Ýurdumyzyň şäherlerinde we etraplarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk görmek giň gerim bilen dowam edýär. Her günde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär. Dalaşgärleri goldamak bilen bagly ýygnaklar hem Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan ähli çärereleriň däp bolşy ýaly, jemgyýetimize mahsus bolan demokratik ýörelgä laýyk gelýändigini aýdyň görkezýär.
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgäri goldamak bilen bagly nobatdaky ýygnak boldy. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetçilik birleşiginiň hem-de Awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşiginiň wekilleriniň suw hojalyk işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen bilelikdäki ýygnagynyň gün tertibinde ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bu birleşikleriň wekilleri tarapyndan öň hödürlenen ýurdumyzyň suw hojalyk ministri A.Ýazmyradowy gollamak meselesine garaldy.
Ýygnaga gatnaşyjylar A.Ýazmyradowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryldy, ol jogapkärli wezipäni eýelemek bilen, özüni tejribeli, guramaçy, oňat ýolbaşçy we ýokary hünärli işgär hökmünde görkezdi. A.Ýazmyradow pudagyň ýolbaşçysy wezipesinde ýurdumyzyň suw hojalygyny ösdürmäge goşan goşandy üçin döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Munuň özi çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, onuň öz işine wepalydygyny we oňat hojalygy ýöredijidigini şaýatlyk edýär. Şeýle hem döwletiň tebigaty goraýyş syýasatyny ösdürmekde onuň hyzmatlary bellenip geçildi. Onuň eserdeň we mähirli adam, oňat maşgalabaşy hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerine eýeriji hökmünde işgärleriň arasynda uly abraýy bar.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetçilik birleşiginiň hem-de Awçylar we balykçylar jemgyýetleriniň birleşiginiň wekilleriniň A.Ýazmyradowy Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige görkezmek hakyndaky çözgüdini goldadylar.
A.Ýazmyradowyň dalaşgärlige görkezilmegini goldamak bilen bagly ýygnak Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň häkimliginde hem boldy.
* * *
Şu gün ýurdumyzyň Binagärler birleşiginiň welaýat agzalarynyň we welaýatyň gurluşyk guramalarynyň wekilleriniň Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň Ruhnama merkezinde bolan ýygnagynda ýurdumyzyň Binagärler birleşiginiň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige görkezilen Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň başlygy E.Gaýybowy goldamak hakyndaky meselä garaldy.
Möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň çäklerinde geçirilýän ähli çäreler ýaly, bu ýygnak hem işjeňlik ýagdaýynda, açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçdi. Ýygnaga gatnaşanlar E.Gaýybowyň zähmet ýoly we şahsy häsiýetnamasy bilen tanyşdyryldy.
Çykyş edenler ony işgärleriň arasynda uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan, işe belet, abraýly ýolbaşçy, göreldeli maşgalabaşy hökmünde häsiýetlendirip, dalaşgäriň gurluşyk toplumyny ösdürmekde uly hyzmatynyň bardygyny aýtdylar. E.Gaýybowyň ýolbaşçylyk edýän birleşigi Amyderýa jülgesinde esasy gurluşyk kärhanasy bolup durýar, birleşigiň işgärleri gurluşyk-gurnama işleriniň depginlerini we hilini ep-esli ýokarlandyrmagy gazandylar. Diňe şu ýyl birleşigiň gurluşykçylary durmuş maksatly häzirki zaman desgalarynyň onlarçasyny – mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk öýlerini, ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ulanmaga berdiler. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär asyllylygy, eserdeň häsiýeti bilen tapawutlanýar.
Bu ýere ýygnananlar ýurdumyzyň Binagärler birleşiginiň agzalarynyň E.Gaýybowy Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige görkezmek hakyndaky çözgüdini goldadylar.
Daşoguz şäheriniň häkimliginde we Mary şäheriniň “Marygurluşyk” önümçilik birleşiginde hem E.Gaýybowyň dalaşgärlige görkezilmegini goldamak bilen bagly ýygnaklar boldy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm