Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparynyň birinji mejlisi geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, bu düzüm 2015-nji ýylda tassyk edilen täze “Saglyk” döwlet maksatnamasyny, ony 2015-2017-njy ýyllarda durmuşa geçirmek boýunça Milli maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara kadalaryna laýyk derejede mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda döredildi. Toparyň işi bir bitewi öňüni alyş ulgamyny döretmäge, saglygy goraýşyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmäge, raýatlaryň saglygyny goramak ulgamyndaky çäreleri utgaşdyrmaga, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, şeýle hem köpugurly pudagara toparynyň saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Saglygy goraýyş boýunça köpugurly pudagara toparyň mejlisine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar bu toparyň Düzgünnamasy we düzümi, onuň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Mejlisiň gün tertibine Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn toparyň 2016-njy ýyl üçin iş meýilnamasy girizildi. Onda giň çäreler toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem pudagyň iş topary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen taýýarlanan “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şu maksat bilen 2016-njy ýyl üçin pudaklaýyn iş meýilnamany hem-de beýleki guramaçylyk işlerini işläp taýýarlamak we tassyklamak üçin döredildi.
Şeýle hem ýokarda agzalan meýilnamada maşgala lukmanlaryň, lukmançylyk hyzmatlarynyň we ilaty dermanlyk serişdeler bilen üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, ulgamyň okuw we gollanma işini ösdürmek, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça birnäçe çäreler göz öňünde tutulýar. Bir söz bilen aýdylanda, toparyň utgaşdyryş işiniň çäklerine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleri we milletimizi beden taýdan sagdyn belent ruhly edip terbiýelemek işleri girýär.
Mejlise gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, “Milletiň saglygy ýurduň baýlygy” şygary baş ýörelge edinmek bilen, döwletimiz saglygy goraýyş ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösmegine möhüm ähmiýet berýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli çärelerde uzak ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden we bu pudaga ägirt uly döwlet goldawyny gönükdirýän hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän uly ornuň degişlidigini bellemeli. Ilatyň saglyk derejesiniň ýokarlanmagyna, saglygy goramak babatda adamlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreleriniň ulgamyny has netijeli peýdalanmagy ugur edinýän döwlet syýasatyny işläp taýýarlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň iş tejribesine saglygy goraýyş meseleleriniň giň hem-de netijeli çemeleşmelerini iş ýüzünde durmuşa geçirdi. Onuň esasynda bolsa adam mümkinçilikleriniň ösdürilmeginde uly geljegi bolan strategik binýat bar. Şu maksatlaryň durmuşa geçirilmegine Saglygy goraýyş baradaky köpugurly pudagara toparynyň işi uly goşant bolar.
öňki habar
soňky habar