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan şäherlere Mekgä we Medinä zyýarat etmäge döredilen mümkinçilik üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň Türkmenistanyň ygtybarly işewür hyzmatdaşlarynyň biridigini kanagatlanma bilen belläp, YÖB-niň ýolbaşçylaryna ýurdumyza hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Bellenilişi ýaly, durmuş-ykdysady maksatly, şol sanda saglygy goraýyş, ulag we aragatnaşyk hem-de beýleki ulgamlarda umumy bahasy ABŞ-nyň 690 million dollaryna barabar bolan iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. 

YÖB tarapyndan Gazagystan  Türkmenistan  Eýran demir ýolunyň gurluşygyna ýeňillikli karzyň berilmegi munuň soňky mysallarynyň biridir. Diňe bir taslama gatnaşýan ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin bu iri taslamanyň ähmiýeti yzygiderli artýar. 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berlenden soň, täze polat ýol Demirgazyk  Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrüldi. Onuň işe girizilmegi ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça işleriň möçberlerini ep-esli artdyrmaga, onuň täze ugurlaryny açmaga, haryt dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berdi, bir söz bilen aýdylanda, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertler döredildi. 

YÖB-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, ýurdumyz bilen bilelikde durmuşa geçirilen taslamalaryň örän netijeli bolandygyny, türkmen ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigini belledi. Türkmen ykdysadyýetiniň barha artýan kuwwaty özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ygtybarly kepil bolup hyzmat edýär. 

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdirildi. 

Doktor Ahmad Mohamed Ali Al-Madani Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, onuň netijeli häsiýete eýedigini belledi we YÖB-niň däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy iri halkara düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmekde türkmen döwletiniň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, häzirki wagtda Merkezi Aziýada möhüm orun eýeleýär we geljekde onuň eýeleýän orny has-da artar diýip, YÖB-niň ýolbaşçysy aýtdy. 

Pursatdan peýdalanyp, doktor Ahmad Mohamed Ali Al-Madani milli Liderimizi tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm waka  geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistan Owganystan  Pakistan  Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi bilen gutlady. 

Yslam ösüş banky Türkmenistanyň Prezidentiniň bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmek baradaky başlangyjyny doly goldaýar, onuň oňyn netijeleri diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, durmuş babatda-da uly ähmiýete eýedir diýip, YÖB-niň ýolbaşçysy aýtdy. Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi, ýurtdaky ýagdaýyň durnuklaşdyrylmagy üçin bu taslama aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki täze gaz geçirijisiniň gurulmagy netijesinde täze iş orunlarynyň müňlerçesi dörediler, döwrebap durmuş ulgamy kemala getiriler. Munuň özi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňaýly täsir eder. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda, hususan-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen täze taslamalary hem-de maksatnamalary maliýeleşdirmek ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. 

Bellenilişi ýaly, gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, YÖB-niň wekilleri zerur bolan işleri geçirdiler we Türkmenistanyň Hökümetiniň we Yslam ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmäge taýýar edildi. Bu resminama geljegi uly ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistan üçin hem, tutuş sebit üçin hem ykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolan şeýle taslamalaryň biri-de TOPH taslamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, uglewodorod çig malyny halkara bazarlaryna ygtybarly iberilmegine ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlary ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Şol başlangyçlar bolsa bütin dünýäde giň seslenme döretdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2008-nji hem-de 2013-nji ýyllarda iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakyndaky Kararnama bu başlangyçlaryň örän wajypdygyna şaýatlyk edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, gazy öndüriji, üstaşyr geçiriji hem-de sarp ediji ýurtlaryň bähbitlerini deň derejede nazara almaga we üpjün etmäge gönükdirilen möhüm çäreleriň görülmegi zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda umumy kadalara laýyklykda, ählumumy energetika giňişligindäki iş hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň täze halkara-hukuk resminamasyny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Bu resminamany taýýarlamak üçin halkara bilermenler topary döredildi. 

Ulag düzüminiň ösdürilmegi hem Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz goňşy döwletler bilen bilelikde möhüm geoykdysady we geostrategiki ähmiýete eýe bolan iri sebitleýin-yklymlaýyn taslamalary amala aşyrýar. Olar Ýewraziýa giňişliginde Demirgazyk  Günorta we Gündogar  Günbatar ugurlary boýunça ulag akymlarynyň işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. 

Ulanmaga berlen Gazagystan  Türkmenistan  Eýran demir ýoly bu babatda oňat mysal bolup biler. Şunuň bilen birlikde, halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil, howa we deňiz düzümi maksadalaýyk ösdürilýär. Munuň özi ýurdumyzy iri halkara logistiki merkeze öwürmäge ýardam edýär. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2014-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly Kararnama kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň teklibi boýunça noýabr aýynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça Bütindünýä maslahatyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, YÖB-niň wekillerini bu iri foruma gatnaşmaga çagyrdy. 

Umuman, Türkmenistan bilen YÖB-niň 2016-2018-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygynyň Maksatnamasy özüne düzümi, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň sekizisini birleşdirýär. 

Döwlet Baştutanymyz dürli ulgamlarda möhüm taslamalary durmuşa geçirmek ynanylýan ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine saldamly goşant goşýandygyny belläp, ykdysadyýetiň hususy ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady. 

Häzirki wagtda Türkmenistan çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna girýär, abraýly halkara guramalarynyň birnäçesiniň bilermenleriniň pikirine görä, bu oňyn ýagdaý geljekde hem saklanyp galar diýip, milli Liderimiz aýtdy we milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň, çig maly ibermekden taýýar önümleri öndürmäge hem-de eksport etmäge sazlaşykly geçmegiň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer meselesine degip geçip, Türkmenistanda atçylygyň däplerini aýawly saklamaga aýratyn üns berilýändigini nygtady. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde-de türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi hem-de wepaly ýoldaşy, onuň şöhratly taryhynyň bezegi bolupdyr. “Irden turda ataňy gör, ataňdan soň  atyňy”, “Aty baryň ganaty bar” diýen halk nakyllary munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda behişdi bedewleriň bütin dünýäde şan-şöhratyny artdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Köp asyrlaryň dowamynda seýisleriň tutanýerli zähmeti bilen türkmen topragynda ajaýyp bedewler ýetişdirilýär. Olar gözelligiň we kämilligiň ajaýyp nusgasy bolup durýar. 

Türkmenistanda gurlan ajaýyp atçylyk sport toplumlary bu deňsiz-taýsyz işiň aýdyň netijesidir. Aprel aýynyň ahyrynda bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanylyp, tohum atlaryň 600-sini saklamaga niýetlenen täze Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy, şeýle hem Ahal welaýatynda gurlan, 114 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş toplumly döwrebap nusgalyk oba dabaraly ýagdaýda açyldy. 

Behişdi bedewler biziň okgunly ösýän özygtyýarly ýurdumyzyň nyşany bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Atyň keşbi 2017-nji ýylda ak mermerli Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda şekillendirildi. Munuň özi ganatly bedewlerimize uly sarpa goýýandygymyzyň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we YÖB-niň wekillerini Aziada  2017-ä çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz doktor Ahmad Mohamed Ali Al-Madanä Türkmenistan bilen YÖB-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklary işjeň goldaýandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, özi üçin amatly islendik wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. 

YÖB-niň toparynyň wezipesi ileri tutulýan ugurlara garyplyga garşy göreşmäge, dolandyryş, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny kämilleşdirmäge, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge daýanyp, döwlet durmuş-ykdysady ösüşine hemmetaraplaýyn ýardam bermekden ybaratdyr. YÖB ulgamlaryň kuwwatyny pugtalandyrmaga, döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy höweslendirmäge, düzümi, maliýe-bank ulgamyny, kiçi we orta işewürligi, oba hojalygyny we beýleki ugurlary ösdürmäge gönükdirilen taslamalara maliýe hem-de tehniki taýdan goldaw berýär. 

Gepleşikler tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we YÖB-niň baştutany ikitaraplaýyn resminamalara  Geljekki ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmäge gatnaşmak boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistan  Owganystan  Pakistan  Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça baha kesgitleýji toparyň netijeleri barada “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda geçirilen Teswirnama gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar. 

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we YÖB-niň ýolbaşçylaryna işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ilerlediljekdigine ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýerden Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline geldi we Mekgäniň demirgazyk tarapynda, 430 kilometr uzaklykda ýerleşýän Medinä tarap ugur aldy. 

Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen Liderini resmi adamlar garşyladylar. Iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menziliniň uçuş meýdançasynda hormat garawuly nyzama düzüldi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Medine şäheriniň gubernatory Şazada Faýsal bin Salman Al Saud hem-de Saud Arabystanynyň beýleki ýokary wezipeli wekilleri mähirli mübärekleýärler. 

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni howa menzilinden Muhammet Pygamberiň metjidine tarap ugraýar. 

Mälim bolşy ýaly, Medine musulmanlar üçin mukaddes şäher bolup durýar: bu ýerde Muhammet Pygamber ýaşap geçipdir we jaýlanypdyr. Yslam dinini esaslandyran Muhammet Pygamber we onuň tarapdarlary Mekgeden gitmäge mejbur bolup, 622-nji ýylda Ýasrib oazisine, häzirki al-Medine al-Nabi şäherine barýarlar. Bu ýeriň ady terjime edilende, “Allanyň iki dünýä wekiliniň şäheri” diýmegi ýa-da gysgaça Medine diýmegi aňladýar. Bu gadymy şäherde Pygamber özüniň köp sanly täze egindeşlerini tapdy, sekiz ýyl geçenden soň, olar bilen bilelikde Mekgä ýeňiş bilen gaýdyp geldi. 

Şeýlelikde, Medine adamzat taryhynda ilkinji gezek musulman döwletiniň paýtagtyna hem-de özboluşly ojagyna öwrüldi. Şol ýerden yslam bütin dünýä ýaýrap, özbaşdak diniň häsiýetine eýe boldy. Musulman däpleriniň musulman gündogarynyň meşhur şäherlerine özboluşly deňeşdirmeleri bermegi tötänden däldir: Mekge  “al-mukarrama”, “umm al-kura” (“abadan Mekge”, “şäherleriň enesi”), Medine “al-munawwara” bolsa terjime edilende, “nurana Medine” diýmegi aňladýar. Her ýyl bu uly şähere dünýäniň ähli künjeklerinden zyýaratçylaryň milliondan gowragy gelýär. 

Medine yslam taryhynyň köp sanly ajaýyplyklaryny özünde aýawly saklaýar, ýöne Muhammediň Metjidi (Masjid an-Nabawi) onuň dürdänesi bolup durýar. Bu ýerde Pygamber jaýlanypdyr. 10 sany sazlaşykly minaradan ybarat bolan, bişen kerpiçden gurlan bu metjit ajaýyplygy bilen haýran galdyryp, musulman binagärliginiň gaýtalanmajak nusgasynyň şan-şöhratyna eýe boldy. Metjidiň mermer bilen örtülen poluna inçelik bilen dokalan halylar düşelipdir. Bu aramgähiň daşky diwarlary hem-de gapylary älemgoşaryň ähli reňkleriniň öwüşginindäki syrçaly keramiki plitalar bilen örtülipdir, içki bezegde bolsa Gurhanyň süreleriniň täsin we haýran galdyryjy ýazgylary altyn reňkde öwşün atýar. Bu ýere gelýänleriň her biri “As-salam was-salat…” (Allanyň nazary düşen Pygamber, beýik öňdengörüji, saňa parahatçylyk barada doga-dileg edýäris) diýen sözleri aýtmalydyr. Muhammediň müdimilik aram tapan ýeri metjidiň Ýaşyl gümmeziniň  Pygamberiň Gümmeziniň aşagynda ýerleşýär. Keramatly aramgähiň golaýynda ilkinji üç arap halyfynyň Abu-Bekriň, Omaryň we Osmanyň mazarlary hem bar. 

Musulman dünýäsinde Mekge bilen Medinäni tapawutlandyrmaýarlar, çünki, ähmiýeti babatda yslamyň bu iki mukaddesligi deňdir. Bu ýere haj parzyny ýerine ýetirenleriň her biri ýaşaýşyň syrlaryna göz ýetiren, Allanyň nazary düşen adam, beýleki dindarlar üçin ruhy halypa hasaplanylýar. Zyýaratçylaryň bu mukaddes ýerleriň birbada ikisine baryp görmek mümkinçiligi örän seýrekdir. Döwlet Baştutanymyzyň şu zyýaratyna türkmen Liderine, onuň üsti bilen Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistana we ähli türkmen halkyna aýratyn hormat-sarpanyň nyşany hökmünde baha bermek bolar. Hatda Hadysda hem şeýle diýilýär: “Käbeden soň, Muhammet Pygamberiň metjidinde okalan namaz beýleki namazlardan müň esse güýçlüdir”. 

Bu ýerde belent mertebeli myhmany ruhy ulama Mustafa al Araby we beýleki resmi adamlar garşylaýarlar. 

Musulman mukaddesligine  Muhammet Pygamberiň metjidine hormat-sarpanyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýanyndaky wekiliýetiň agzalary bilen namaz okaýarlar. 

Hormatly Prezidentimiz Muhammet Pygamberiň müdimilik aram tapan ýerine ýüzlenip, eziz Watanymyzyň baky abadançylygyny, türkmen halkynyň parahatçylygyny we rowaçlygyny Beýik Biribardan dileg edýär. 

Döwlet Baştutanymyz her bir musulman üçin mukaddes ýerlere baryp göreninden soňra, özüne garaşýan awtoulaga münýär we Medine şäheriniň Şazada Muhammet bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline tarap ugraýar. 

Bu ýerden hormatly Prezidentimiziň uçary türkmen paýtagtyna tarap ugur alýar. 

Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň ilçisi işläp başlady.

syrach

Pakistanyň Premýer-Ministriniň Türkmenistana Resmi Sapary Tamamlandy

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany