Russiýa bilen Hytaý, Günbatarly ýurtlar tarapyndan taýarlanan Siriýa bilen baglanşykly karar taslamasyny BMG-nyñ Howpsuzlyk geñeşinde weto etdi.
Howpsuzlyk geñeşinde geçirlen sese goýulşykda 9 agza taslama goldaw berdi. Brazilýa, Hindistan we Liwan bilen Günorta Afrika bolsa ses bermekden saklandy. Russiýa bilen Hytaý bolsa taslama “garşy” ses berdi we taslamany weto etdi.
Fransiýa, Britanýa, Germaniýa we Portugalýa tarapyndan taýarlanan taslama, Howpsuzlyk geñeşine biraz ýumşadylyp we Siriýa gyssagly ýagdaýda sanksiýa goýulmagy baradaky frazanyñ çykarylmagy bilen hödürlendi.
Russiýa bilen Hytaý taslama üýtgetme girizilendigine garamazdan garşy ses berdi.
Russiýanyñ Howpsuzlyk geñeşindäki baş ilçisi Ýewropa toparynyñ Siriýa krizisinde alyp barýan syýasatyny tanky etdi we “krizisiñ parahatçylygy goldaýan ulgamlar bilen çözülmegine garşy çykýarlar” diýdi.
Baş ilçi taslamany Siriýa hem Liwiýada bolşy ýaly harby taýdan garşylyk görkezilmegine sebäp boljakdygy üçin alada bildirýändiklerini we weto edendiklerini nygtady we Siriýanyñ hökümetinden hem reformalaryñ depginini güýçlendirmegini isledi.
Hytaýyñ baş ilçisi bolsa “Siriýanyñ içerki işlerine goşulşylmagyna garşydyrys” diýdi.
ABŞ-nyñ baş ilçisi bolsa taslamanyñ weto edilmeginiñ “arzuw hyýallaryny puja çykarandyklaryny ýatladyp: “Howpsuzlyk geñeşi jogapkärçiliklerini ýerine ýetirýänçä tagalla etmäge dowam ederis” diýip belledi.
Weto edilen taslama 30 güniñ içinde oppozisiýonerlere garşy aşa güýç ulanmakdan ýüz öwürmedik we reformalary durmuşa geçirmän halatynda Siriýanyñ hökümetine garşy sanksiýa goýulmagyny göz öñünde tutýardy.
referans: www.trtturkmen.com