5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SAGLYK

Sagdyn Iýmit-Sagdyn Ýaşaýşyň Şerti

Hormatly Prezidentimiz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Bu giň gerimli işler geljegimiz bolan ýaşlaryň sagdyn bedenli we ruhubelent bolup ýetişmekleri baradaky aladalar bilen berk baglanyşyklydyr.
Ýakynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ilatyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň durnukly öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça degişli döwlet we milli maksatnamalaryň, Birleşen Milletler Guramasynyň Müňýyllygyň Ösüş Maksatlarynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maksatnamalarynyň hem-de bu guramanyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň «Saglyk — 2020» syýasatynyň we «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynyň» esasynda bellenen çäreleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň ýakynda «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» hakynda Karara gol çekmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Kabul edilen resminamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakdan we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça birnäçe Milli maksatnamalar we strategiýalar kabul edildi. Olardan Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasyny, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny, Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamasyny görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyçlaryny dowam etmek maksady bilen kabul edilen täze maksatnama hem olaryň üstüni ýetirýär.
Sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly serişdesi bolup durýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, adamyň saglygynyň 60-70 göterimi onuň iýmitine we şahsy durmuş düzgünlerine, ýagny özüne bagly bolup durýar. Ýokanç däl keseller, şol sanda semizlik, onuň bilen bagly ýürek-damar, süýjüli diabet, dowamly öýken keselleri we täze döremeler ýa-da witaminleriň, beýleki ýokumly maddalaryň ýetmezçiligi iýmitlenmegiň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly bolýar.
Soňky onýyllykda ýokanç däl keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça ýurdumyzyň mümkinçiliklerini giňeltmekde köp işler amala aşyryldy. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, biziň ýurdumyzda duzuň ählumumy ýodlaşdyrylmagy gazanyldy we degişli halkara güwänama alyndy, ýokumy demir we foliý turşusy bilen güýçlendirilen unuň önümçiligi ýola goýuldy we degişlilikde ýod ýetmezçiligi we ganazlyk keselleriniň durnukly öňi alyndy. Şeýle hem bu ugurda gözegçilik, ylmy-barlag işleri yzygiderli geçirilýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi iýmit önümlerini doly düzümleýin öwrenmek maksady bilen döredildi. Bu merkez dünýäde bäsleşige ukyply merkez bolup, sebitde deňi-taýy bolmadyk kämil innowasion enjamlar bilen üpjün edilen ýeke-täk merkezdir. Onuň barlaghanalarynda iýmit önümlerini gen-molekulýar derejede öwrenmäge mümkinçilikler bar. Merkeziň işläp başlan döwründen bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, halkara bilermenleriň gatnaşmaklary bilen ol ýerde geçirilýän çäreleriň netijeleri örän guwandyryjydyr. Bu ýerde döwletimizde öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän iýmit önümleriniň, azyklyk çig mallaryň doly düzümi öwrenilýär. Onuň netijesinde bolsa ýurdumyzda öndürilýän süýji, köke önümlerinde, alkogolsyz içgilerde şekeriň, çörek we çörek önümlerinde nahar duzunyň mukdaryny peseltmek boýunça degişli işler geçirilýär we barlaghananyň kömegi bilen gözegçilik işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagy üçin mekdep ýaşyna çenli çagalaryň we okuwçylaryň iýmitlenişi gözegçilikde saklanyp, olaryň iýmitleriniň köpdürlüligi, dürli witaminlere baý bolan gök önümler, gyzgyn nahar bilen üpjün edilişi, kadaly iýmitlenişiniň gün tertibi berk gözegçilikde saklanýar. Ýurdumyzyň saglyk öýleriniň lukmanlary, maşgala lukmanlary hem dogry iýmitlenmegi yzygiderli wagyz-nesihat edýärler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklamak hakynda» Kararyna laýyklykda, uniwersitetimizde täze Iýmit gigiýenasy kafedrasy döredildi. Ol sagdyn iýmitlenmek boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlygyny has-da kämilleşdirmäge, jemgyýetçilik saglygynyň meselelerini giňden çözmäge ýardam berýär.
Merdana, zähmetsöýer halkymyzyň saglygy ugrunda arman-ýadaman zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Çeşme: metbugat.com

Degişli makalalar

Gündogar Sebitiň Taryhy-Medeni Mirasy Alymlaryň Ünsüni Özüne Çekýär

Hazaryň Kenarýaka Zolagynyň Ýataklary Işlenilýär

Hormatly Prezidentimiz Paýtagtymyzy we Welaýatlary Ösdürmek Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi