Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Rowana ak ýollar garaşýar bize» atly dabaraly maslahat geçirildi. Aýdym-saza, şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly maslahatda çykyş edenleriň hemmesi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döwlet berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen adyl syýasatynyň, beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmeleriniň eziz Watanymyzy şan-şöhrata besleýändigini nygtadylar. Bagtyýar, parahat, asuda, gülläp ösen ülkede Watan goragçylaryna döredip berýän mümkinçilikleri üçin ýürek hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary, halkara derejesinde öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirmek dogrusyndaky tagallalary üçin dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan çäksiz alkyş sözlerini beýan edýän Ýüzlenme kabul edildi.
milligosun.gov.tm