Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan Sagdynlyk we bagtyýarlyk atly biraýlyk giň gerime eýe bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň köpsanlysyny dürli sport, bedenterbiýe hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere çekýär. Şu gün Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Awtoulag merkezinde sporty söýýänler, saglygyna sarpa goýýanlar hem-de sport ussatlygynyň belentliklerine ymtylýanlar üçin belli aýdymçylaryň we sazandalaryň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti guraldy. Çäräniň maksatnamasyna türgenleriň görkezme çykyşlary hem girdi.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly başlangyçlary netijesinde türkmen jemgyýetinde beden, ahlak we ruhy sagdynlygyň üznüksizligi kemala geldi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň adamlary jebisleşdirip, zyýanly endiklere garşy göreşmäge we türkmenistanlylaryň, ozaly bilen ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi üçin amatly şertleri döretmäge ýardam edýändigini ynamly aýtmak bolar. Milletiň beden we ruhy sagdynlygy hakynda alada Garaşsyz Bitarap, Türkmenistanyň Döwlet adam üçindir! diýen esasy ýörelgesini durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işleriň möhüm bölegidir.
Konsertde ajaýyp sport çykyşlary bilen utgaşan watançylyk aýdymlary, sporta, ene topragymyza, söýgä hem-de ylhama bagyşlanan estrada aýdymlarydyr sazlary ýaňlanyp, gözelligiň we sagdynlygyň özboluşly senasyna öwrüldi.
Döredijilik baýramçylygy işjeňlik, ruhubelentlik, sporta höwes, durnuklylyk we ýeňşe bolan erk ýaly häsiýetleri terbiýeleýän sportuň her bir adam üçin näderejede möhümdigini aýdyň görkezdi.