13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ TEHNOLOGİÝA

Rafael Kompaniýasynyň Täze Hyýaly Kabinasy Söweşijilik Ukyby Artdyrar

Rafael kompaniýasynyň geljekdäki söweş tehnikalary üçin taýýarlan çözgüdi, iki sany topar agzasyna niýetlenendir. Tehnologiýa hakyky wagtda (real time) söweş meýdanynyň maglumatlaryny we artdyrylan hakykaty ulanyp, 360 gradus ýagdaýa görä tapawutlylyk emele getirýär. Deňi-taýy bolmadyk durnukly kabina konstruksiýasy bilen doly goragly ýapyk tehnikada harby gullukçylara wezipelerini hyýaly ýagdaýda nähili alyp barmalydyklaryny öwrenmäge mümkinçilik döredýär.

Bu tehnologiýa iň kämil emeli aň algoritmleri we maglumatlaryň birleşdirilmeginden peýdalanýar. Ulgam tehnika üçin iň amatly ýoly saýlaýar; tehnika ýolboýy özbaşdak sürülýär; tabşyrygyň meýilnamasyny düzýär; adatdan daşary ýagdaýlary ýüze çykarýar; anyklaýar we şol bir wagtda dolandyrýar. Kabinanyň sensorly ekranyny ýarag şekiline getirip, nyşanalary ýok edip bolýar. Topar agzalary haýsy hereketleri el bilen ýerine ýetirip boljakdygyny we haýsylarynyň awtomatiki ýagdaýda ýerine ýetirip biljekdigini anyklaýarlar.

Bu kabina söweş meýdanynyň maglumatlaryny hakyky wagtda, gije we gündiz, 360 gradus, hakykata golaý panoramiki görnüşe mümkinçilik berýän sensory özünde jemleýär. Seslendiriş sistemasy, sesli duýduryşlary we habarlary işjeň ýagdaýa getirýär.

Çeşme: Milli Goşun

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Futbol Çempionatynyň Kalendary

turkmenhabargullugy

«Zähmet» Bekedi Gazçylary Arassa Agyz Suwy Bilen Üpjün Edýär

Manisa şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan dabara

turkmenhabargullugy