6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy.

“Aşgabat” sport toplumynda III milli spartakiadanyň dabaraly ýapylyşy boldy, onuň jemleýji tapgyry Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine gabat geldi.

Mälim bolşy ýaly, türgenleriň arasynda hem, işjeň dynç alşy söýýänleriň arasynda hem her ýyl şeýle ýaryşlary geçirmek başlangyjy bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge, milletiň saglygyna ägirt uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. “Türkmenistan—ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly şygar astynda başlangyç, umumybilim berýän orta, hünärment we ýokary okuw mekdepleriniň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň toparlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurt möçberinde her ýyl umumymilli ýaryşlary geçirmek baradaky milletiň Lideriniň çagyryşy köpçülikleýin sporty ösdürmekde täze joşgun döretdi hem-de zähmet toparlarynda we sport guramalarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň müňlerçesi tarapyndan goldanyldy. Şunda ýerlerde ýaryşlaryň guramaçylykly, ýokary göteriliş ýagdaýynda geçirilendigini belläp geçmek zerurdyr, bu babatda sport komitetleriniň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, häkimlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň uly hyzmaty bar.

Köpugurly “Aşgabat” sport toplumy spartakiadanyň jemleýji tapgyryna gatnaşanlary we köpsanly tomaşaçylary baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Futbol meýdançasynda spartakiadynyň jemleýji ýaryşlarynyň baýrakly orunlaryna mynasyp bolanlar özboluşly sport lybasyny geýnip hatara durlar, olara sport köşkleriniň we toplumlarynyň münberlerini dolduran janköýerler soňky hepdäniň dowamynda el çarpdylar. Baýramçylyga gatnaşyjylaryň ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary pasyrdaýar. Dürli reňkli şarlar, gül desseleri bar. Hemme ýerde şatlyk hem-de ruhubelentlik höküm sürýär.

Spartakiadynyň ýapylyş dabarasynyň başlanýandygyny aňladýan saz ýaňlanýar. Dabaraly sazyň astynda ýaş ýigitler we gyzlar owadan lybaslarda stadionyň ýaşyl meýdançasynda “Jan Watanym, Türkmenistan” diýen ýazgyny emele getirýärler. Alyp baryjy bu ýere ýygnananlary şu ýyl ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde giňden bellenip geçilen Bütindünýä saglyk güni bilen gutlaýar.

Soňra köpçülikleýin ýaryşlara—20 kilometr aralyga tigir sürmek ýaryşyna we talyplaryň 8 kilometr aralyga toparlaýyn ylgamak bäsleşigine badalga berildi. Şondan soňra ýaryşyň jemleri yglan edilýär.

Geçen ýylda bolşy ýaly, häzirki milli spartakiadanyň baýraklaryna mynasyp bolanlar alty ugurda kesgitlendi. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri sportuň 9 görnüşi—kiçi futbol, basketbol, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, milli göreş, tennis we küşt görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Umumybilim berýän mekdepleriň, orta hünärment mekdepleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň arasyndaky ýaryşlaryň maksatnamasy mese-mälim giňeldildi. Mekdep okuwçylary we orta hünärment okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlar degişlilikde sportuň 11 we 12 görnüşleri– düzzüm, şaşka, ýaglyga towusmak…, talyplar bolsa 20 görnüşi–göreş, boks, elpökgüsi, futbol, ok atmak we tigir sürmek… boýunça bäsleşdiler.

Spartakiadanyň kümüş medallaryna mynasyp bolan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we bürünç medallaryna mynasyp bolan Döwlet serhet gullugynyň wekillerinden üstün çykan Içeri işler ministrliginiň wekilleri harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýygyndy toparlarynyň arasynda bassyr üçünji ýyl spartakiadanyň çempionlary boldular.

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň toparlarynyň ýaryşynda baş baýraga ýene-de Bilim ministrliginiň ýygyndy topary mynasyp boldy. Soňraky orunlary Gurluşyk ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň toparlary eýelediler.

Umumybilim berýän mekdepleriň toparlarynyň arasynda umumy toparlaýyn hasapda indi ikinji ýyl Lebap welaýatynyň ýygyndy topary birinjiligi eýeledi. 2-nji we 3-nji orunlara degişlilikde Aşgabat şäheriniň we Mary welaýatynyň mekdep okuwçylary mynasyp boldular.

Ýörite hünärment okuw mekdepleriniň arasynda birinji orna Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Aşgabatdaky orta hünärment mekdebi, ikinji orna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň başlangyç hünärment mekdebi we üçünji orna bolsa Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Aşgabatdaky orta hünärment mekdebi eýe boldy.

Ýokary okuw mekdepleriň toparlarynyň arasynda umumy toparlaýyn ýaryşlarda çaklanylyşy ýaly, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary ýeňiş gazandylar. Olardan soň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň we Türkmen politehniki institutynyň wekilleri gelýär.

Ýaryşyň soňky görnüşinde, ýagny welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň umumy toparlaýyn bäsleşiginde paýtagtymyzyň türgenleri eýýäm bassyr üçünji ýyl öňdeligi eýeläp gelýärler. Hormat münberiniň ikinji we üçünji basgançaklaryna degişlilikde Lebap we Mary welaýatlarynyň türgenleri çykdylar.

Şowhunly el çarpyşmalar astynda spartakiadanyň ähli ýeňijilerine medallar, kuboklar, diplomlar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Sylaglamak dabarasy tamamlanandan soň, sport meýdançasynda ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň we sport mekdepleriniň okuwçylarynyň aýdym-sazly, sport baýramçylyk çykyşlary bu ýere gelenleriň ruhuny göterdi.

Baýramçylyk “Arkadagyma şöhrat!” diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi. Aýdymyň sözlerini üçünji milli spartakiada gatnaşyjylar we köp sanly janköýerler alyp göterdiler.

* * *

Bütindünýä saglyk gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde küşt-şaşka ýaryşy geçirildi.

Şu günler tutuş ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň ýaýbaňlanan günlerinde türkmen telekeçileri hem sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz edýärler. Olar Saglyk ýoluna köpçülikleýin yzygiderli çykýarlar, her gün önümçilik maşklaryny we dürli ýaryşlary geçirýärler.

Küşt-şaşka ýaryşy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Ony Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Türkmenistanyň Milli küşt merkeziniň wekilleri guramaga kömek etdiler. Ýaryşlara toparlaryň 24-si gatnaşdy.

Küşt ýaryşlarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň

ýygyndy topary ýeňiş gazandy. Bu garaşylýan netije boldy, sebäbi bu topara küşt boýunça milli zenanlar ýygyndysynyň agzasy, FIDE-niň ussady Aýkamar Mälikkulyýewa we sport ussatlygyna dalaşgär Alty Rejebow girdiler. Ikinji we üçünji orunlary gurluşyk guramalarynyň toparlary eýeledi.

Şaşka ýaryşynyň jemleýji tapgyry örän gyzykly boldy. Bäsleşikleriň ikisiniň barşynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we “Aýbölek” mebel fabriginiň toparlarynyň arasynda deňme-deň hasap bellige alyndy. Netijede, goşmaça oýunlary geçirmeli boldy, olar birinji toparyň peýdasyna tamamlandy. Onuň düzüminde Halbagt Reýimowa (Türkmenistanyň Milli küşt merkeziniň başlygy) we Kakajan Çaryýew bar. Üçünji orny bolsa Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Nepis şekiller” jemgyýetçilik kärhanasy eýeledi.

Ýeňijiler gymmatly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

* * *

Mälim bolşy ýaly, 7-nji aprelde ýurdumyzda köp sanly sport çärelerini öz içine alan Bütindünýä saglyk güni dabaraly bellendi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşan çäreleri, şol sanda “Aşgabat” stadionynyň ýanyndaky ýolda geçirilen awtomobil ýaryşy ildeşlerimiz üçin has täsirli we ýatda galýan çäreler boldy.

Şol wakalaryň özünde galdyran täsirleri barada Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça milli merkeziniň başlygy Gulmyrat Agamyradow şeýle gürrüň berdi:

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtomobil sürmek boýunça Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan ýaryşa gatnaşmagy bizde ýatdan çykmajak ýakymly duýgular galdyrdy. Çünki biz milletiň Lideri bilen bile çykyş etmegiň belent hormatyna mynasyp bolduk. Milletiň Lideri awtomobili dolandyrmagyň ýokary hünär ussatlygyny görkezip, bu ýaryşda ynamly ýeňiş gazandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň alada etmegi netijesinde 2009-njy ýylda biziň ýurdumyzda Awtomobil sporty boýunça milli merkez döredildi. Şol pursatdan başlap hem sportuň bu görnüşini ösdürmegiň taryhynda täze sahypa açyldy, bu ugurda eýýäm üstünlikler gazanyldy.

2009-njy ýylda milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça “Ýüpek ýoly” ralli –ýaryşy guraldy, şonda türkmen toparlary hem uly üstünlikli çykyş etdiler. Men şol ýaryşa gatnaşdym, ýolsuz ugur boýunça ýaryşyň iň çylşyrymly görnüşleriniň birine ilkinji gezek gatnaşýandyklaryna garamazdan, biziň türgenlerimiziň örän mynasyp çykyş edendiklerini aýdyp bilerin.

2011-nji ýylda awtomobil ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň türkmen topary Moskwadan Soçä çenli geçirilen “Ýüpek ýoly–2011” ralli–ýaryşynda çykyş etdiler. Sürüjiler Ş.Gurbanowyň we A.Musaýewiň dolandyrmagynda “Nissan Patrol” jip awtomobilinde çykyş eden biziň toparymyzyň çylşyrymly synaglara hötde gelip, T-2,1 toparynda baýrakly orny eýeländigi guwançlydyr.

Biziň awtomobil sürüjilerimiz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, tejribe toplaýarlar, şunuň netijesinde öz öňlerinde täze has ýokary maksatlary goýýarlar. Biz Moskwadan Gelenjige çenli aralyga geçiriljek “Ýüpek ýoly-2012” ralli-ýaryşyna gatnaşmagy göz öňünde tutýarys. Biziň türgenlerimiz Garagumuň çägeliklerinde yzygiderli türgenleşik geçirip, bu bäsleşige ykjam taýýarlyk görýärler. Şol ýerde jip awtomobilinde ýolsuz ýerden ulag sürmegiň tälimlerini özleşdirýärler.

Döwlet Baştutanynyň bize “Volkicar”, “Bugatti Veyron”, “Mitsubishi”, “Renault” kysymly täze häzirki zaman sport awtomobilleriniň 16-syny sowgat bermegi her birimizde çäksiz ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen awtomobil sportunyň drift ýaly meşhur görnüşiniň ösüp başlaýandygy aýratyn guwançlydyr. Munuň özi ýaryşyň örän özüne çekiji we çylşyrymly görnüşidir, şonda awtomobil dolandyrylan mahaly öwrümleri uly tizlikde geçýär. Drift boýunça ýaryşlary geçirmek üçin “Aşgabat” stadionynyň golaýynda ýöriteleşdirilen ýaryş ýoly çekildi, şol ýolda hormatly Prezidentimiz drift boýunça ýaryşda ynamly ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmagyň bähbidine ussatlygyň täze belentliklerine ýetmek üçin biziň ählimize görelde görkezdi.

Biziň ýakyn meýilnamalarymyzda awtomobil ýaryşlarynyň dürli görnüşlerini mundan beýläk-de özleşdirmek we kämilleşdirmek bar. Munuň üçin ýurdumyzda ähli zerur şertler bar, çünki ýurdumyzyň awtomobil ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň ygtyýarynda indi ýörite ýol we hormatly Prezidentimiziň bize sowgat beren, drift ýaryşlaryny geçirmek üçin enjamlaşdyrylan “Volkicar” awtomobili bar.

Häzir biziň öňümizde türgenlerim awtomobil sporty boýunça halkara ýaryşlaryna has köpräk gatnaşyklaryny gazanmak wezipesi durýar. Türkmen ýigitleriniň awtomobil sportuny ösdürmek hakynda milletiň Lideriniň edýän aladasyny ödemek üçin güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna we halkara ýaryşlarynda mynasyp netijeler gazanmak bilen jogap berjekdiklerine ynandyrýaryn.

* * *

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça birinji milli ýaryşy hem ählihalk baýramçylygynyň ajaýyp sport wakalarynyň biri boldy. “Bürgüt” we “Şir” toparlarynyň arasyndaky taryhy bäsleşik tamamlanandan soň bu duşuşyga gatnaşyjylar özlerinde galan täsirler barada gürrüň berdiler. Olaryň biri—“Bürgüt” toparynyň kapitany Arslan Baýramkuliýew.

-Ilki bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirýärin. Sportuň ösüşinde möhüm tapgyr bolan bu hokkeý ýaryşy döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça geçirildi. Milli Liderimiz şahsy göreldesi bilen ähli watandaşlarymyzy sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi ündeýär. Bu diňe ýaşlaryň arasynda däl-de, eýsem, ähli raýatlarymyzyň arasynda hem uly seslenmä eýe bolýar.

Türkmenistanda hokkeýi ösdürmek zerurlyk we örän möhüm iş bolup durýar. Çünki sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmak tutanýerlilik, jogapkärçilik ýaly häsiýetleri terbiýeleýär, janypkeş we gaýduwsyz bolmagy öwredýär. Bu häsiýetleri biz özümizde köp babatda hokkeý ýaryşlarynda tapladyk, netijede, bu bize ýaryşyň baş baýragyny eýelemäge kömek etdi. Ýeňiş Kubogyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gowşurmagy bolsa biz üçin aýratyn şanly waka boldy.

Şular ýaly hokkeý ýaryşlarynyň ýygy-ýygydan geçirilmegini isleýärsiň. Sebäbi Aziýa sebitinde heniz ýeterlik derejede ýaýramadyk sportuň bu görnüşi hemişe uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem ýaş, başarjaň türgenleriň hatarynyň mydama üsti ýetirilip durar.

Hormatly Prezidentimiziň Kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşyň iň oňat oýunçylarynyň biri-de “Bürgüt” toparyndan hokkeý toplarynyň altysyny derwezä salan Ahmet Gurbanowdyr, ol ýaryşyň iň netijeli hüjümçileriniň biri boldy. Şol hokkeý toplarynyň dördüsi aýgytlaýjy duşuşykda derwezä uruldy.

-Jemleýji ýaryşda ýeterlik derejede ynamly ýeňiş gazanandygymyza garamazdan, bize “Şir” toparyndan üstün çykmak ýeňil bolmady. Dogrusy, biz ilkibaşda yzda galýan topar bolduk. Ýöne garşydaşlarymyz bilen başlangyç duşuşygymyzda bolşy ýaly, jemleýji ýaryşda hem biz tälimçileriň görkezmelerine gyşarnyksyz eýermek bilen öz güýçlerimizi bir ýere jemlemegi başardyk we 4:3 hasabynda ýeňiş gazandyk. Biz ýaryşa Russiýanyň “Ak bars” çagalar hokkeý mekdebiniň halypalary L.Wildanowyň we A.Guşşiniň ýolbaşçylygynda taýýarlyk görüp, ýeterlik tejribe topladyk, şol tejribäni eýýäm ýakyn wagtlarda ýaryşlarda görkezip bileris. Biz toparymyzyň hokkeýçileriniň Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherine gitmegi meýilleşdirilýär. Şol ýerde Ýewropada güýçli toparlaryň biri hasaplanýan Russiýanyň ýokarda agzalan sport toparynda tejribe toplamagy dowam etdireris. Munuň özi türkmen hokkeý mekdebini yzygiderli ösdürmäge oňat itergi berer hem-de biziň Watanymyzyň dünýä derejesinde sport döwleti hökmünde ykrar edilmegine goşant goşar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň hokkeý boýunça birinji çempionaty.

syrach

Jennet Geldibaýewa dzýudo boýunça kümüş medaly almagy başardy.

syrach

Türkmen sportunyň derejesi ýylsaýyn ýokarlanýar.

syrach