8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiziň Yslamabada Sapary Tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy.

Türkmen Lideri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, düýn, 16-njy martda Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi. Türkmenistanyň Baştutany türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň gatnaşmagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleriň kesgitlenendigini aýdyp, ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisine uly ähmiýet berilýär.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitjekdigi şübhesizdir. Şol ylalaşyklar bolsa gol çekilen resminamalaryň  uly toplumy bilen berkidildi. 

Iki ýurduň daşary syýasat, maliýe we nebitgaz edaralarynyň derejesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmekden başga-da, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, iki ýurduň ýokary okuw   mekdepleriniň hem-de ylmy edaralarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary ýola goýmaga täze kuwwatly itergi berildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistanyň Prezidenti Mamnun Huseýn we dostlukly ýurduň Milli Mejlisiniň başlygy Sardar Aýaz Sadik bilen bolan duşuşyklarynda hem döwletara gatnaşyklarynyň kuwwaty hem-de ondan netijeli peýdalanmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Pakistanyň bu meselä uly üns beren esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hormatly Prezidentimiziň saparynyň ägirt uly ähmiýetini bellediler. Hususan-da, ýurduň iri neşiri “Pakistan Observer” şu gün türkmen-pakistan gepleşikleriniň netijelerine hem-de milli ykdysadyýetleriň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şeýle hem yklymyň sebitleriniň arasynda köpugurly söwda gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan uly möçberli we köp sahypaly makala bilen çykdy.  

Yslamabatda geçirilen gepleşiklerde ulag-aragatnaşyk ulgamy has işjeňleşýän hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. 

Milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň pakistanly kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda hem bu mesele barada pikir alşyldy. Hususan-da, 16-17-nji martda Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň wekilleriniň hem-de Pakistanyň Portlar we gämiçilik ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Şonda Gündogar-Günbatar ugry boýunça gatnawlarda ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly halkara ulag ulgamyny ösdürmekde Karaçi, Kasim, Gwadar portlarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.  Munuň özi ýurdumyza ummana hem-de giň möçberli Günorta Aziýa bazaryna çykalgany üpjün eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň halkara ykdysady hem-de daşary söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ýük daşalyşynyň möçberleriniň artdyrylmagyny şertlendirýär. Şol ýükleri daşamakda ýurdumyzyň hereket edýän hem-de çalt depginler bilen döredilýän iri ulag ulgamlarynyň orny yzygiderli ýokarlanýar. Bu ulag ulgamlary diňe bir Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş yklymda hem uly ähmiýete eýedir. 

Şu gün multimodal ulag gatnawlarynyň birleşdirilen ulgamyny döretmek meseleleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz we  Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bu ýurduň iň meşhur dag şypahanalarynyň birine Yslamabatdan, takmynan, 50 kilometrlikde ýerleşýän Mari  etrabyna baryp gördüler. Bu ýerde, Pakistanyň Premýer-ministriniň kabulhanasynda Pakistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmek boýunça geljegi uly taslamalaryň tanyşdyrylyşy boldy. Şunda özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi hem-de öz çäginde tutuş Ýewraziýa sebiti üçin ulag-üstaşyr kommunikasiýalaryň logistiki merkezlerini çalt döretmegiň hasabyna hem-de sebitara ulag geçelgelerini döretmek meselelerinde BMG-niň derejesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  oňyn başlangyçlary öňe sürmegi netijesinde Türkmenistan möhüm orun eýeleýär. 

Pakistan tarapynyň türkmen döwletiniň Baştutanynyň geostrategiki başlangyçlaryny we giň möçberli geljegi uly meýilnamalaryny goldamagy babatda Pakistanyň Milli awtoýollar guramasynyň başlygy Şahid Aşraf Tarar ykdysady nukdaýnazardan has amatly ýerüsti ulag kommunikasiýalarynyň taslamalaryny hödürledi. Bu kommunikasiýalaryň gatnaw ýollarynyň beýleki görnüşleri bilen birleşdirilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan goşulyşmagyna ýardam eder. 

Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaş ýurtlar üçin Aziýa sebitinden Ýakyn Gündogara, Ýewropa hem-de yzyna söwda ýollaryň has oňaýly şertlerde ýola goýulmagy üçin Pakistanyň portlary arkaly Hindi ummanyna çykmak üçin bar bolan ulag gatnawlar ulgamyny täze ýollary, hususan-da, awtoulag ýollaryny çekmegiň hasabyna giňeltmegiň esasy ugurlaryna garaldy. 

Şu maksatlar bilen, pakistanly hünärmenler tarapyndan esasy ýollaryň dört ugry işlenip taýýarlanylýar. Olar Karaçi we Gwadar portlaryny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrar. Bu ulag geçelgeleriniň ikisi guryýer arkaly Pakistany we Türkmenistany birikdirer. 

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ugrunda ýokary tizlikli ýollary, geljekde bolsa demir ýollary gurmak taslamasy hem aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu gaz geçirijisi iri gazulag ulgamy hökmünde tutuş sebit üçin ulgam dörediji ugur bolup hyzmat eder. 

Pakistanyň Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň arasyndaky ulag ulgamyndaky aragatnaşyklaryna gyzyklanmasy birnäçe sebäpler bilen baglydyr. Olaryň hatarynda, ilkinji nobatda, ykdysady sebäbi bellemelidiris. Pakistanyň senagat taýdan okgunly ösmegi energiýa  serişdeleriniň sarp edilişiniň artmagyny, şol serişdeleriň ygtybarly hem-de bökdençsiz gelip gowuşmagyna islegleriň ýokarlanmagyny şertlendirýär. 

Bilermenleriň hasaplamalaryna görä,  ýakyn geljekde Pakistan energiýa serişdeleriniň esasy bölegini daşary ýurtlardan almaly bolar. Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň hökümetiniň tutuş  ykdysady syýasatynyň özeni dünýäniň esasy gaz döwletleriniň biri hem-de elektroenergiýany iri iberiji hökmünde Türkmenistan bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen bagly bolar. 

Şol bir wagtyň özünde Pakistan öz harytlarynyň eksportunyň çägini giňeltmäge umyt edýär. Olaryň hatarynda maşyn enjamlaryny, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, sport trenažýorlaryny, gönden öndürilen önümleri hem-de beýlekiler bar. Munuň özi bolsa ösen ulag düzüminiň ýola goýulmagyny talap edýär. 

Bu babatda 2007-nji ýylda Arap deňziniň kenarynda, Pars aýlagynyň golaýynda açylan Gwadar portuna uly ähmiýet berilýär. onuň möhüm sebitleriň  nebite we gaza baý Ýakyn we Orta Gündogaryň, Merkezi Aziýanyň we Günorta Aziýanyň hem-de Hytaýyň sarp edijilik bazarlarynyň çatrygynda ýerleşmegi Aziýadan Ýewropanyň ýurtlaryna ýük daşalmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. 

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan üçin hem Gwadar porty Günorta ��” Gündogar Aziýanyň bazarlaryna has oňaýly ýol bilen çykalga, Pakistanyň çäginiň üsti bilen mineral, oba hojalyk we beýleki önümleriň eksportuny artdyrmak boýunça täze mümkinçilikler bolup durýar.   

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi Owganystanda  parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, dini ekstremizme we halkara terrorçylygyna, ýaryglaryň we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly meselelerini çözmäge oňyn täsirini ýetirer. TOPH gaz geçirijisi hem şeýle strategiki taslamalaryň biri bolmalydyr. 

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmegi netijesinde Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şol başlangyçlar bolsa ählumumy ykrarnama eýe bolýar hem-de sebit we dünýä möçberinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär. 

Häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan ugur almak bilen, Türkmenistan ulag ulgamynda halkara bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürmegiň konsepsiýasyny işläp taýýarlady. Onuň esasy maksady dünýä giňişliginde bu ulgamda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ylmy taýdan esaslandyrylan we has netijeli ýollaryny ilerletmekden, halkara ulag-üstaşyr gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan degişli şertleriň toplumyny döretmekden ybaratdyr. 

Bu meýilnamalary amala aşyrmakda demir ýol ulagyna möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pudagyň ösdürilmegine ägirt uly üns bermegi demir ýol ulagynyň  köp ugurly hem-de has ygtybarly bolmagy, gatnawlaryň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagynda ýükleriň ähli görnüşlerini daşamaga ukyplylygy hem-de Türkmenistany iri logistiki merkeze öwürmek üçin çäk mümkinçilikleriniň bolmagy bilen şertlendirilendir. Bu logistiki merkez bolsa Ýewropa-Aziýa gatnawlarynyň esasy ýollaryny özüne birleşdirip biler. 

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky halkara ulag gatnawlarynyň möhüm bölegi bolmalydyr. 

Strategiki hyzmatdaşlar we goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryň däp bolan ileri tutulýan ugurlaryndan başga-da, Türkmenistan häzirki döwürden Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Pars aýlagynyň ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini içgin öwrenýär. Hakykatdan hem, bu sebit halkara gatnaşyklarynyň tutuş ulgamy üçin uly ähmiýete eýedir. Bu ýerde dünýä derejesindäki köp meseleleri çözmäge täsir edýän şertler jemlenendir. Türkmenistan hem dünýä derejesindäki ähmiýetli işlere işjeň gatnaşyjy hökmünde deňagramly, durnukly ösüşiň esasynda halkara gatnaşyklaryň täze arhitekturasyny döretmäge saldamly goşant goşmaga çalyşýar. “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilmegi muny ýene-de bir gezek tassyklaýar. 

Bu polat ýol ýükleriň Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara has oňaýly hem-de ykdysady taýdan amatly daşalmagyny üpjün etmelidir. Onuň işe girizilmegi “Gündogar-Günbatar” ulag ulgamy, ýagny ýurdumyzyň we Hazaryň üstünden geçýän transmilli Hytaý-Orta Aziýa-Kawkaz-Ýewropa ugry bilen birleşmek mümkinçiligini nazara almak babatda hem uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde beýan eden halkara başlangyçlary häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilendir.  Hususan-da, gürrüň BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek baradaky ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak barda barýar. Şol maksatnamada Hazar we Gara deňizleriň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň öwrenilmegi göz öňünde  tutulmalydyr. 

Häzirki döwürde Türkmenistan ulag-logistika hyzmatlarynyň teklibi bilen dünýä bazaryna çykýar. Bu teklip örän wajypdyr hem-de oňa uly isleg bildirilýär. Golaýda işe girizilen halkara gatnawy  Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça synag otlusy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ykdysady taýdan örän amatly bu ugruň ulanylmagy diňe bir ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmän, eýsem, sebitde söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegini höweslendirer. Munuň özi bolsa, ilkinji nobatda, ulag çykdajylarynyň azalmagynyň we degişlilikde harytlaryň bahasynyň peselmeginiň netijesinde yklymara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin hem oňaýly şert döreder, tutuş dünýä söwdasynyň ösmegine, ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyna oňyn täsir eder. 

Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz porty hem Türkmenistanyň sebitiň eksport import logistiki ulgamyna saldamly goşandy bolar. Multimodal logopark howa, awtomobil we demir ýol ulaglary bilen getirilen ýükleri saklamak hem-de olary işläp geçmek boýunça hyzmatlaryň toplumyny amala aşyrar, olaryň suw ulagyna ýüklenilmegini üpjün eder. 

Aşgabadyň täze döwrebap Halkara howa menzili hem yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr merkezleriň biri bolar. Bularyň ählisi Türkmenistanda amala aşyrylýan, tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan taslamalaryň diňe bir bölegidir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ulag ulgamyny ösdürmek babatda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen oňyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, Türkiýä çykmak arkaly Merkezi Aziýa üçin Modal Şosseni döretmek teklibini öňe sürdi. 

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek babatda uly ähmiýete eýe bolan Merkezi Aziýadan  günbatar ulag geçelgesini döretmekde Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) maksatnamasyna işjeň gatnaşyjy hökmünde çykyş edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan “Orta Aziýa  Ýakyn Gündogar” (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) täze ulag geçelgesiniň taslamasy beýleki bir aýdyň mysal bolup hyzmat edýär. Goňşy ýurtlar oňa gatnaşmak mümkinçiligi bilen bu taslama uly gyzyklanma bildirýärler. 

Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda  ýerleşmeginiň artykmaçlyklary ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag serişdelerinden has amatly peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  bu konsepsiýany öňe sürmek bilen, köp şahaly döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Şol syýasat bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge hem-de giň sebit we  halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun tarapyndan goldanylan başlangyjy netijesinde 2016-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça I Bütindünýä maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. 

2014-nji ýylda türkmen paýtagtynda halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr-ulag geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan ýokary derejeli Halkara maslahat geçirilipdi. Esasy halkara guramalarynyň wekillerini hem-de dünýäniň 33 ýurdundan wekiliýetleri jemlän bu forumy geçirmek pikiri türkmen döwletiniň Baştutanyna degişlidir. Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ulag-aragatnaşyk ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli oňyn başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. 

Aşgabat forumynyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine, şol sanda Türkmenistanyň hökümetiniň we Halkara awtoulag birleşiginiň arasynda Türkmenistanyň çägi arkaly Ýewraziýa awtoulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi. Mundan başga-da, biziň ýurdumyz 2013-nji ýylyň   fewralynda Ženewada kabul edilen bitewi demir ýol hukugyny döretmek boýunça Ýewraziýa demir ýol gatnawlaryny we işini ösdürmek hakyndaky Bilelikdäki jarnama hem-de Ýewraziýa ulag gatnawlarynyň ösüşiniň geljegi hakyndaky Bilelikdäki beýannama goşuldy. 

2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde  milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 

Munuň özi, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleriniň köpüsiniň, Ýewropa, Latyn Amerikasynyň hem-de Afrikanyň ýurtlarynyň  jemi 66 döwletiň, şol sanda Pakistanyň ýokarda agzalan resminamanyň awtordaşlary bolup çykyş etmegi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň wajypdygyny hem-de ählumumy ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Şeýlelikde, durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça I Bütindünýä maslahatynyň geçirilmeginiň wajypdygyny döwrüň özi subut etdi, çünki, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri hem-de dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynda durnuklylyga we deňagramlylyga gönüden-göni täsir edýän ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.   

…Tanyşdyryş çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Yslamabat şäheriniň Halkara howa menziline tarap  ugur aldy, türkmen Lideri özüni ugradan Pakistanyň Premýer-ministri bilen mähirli hoşlaşyp, şol ýerden Watanymyza ugrady. 

Birnäçe wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. 

*** 

Şu gün Yslamabadyň “Ramada” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Pakistanyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň  wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi. Iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen işewürler duşuşygynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam  Respublikasyna resmi saparyna gabatlanmagy oňa aýratyn öwüşgün berdi. 

Işewürler maslahatyna gatnaşyjylaryň arasynda Pakistanyň täjirçilik ministri Hurram Dastgir Han, nebit we tebigy serişdeler döwlet ministri Jamal Kamal Han, Maýa goýum palatasynyň başlygy Miftah Ismail, Söwdany ösdürmek boýunça agentligiň baş ýerine ýetiriji ýolbaşçysy S.M.Munir, Azyk howpsuzlygy boýunça ministrligiň wekili, Türkmenistanyň Karaçi şäherindäki hormatly wekili Muhammad Ýakub Tabani we beýlekiler, şeýle hem nebitgaz ulgamynda, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda, azyk senagatynda, gurluşykda, sportda, dokma senagatynda we oba hojalygynda hem-de beýlekilerle ýöriteleşýän firmalaryň hem-de iri kompaniýalaryň 70-e golaýynyň wekilleri bar. Pakistanly işewürleriň arasynda “Inter state gas systems (Private) limited” Milli gaz kompaniýasynyň baş direktory Mobin Saulat hem-de “Maknom” kompaniýalar toparynyň başlygy Hamid Mahmud Raj bar.          

Türkmen wekiliýetiniň düzümine durli ministlikleriň we pudak edaralarynyň  öwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ulgamynyň, saglygy goraýyş we derman senagatynyň, oba we suw hojalygynyň, senagat ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň. Söwda-senagat edarasynyň, Sport baradaky döwlet komitetiniň. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri girdi. 

Işewürler maslahatynyň işiniň öňüsyrasynda pakistanly gatnaşyjylar türkmen tarapyndan guralan sergi bilen tanyşdylar. Bu sergide ýurdumyzda öndürilýän önümler, şol sanda ýokary hilli dokma önümleri, ajaýyp halylar we haly önümleri, himiýa senagatynyň hem-de senagat toplumynyň eksport kuwwaty görkezildi. 

Pakistanyň täjirçilik ministri Hurram Dastgir Hanyň maslahata gatnaşyjylara ýüzlenmesinde belleýşi ýaly, bütin dünýäde, şol sanda Pakistanda hem Türkmen döwletiniň alyp barýan netijeli syýasatyna ýokary baha berýärler we doly goldaýarlar. Parahatçylyk söýüjilik hem-de giň hyzmatdaşlyk ýörelgeleri şol syýasatyň binýadynda goýlandyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki resmi saparynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu sapar soňky ýyllarda täze hil we kuwwatly depgin berlen türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň taryhynyda möhüm tapgyry alamatlandyrdy.  

Hurram Dastgir Han şu günki forumyň iki ýurduň giň ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge özara ymtylýandygynyň subutnamasydygyny belledi hem-de onuň çäklerinde täze işewür gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdi. Şol gatnaşyklar söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da üstünlikli ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň barşynda Pakistanyň işewür toparlarynyň wekillerine türkmen ykdysadyýetiniň barha artýan kuwwaty, soňky ýyllarda halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan ösüşlere beslenen özgertmeler barada, ýurdumyzda maýa goýmagyň hem-de işewürligi alyp barmagyň amatly şertleri, milli  hem-de halkara  ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy üçin açylýan täze mümkinçilikler barada maglumatlar berildi. 

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary we dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň, hususy telekeçiligi giňden goldamagyň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarydygyny bellediler. Sebitleri senagat taýdan depginli ösdürmegiň, ýurtda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup biljek hem-de daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmäge ilkinji nobatda üns berilýär. Şunda özara hormat goýmak hem-de bähbitlilik ýörelgelerinde gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. 

Forumyň çäklerinde görkezilen wideofilm Türkmenistanyň döwlet durmuşynyň dürli pudaklarynda gazanan üstünliklerini aýdyň görkezdi. Yzygiderli owadan şekillerde ykdysady ösüşi durmuş ösüşi bilen, senagat ösüşi ekologiýa aýawly garamak bilen, innowasiýanyň bolsa halkyň taryhy  medeni mirasynynyň goralyşy bilen baglanyşygy bolan ýurdumyzyň köptaraply aýdyň keşbi örboýuna galdy. 

Soňra maslahata gatnaşyjylar çykyş etdiler. Şol çykyşlarda netijeli döwletara özara hereketleri üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy hem-de ony ösdürmek boýunça ara alyp maslahatlaşmak üçin teklipler öňe sürüldi. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlaryna eýe bolup hem-de geosyýasy taýdan amatly ýerleşip, özüniň energetiki we üstaşyr-ulag mümkinçiligini netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen anyk çäreleri görýär. Munuň aýdyň mysallarynyň biri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, onuň gurulmagy diňe bir bu taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine hyzmat etmän, eýsem, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň kuwwatly şerti bolup çykyş etjekdigi babatda  aýratyn möhümdir. 

Iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek, maýa goýum babatda özara hereket etmek duşuşykda esasy gürruň edilen mesele boldy. Bu meseleler boýunça Söwdany ösdürmek boýunça agentligiň baş ýerine ýetiriji ýolbaşçysy S.M.Munir çykyş etdi. 

Bellenilişi ýaly, taraplaryň özara hereketleriniň anyk we uly netijeleri getirip biljek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ençeme pudaklary bar. Önümçilik ulgamynda döwlet düzümleri bilen kärhanalaryň arasynda göni işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler açylýar. Bu ykdysadyýetiň elektroenergetika, aragatnaşyk, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, azyk senagaty ýaly ýokary tehnologiki pudaklaryna maýa goýmakdyr. 

Dokma pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu pudaga taraplaryň ikisi hem aýratyn gyzyklanma bildirdiler. 

Pakistanly hyzmatdaşlaryň ykdysady mümkinçilikleri bilen Pakistan Yslam Respubliakasynyň söwda-senagat edaralarynyň federasiýasynyň başlygy Abdur Rauf Alam tanyşdyrdy. Ol ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň möhüm şerti hökmünde bu ýurduň pudaklarynyň hem-de senagat kärhanalarynyň bäsleşikli artykmaçlyklaryna ünsi çekdi. 

Duşuşgyň barşynda kiçi we orta işewürligiň derejesinde, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamynyň ösüş depginlerini nazarda tutup, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. 

Forumyň ahyrynda Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşiniň, şol sanda nebitgaz toplumynyň, gurluşyk we önümçilik ulgamynyň ösüşi barada gürrüň berýän ýene-de bir wideofilm görkezildi. 

Türkmenistanyň köpugurly kuwwatynyň wideotanyşdyrylyşy döwletimiziň eksport we maýa goýum syýasatynyň üstünlikleri, halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň gazananlary hem-de meýilnamalary senagat pudaklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylyşy, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalary we beýlekiler barada  gürrüň berdi. 

Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşi, şol sanda Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilişi barada hem durlup geçildi. Aýratyn hem ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheri boýunça özboluşly wideogezelenç pakistanly hyzmatdaşlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 
   
Işewür, netijeli häsiýetde geçen maslahatyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, döwlet hem-de hususy kompaniýalaryň wekilleriniň öz pakistanly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda täze şertnamalaryň çäklerinde özara hereket etmegiň meseleleri, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň mümkin bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Degişli makalalar

Azerbaýjan bilen Pakistan harby hyzmatdaşlyk eder.

syrach

Türkmenistanda Çehiýa Respublikasynyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Işe Başlady

Ýaşlar Syýasaty: Belent Ynam-Ýokary Jogapkärçilik