Aşgabadyň sahnasynda Russiýaly sirk sungatynyň ussatlary uly üstünlik bilen çykyş edýärler. Her ýylda geçirilýän medeni alyş-çalyşyň çäklerinde “Rosgossirki” türkmen paýtagtynda myhmançylykda. Bu sapar meşhur artist we masgarabaz Ýuriý Nikuliniň ýagty ýadygärligine bagyşlanan programma türkmen tomaşaçylarynyň ünsüni özüne çeker.
Sirkiň sahnasynda tälim berlen haýwanlar, howa gimnastikaçylary, gözbagçylar, žonglýorlar we darbaz oýunçylary ýaly adaty sirk žanrlary hakyky kaleýdoskopa öwrüldi. Ýöne, olaryň arasynda “iň uly masgarabazyň” (onuň boýy 202 sm) Russiýanyň at gazanan artisti Wladimir Kamardiniň çykyşy esasy orny eýeledi. Monte-Karlodo geçirilýän iň abraýly dünýä sirk sungatynyň “Zolotoý kloun” (Altyn masgarabaz) baýragynyň eýesi Kamardin Meşhur Karandaşdan tälim aldy, Nikulin bilen bir sahnada işleşdi. Pantomimanyň uly ussady ululary we çagalary şadyýan oýunlara çekmek bilen, tomaşaçylary derrew özüne maýyl edýär.
Marina we Sergeý Gerasimowlaryň tälim berlen haýwanlary hem tomaşaçylary haýran galdyrdy. Tomaşaçylar haýwanlaryň agzybir toparynyň, aýynyň, şotland we venotopisint itleriniň, tilkiniň ýerine ýetiren oýunlaryny el çarpyşmalar bilen garşy aldylar Bu haýwanlar çylşyrymly akrobatiki sanlary, trapesiýada edilýän oýunlary hem-de päsgelçilikli ylgamalary haýran galdyryjy we ýeňillik bilen ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar ilkibaşda Sergeý Tarantiniň tälim beren krokodillerine, pitona-uly ýylana, düýeguşa, tawusa, ak kelleli dazzarkele hüşgärlik bilen sereden bolsalar-da, soň bu jandarlaryň çykyşlary olaryň ünsüni özüne çekdi.
Žonglýorlaryň halkara baýragynyň eýesi Georgiý Saryksýanyň uly hyjuwlylyk we adatdan daşary ýeňillik bilen elleri şlýapaly eden çykyşy hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Masgarabazlaryň örän uly tigirde ýerine ýetiren etýudlary we gülküli çykyşlary tomaşaçylara köp şatlyk paýlady. Olaryň “Ýeser öwrümler” diýlip atlandyrylan bu sanyna hatda zalda oturan tomaşaçylar hem gatnaşyp bildiler.