Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, ilkinji gezek Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi giňden we ozal görülip-eşidilmedik derejede ýaýbaňlandyryldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu ählihalk sport çäresi özboluşly many-mazmuna eýe boldy, çünki adam, onuň saglygy we abadançylygy baradaky alada milletiň Lideri tarapyndan döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň hataryna goşuldy.
Döwlet Baştutany sagdyn durmuş ýörelgesiniň yhlasly tarapdary bolup, ony wagyz etmek arkaly, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen bagly meselelere içgin üns berýär hem-de şu ugurda anyk, yzygiderli çäreleri amala aşyrýar. Ýurdumyzda 2012-nyj ýylyň 2-8-nji aprelini Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi diýip yglan etmek baradaky Karar muňa aýdyň mysal bolup biler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde şu hepdeligiň başlanmagy bilen, ähli ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda hem-de eýeçiligiň haýsy görnüşlerine degişlidigine garamazdan, hemme kärhanalarda her günde üznüksiz önümçilikde işleýänlerden başga ähli işgärleriň gatnaşmagynda bedenterbiýe bilen meşgul bolunmalydygyny aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutany sagdyn durmuş ýörelgesini giňden we yzygiderli ýagdaýda wagyz etmegiň, türkmenistanlylary bedenterbiýe bilen her günde meşgul bolmaga uýgunlaşdyrmagyň hem-de bedenterbiýäniň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülmelidigini aýtdy.
Milletiň Lideriniň tutuş hepdäni bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak arkaly geçirmek baradaky çagyryşyna seslenip, Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça medeni-köpçülikleýin we sport çärelerinden, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlardan ybarat bolan uly maksatnamany taýýarladylar.
Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Ozal habar berlişi ýaly, Sagdynylk we bagtyýarlyk hepdeligine bagyşlanan sport çäreleri paýtagtymyzda düýn maşgalalaryň toparlarynyň arasynda köpçülikleýin ýaryşlaryň guralmagy bilen başlandy. “Sagdyn maşgala – kuwwatly döwlet” diýen at bilen geçirilen bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan guraldy. Şu gün bolsa ýurdumyzyň dürli sport desgalarynda başga-da birnäçe gyzykly ýaryşlar geçirildi.
Paýtagtymyzdaky Milli Olimpiýa sport köşgünde 2003-2007-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň buzuň üstünde typmak boýunça ýaryşy geçirildi. Türkmenistanly ýaşlaryň arasynda sportuň gyşky görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen geçirilýän ýaryş Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan guraldy.
Ýurdumyzda buzuň üstünde typmak bilen meşgul bolnup ugralaly bäri köp wagt geçenok. Muňa garamazdan, ýaşlaryň eýýam ýüzlerçesi sportuň bu görnüşi bilen işjeň meşgullanýar, olar Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň Aşgabatdaky sport mekdebinde tejribeli halypalardan tälim alýarlar.
Galyberse-de, geçen ýylda paýtagtymyzda ikinji “Buzly köşk” — Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy açyldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guruldy. Türkmenistanyň Baştutany öz karary bilen, bu toplumy Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň garamygyna geçirdi, şonuň binýadynda ýaş olimpiýaçylary taýýarlamak boýunça mekdep açylar. Munuň özi buzda typmak boýunça sport bölümlerine has köp türgenleriň goşulmagyna hem-de milli we şäher derejesindäki ähli ýaryşlarda bäsleşigiň güýçlenmegine ýardam berer.
Milletiň Lideriniň şol kararyna laýyklykda, köpugurly “Aşgabat” stadiony, Olimpiýa suw-sport toplumy, “Köpetdag” sport toplumy ýaly birnäçe iri sport desgalary Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň garamagyna geçirildi. Munuň özi ýaş türkmenistanlylara ýokary netijeli sporta ussatlyk derejesinde uýgunlaşmaga hem-de milli sport hereketiniň ähli ugurlary, şol sanda sportuň buzda typmak ýaly görnüşi boýunça ösüşiň täze, has ýokary derejesine ýetmäge mümkinçilik berer.
Sport elementlerniň toplumlaryny görkezmek boýunça buz üstünde typýanlaryň iki topary çykyş etdi: oglanlaryn arasynda E.Annadurdyýew, gyzlaryň arasynda bolsa N.Annadurdyýewa altyn medala eýe boldular. Saza görä tans etmek boýunça diňe gyzlar çykyş etdiler. Ýaşy boýunça kiçi toparda A.Uspenskaýa, uly ýaşlylaryň arasynda A.Ekäýewa birinjiligi eýelemegi başardylar.
Günüň birinji ýarymynda paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde küştçi gelin-gyzlaryň baýramçylyk duşuşygy geçirildi, ol Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guraldy. Oňa bu intellektual oýnuň dürli ýaşdaky muşdaklarynyň 100-si gatnaşdy. Oýunlar tamamlanandan soňra halkara derejeli grossmeýster Mähri Geldiýewa bir bada 10 küşt tagtasynda ýaş küştçüler bilen bäsleşdi.
Günüň ikinji ýarymynda küşt boýunça ýaryş Merkezi küşt klubunda dowam etdi, şu gün bu ýerde Türkmenistanyň ýokary ligasynda çykyş edýän erkekleriň arsayndaky ýaryş başlandy. Öňdeligi eýelemek ugrunda birinji ligadaky ýaryşyň barşynda tapawutlanan küştçüleriň 14-si bäsleşýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ýaryşa gatnaşýan iň ýaş küştçi Saparmyrat Atabaýew 12 ýaşyndadyr, ýaşuly küştçi Amanmyrat Kakageldiýew bolsa 63 ýaşyndadyr.
Ýaryşyň birinji gününiň netijeleri boýunça halkara derejeli grossmeýster Hanjar Ödäýew we FIDE-niň ussady Azat Sylabow ilkinji ýeňişleri gazandylar. Beýleki bäş döw deňme-deň tamamlandy. Ýaryşyň netijeleri boýunça Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşmak üçin milli ýygyndy topar düzüler, bu olimpiýada 27-nji awgustdan başlap, 10-njy sentýabr aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriler.
Şu gün türkmen paýtagtynda tigir sürmek boýunça ýurdumyzda öňdeligi eýelemek ugrundaky ýaryş başlandy. Oňa Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde tälim alýanlardan ybarat bolan iki topar, Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň we Daşoguz welaýatynyň türgenlerinden düzülen toparlar gatnaşýarlar. Ýaryş Köpetdag şaýolunyň ugrunda geçirilýär. Ýaryşyň birinji gününde 7 kilometr aralykda özbaşdak bäsleşik guraldy. Şonda Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinden Sapar Serdarow bu aralygy 11 minut 30 sekuntda geçip üstün çykdy. Indiki günlerde 60,70,90 km aralykda toparlaryň arasyndaky ýaryşyň, şeýle hem 25 km aralykda özbaşlak bäsleşigiň ýeňijileri belli bolar.
Şol gün sport – baýramçylyk hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde “Bagtyýarlygyň, sagdynlygyň ýurdy—jan Watanym Türkmenistan!” atly maslahatlar başlandy, bular 6-jy aprele çenli dowam etdiriler. Çykyşlarda dabara gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen oňyn syýasaty we onuň ähmiýeti beýan edilýär. Häzirki wagtda milletiň Lideriniň ýaş nesil barada içgin alada etmegi netijesinde ýaş ýigitlere we gyzlara täzeden gurlan we ähli oňaýly şertler döredilen ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini, ylmy ukyplaryny we döredijilik ussatlyklaryny artdyrmak üçin amatly mümkinçilik döredildi.
Sport boýunça hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda binalaryň döwrebap toplumynda täze jaý toýuny tutar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýokary okuw mekdebinde sport žurnalistleri hem taýýarlanylyp ugraldy, ýakyn geljekde bolsa bu okuw jaýynda “Sport çärelerini guramak” kafedrasyny açmak göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda söweşjeňlik sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryny üstünlikli guramak we geçirmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
* * *
Daşoguz welaýaty. Şu gün bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp geçirilýän sport hepdeliginiň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň boks boýunça açyk ýaryşy başlandy. Oňa Daşoguz we Köneürgenç şäherleriniň, Boldumsaz we Gubadag etraplarynyň toparlary gatnaşýarlar. Bu ýaryş demirgazyk welaýatyň täze gurlan has uly sport desgalarynyň birinde – on müň tomasy üçin niýetlenen stadionly täze sport toplumynyň üsti ýapyk zalynda ýerleşýän boks meýdançasynda guraldy. Ýaryşlaryň 18 sany agramlyk derejeleri boýunça geçirilmegi bu bäsleşikleriň köpçülikleýin häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär, galyberse-de, türgenleriň arasynda ýurdumyz boýunça geçirilen ýaryşda üstün çykanlar we baýrakly orunlary eýelänler, dürli halkara ýaryşlaryna gatnaşanlar bar.
2020-nji ýyla çenli döwürde özgertmeler boýunça Milli maksatnamanyň çäklerinde welaýatda ajaýyp sport desgalarynyň birnäçesiniň gurulmagy welaýatda boksuň, şeýle hem bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň has giňden wagyz edilmegine badalga berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda ýaşlaryň müňlersesi sportuň dürli görnüşleri we sagaldyş bedenterbiýesi bilen meşgullanýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Daşoguz welaýatynyň ähli şäherlerinde we etraplarynda stadionly täze sport toplumlary we sport mekdepleri guruldy, welaýatda bularyň gurluşygy işjeň ýagdaýda dowam etdirilýär. Sport desgalarynyň şunuň ýaly güýçli depginler bilen gurulmagy döwletiň milletiň saglygy barada içgin alada edýändigini, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi hem-de adamlaryň sport we bedenterbiýe – sagaldyş hereketine köpçülikleýin we işjeň ýagdaýda gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge çalyşýandygyny aýdyň görkezýär.
* * *
Lebap welaýaty. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň ilkinji gününde Türkmenabat şäheriniň döwrebap 1-nji sport mekdebiniň sport zallarynda köpçülikleýin sport ýaryşlary guraldy.
Lebap welaýatynyň dürli şäherlerinden we etraplaryndan maşgalalaryň 20-den gowrak toparlary “Sagdyn maşgala – kuwwatly döwlet” atly milli maksatnamanyň çäklerinde guralýan ýaryşlarda sport boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Ene-atalardan we çagalardan düzülen maşgala toparlary sportuň dürli görnüşleri boýuna öňdeligi eýelemek ugrunda bäsleşdiler. Şol mekdebiň sport toplumynda mekdep okuwçylarynyň bäsleşigi guraldy, bular oýun görnüşinde geçirildi hem-de oňa gatnaşanlar ýeňil atletika, dürli maşklar, top oýnamak we beýlekiler boýunça öz ukyplaryny görkezdiler.
Tutuş welaýat boýunça şu çäräniň esasy maksady sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden we ilaty, aýaratyn-da ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmaga uýgunlaşdyrmakdan ybaratdyr, bu çäre Lebap welaýatynyň häkimligi, welaýatdaky sport, bilim, medeniet, saglygy goraýyş boýunça müdirlikler we beýlekiler tarapyndan guraldy.
Gündogar welaýatyň ähli kärhanalarynda, guramalarynda, edaralarynda sportuň milli görnüşleri, woleýbol, küşt, şaşka, tennis we sportuň beýleki görnüşleri boýunça spartakiada başlandy. Galyberse-de, şu günden başlap, welaýatda işgärlerden ybarat toparlarda 15 minutlyk önümçilik gimnastikasy geçirilip ugraldy.
* * *
Mary welaýaty. Şu gün Mary welaýatynyň 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenen stadionyna Murgap jülgesindäki ähli şäherlerden we etraplardan türgenleriň müňlerçesi ýygnandy.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlan bu stadion uly sport şäherjigi bolup durýar, ol birnäçe desgalardan, hususan-da, gimnastika, boks, göreş we türgenleşik üçin niýetlenen zallardan, tennis, basketbol we woleýbol oýnalýan meýdançalardan ybaratdyr. Şeýle hem kiçi futbol üçin meýdançalar, suwa düşülýän üsti ýapyk howuz bar. Futbol meýdançasynda suwuň akdyrylmagy üçin ýörite zeýkeş ulgamy ýerleşýär, bu meýdançanyň daş-töwereginde ýeňil atletikaçylaryň ýaryşlaryny geçirmek üçin 8 hatarly ylgaw ýodalary bar. Alyp baryjynyň ýeri hem-de sport toplumynyň ähli gulluklaryny dolandyryş nokady göwnejaý enjamlaşdyrylypdyr. Ýeri gelende aýtsak, stadiona 8 sany girelge arkaly barmak bolýar, munuň özi tomaşaçylar üçin örän amatlydyr.
Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu ýerde başlanan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligine bagyşlanan dabaralara ýaş türgenler hem gatnaşdylar, olar özleriniň ezberligini we ussatlygyny görkezdiler. Bu şanly waka mynasybetli aýdym-saz we tans toparlary hem döredijilik sowgadyny taýynlap, täsirli çykyş etdiler.
Stadionyň meýdançalarynda, üsti ýapyk zallarda welaýatyň ähli künjeklerinden gelen türgenler sportuň dürli görnüşleri – ýeňil atletika, göreş, agyrlyk daşlaryny götermek we beýlekiler boýunça bäsleşdiler.
Ýeňijileriň ählisine hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýaryşlara gatnaşyjylar köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty Türkmenistanyň milletiniň saglygynyň berkidilmegine, ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan ata Watanymyzda beden taýdan berk we ruhubelent ýaş nesliň terbiýelenip ýetişdirilmegini döwlet syýasatynda ileri tutulýan wajyp ähmiýetli ugurlaryň biri diýip yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar.
* * *
Balkan welaýaty. Tutuş ýurdumyzda Sagdynlyk we bagtyýarlygk hepdeliginiň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde Awaza zolagyndaky 1-nji ýaşaýyş mikroraýonynyň bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda sport baýramçylygy başlandy.
Bu şypahanaly şäherde basketbol, el bilen pökgi oýnamak we boks boýunça görkezme bäsleşikler geçirildi. Toparlaýyn oýunlara mekdep okuwçylary we Türkmenbaşy şäheriniň sport komitetiniň sport mekdebinde terbiýelenýänler gatnaşdylar. Şol gün Türkmenbaşy şäheriniň sport mekdebiniň gandbolçy zenanlary Aşgabatda el bilen pökgi oýnamak boýunça Türkmenistanyň çempionatynda paýtagtyň toparyndan 12:8 hasabynda üstün çykmagy başardylar.
Çeper gimnastika boýunça Türkmenistanyň çempionaty hem geçirilýän wagtyna görä bu ýaryşa gabat geldi, şol gün Türkmenbaşy şäheriniň ýaş gyzlary ýurdumyzyň tanymal gimnastikaçylary bilen ýaryşyp, baýrakly orunlary eýelemek ugrunda bäsleşdiler.
Sagdynlyk bilen bagly çäräniň çäklerinde deňziň ýakasynda ýerleşýän şäheriň kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda köpçülikleýin sport bäsleşikleri we hemmeler üçin hökmany bolup durýan önümçilik gimnastikasy guraldy. Ýöne, esasy sport bäsleşikleri hepdeligiň dowamynda Awazadaky arenalarda we sport desgalarynda geçiriler. Şähere degişli sport maksatnamasynyň çäklerinde sportuň milli görnüşleri we beýlekiler boýunça bäsleşikler guralar. Olara şäheriň işgärler toparlarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, ýylylyk-elektrik merkeziniň, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we beýleki senagat kärhanalarynyň sport jemgyýetleriniň başlangyçlary boýunça birnäçe günüň dowamynda kiçi futbol, basketbol we woleýbol boýunça ýaryşlar guralar. 4-nji aprelde şäheriň ýaşlar guramasynyň we sport komitetiniň başlangyjy boýunça ýylylyk-elektrik merkezinde baýdarkalarda we kanoede sport ýaryşlary geçiriler.
Sport-sagaldyş hepdeligi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sport ýörişi, sprinterlik ylgawy, uzynlygyna bökmek we päsgelçilikli ylgamak boýunça ýaryşlardan ybarat bolan ýeňil atletika spartakiadasy bilen jemlener.
* * *
Şeýlelikde, sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi ýaňy başlyndy. Geljekde dürli derejedäki köp sanly ýaryşlar guralar, şol ýaryşlaryň barşynda ýurdumyzyň sport desgalarynda ruhubelent türgenler gyzykly ýaryşlara gatnaşmak arkaly öz ezberligini görkezerler. Ertir “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş toplumynda sambo boýunça Türkmenistanyň açyk ýaryşy geçiriler, Aşgabat şäheriniň “Medeni we sport” merkezinde bolsa, çeper we sport gimnastikasy boýunça gyzlaryň görkezme çykyşlary guralar.
Şol günüň ertesi hokkeý boýunça ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ilkinji ýaryşyň açylyş dabarasy bolup, ol sport bilen bagly esasy waka öwrüler. Bu ýaryşyň deslapky bölümi 4-nji we 5-nji aprelde Milli Olimpiýa sport köşgünde, jemleýji oýun bolsa 7-nji aprelde Gyşky oýunlar boýunça sport toplumynyň buzly meýdançasynda geçiriler.
Dördünji aprelde “Abadan” stadionynda Türkmenistanyň futbol boýunça naýbaşy kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçiriler, şonda häzirki çempion “Balkan” (Balkanabat) we ýurdumyzyň kubogyna mynasyp bolan HTTU (Aşgabat) duşuşar.
Şol gün paýtagtymyzdaky “Galkynyş bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda hem-de Balkanabat şäherinde sport-sagaldyş toplumynda gylyçlaşmak boýunça birinjiligi almak ugrunda bäsleşikler geçiriler, Türkmenbaşydaky, Türkmenabatdaky, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky we Aşgabadyň Gurtly kölündäki suw-sport binýatlarynda baýdarkalarda we kanoede suwda küreklemek boýunça köpçülikleýin ýaryşlar geçiriler.
Bäşinji aprelde Arçabil jlügesindäki Köpetdagyň belent gerişleri alpinistleriň daga dyrmaşýan ýeri bolar. Şol gün “Köpetdag” sport toplumynyň kiçi sport meýdançasynda ýurdumyzyň kärhanalarynyň we guramalarynyň ýaş işgärleriniň arasnyda “Biz kuwwatly döwletiň sagdyn nesilleri” ady bilen köpçülikleýin bäsleşikler geçiriler. Paýtagtymyzdaky “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda dürli sport mekdepleriniň wekilleri görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirler, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň sport toplumynda sebitiň milli göreş boýunça iň güýçli pälwanlary kesgitleniler.
Sportuň bu görnüşi boýunça geçirilýän bäsleşikler ertesi gün paýtagtymyzdaky “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda dowam eder. Onda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary birinjilik ugrunda bäsleşerler. “Köpetdag” stadionynda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň XIII milli sport oýunlarynyň Aşgabat tapgyry geiriler. Olimpiýa suw sport toplumynda bolsa Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň türgenleri görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirerler.
Ýurdumyzda ýedinji aprelde giňden belleniljek Bütindünýä saglyk gününde Saglyk ýoluna guraljak ýöriş we Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky hokkeý ýaryşynyň jemleýji bäsleşigi baýramçylyk hepdesiniň jemini jemlýär. Şol gün Maryda hem şanly wakalaryň biri bolar. Ol ýerde dabaraly ýagdaýda 1500 orunlyk täze sport desgasy ulanmaga berler.
Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli teatrlarynda teatrlaşdyrylan dabaralar geçiriler, “Türkmenistan “, “Watan” kinokonsert merkezlerinde bolsa sungat ussatlarynyň çykyşlary bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýürdy” ady bilen geçirilýän III Umumymilli spartakiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak hem-de sport hepdeliginiň ýapylyş dabarasy baýramçylyk çäreleriniň jemini jemlär.
referans: www.turkmenistan.gov.tm