5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SAGLYK SPORT

Saglygy Goraýyş, Sport, Syýahatçylyk

Saglygy Goraýyş, Sport, Syýahatçylyk

Saglyk we raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri hakyndaky alada diňe bir döwlet maksatnamalarynda, Türkmenistanyň Kanunlarynda, lukmançylyk edaralarynyň, sport desgalarynyň giň möçberli gurluşygynda we şypahana, dynç alyş ulgamynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynda, adamlaryň ruhy we medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ekologiýa taýdan ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hut şu ýörelgeler we gymmatlyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasyny düzýär.

Ýurdumyzda ilatyň sagdynlygyny üpjün etmek, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek, syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek halkara gatnaşyklarynyň üsti bilen amal edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm üç strategik ugry Türkmenistan üçin wajyp hasaplanylýan “Aziada—2017-niň” taslamasynda bir bütewi görnüşi emele getirdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň Bitarap ýurdumyz üçin has-da ähmiýetlidigini belläp, bu oýunlaryň ilatyň bedenterbiýe hem-de sort bilen köpçülikleýin meşgullanmagy berk bedenli ýaş nesilleriň terbiýelenmegi we ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanmagy üçin zerur şertleri üpjün etjekdigini nygtaýar. Aziada milli sporty dünýä derejesine çykarmakda möhüm orun eýeleýär. Hut şonuň üçin hem bu ugurda alnyp barylýan işleri milli däp-dessurlar we myhmansöýerlik ýörelgeleriniň biziň günlerimize ýetip gelen derejesiniň esasynda guramalydyr.

2016-njy ýyl üçin saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk babatdaky teswirlemäni has ähmiýetli wakalardan başlamak ýerlikli bolar.

5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 500 günlük dabaraly atly ýörişe badalga berdi. Ol Türkmenistanyň ähli sebitlerinden geçip, Aziada—2017-niň açylýan gününde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda tamamlanar. Bu waka bilen birlikde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanjak senesiniň sanawy ýola goýuldy.

Dabaraly çäre 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawuna girizilen we ady rowaýata öwrülen Parfiýa galasy bolan “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda geçirildi. Indi on ýyllyklaryň dowamynda bu taryhy ýadygärlik diňe bir dünýäniň alymlarynyň däl, eýsem, köp sanly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Geçen ýylyň maý aýynyň başlarynda Türkmenistana daşary ýurtly myhmanlaryň ýüzlerçesi, şol sanda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baştutany şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah, Aziýa Olimpiýa Geňeşine agza ýurtlaryň, daşary ýurtlaryň iri habar beriş serişdeleriniň birnäçesiniň wekilleri geldi.

Gadymy galanyň ýanynda gurnalan sahnalaşdyrylan çykyşlarda dabaranyň taryhy pursatlary janlandy. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, atly ýörişiň halkymyzyň baý medeni, milli mirasynyň, däp-dessurlarynyň we häzirki döwürde ýeten derejesiniň hem-de gazanan üstünlikleriniň aýdyň nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Bu ýerden Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny we oýunlaryň alawuny göterip, 17 atly ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça dabaraly ýörişe rowana boldular. Atlylar her welaýatda 100 gün bolup, onuň taryhy-medeni ýadygärliklerine we ajaýyp ýerlerine baryp görýärler. Dabaraly atly ýörişiň geçişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän telegepleşikler we makalalar taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy döwletimizi dünýäniň ýokary ykdysady görkezijileri we ilatyň aňrybaş abadançylygy bolan kuwwatly ýurtlaryň hataryna çykarmak baradaky wezipeleri goýýar. Şu maksat bilen amala aşyrylýan çäreler döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny baş baýlyk hasaplaýan saglygy goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň esasyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki zaman tehnologiýalaryny, täze ylmy açyşlary, tutuş dünýäde keselleriň görnüşleriniň üýtgemegini nazara almak bilen, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak baradaky başlangyçlar oňyn işläp taýýarlamalaryň we täzeçil usullaryň esasynda saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşini şertlendirdi.

2016-njy ýylda gurlup, ulanmaga berlen saglygy goraýyş desgalarynyň döwrebap derejede enjamlaşdyrylyşy we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde iri bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz ýakasyndaky syýahatçylyk zolagynda “Awaza” döwrebap şypahananyň we Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Awazada gurulmagy meýilleşdirilen täze şypahana birbada 200 adamy kabul eder. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediljek ýöriteleşdirilen bölümler bejeriş-dikeldiş hyzmatlarynyň giň ugurlaryna, dürli keselleri, şol sanda dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket ugurlarynyň, nerw ýürek-damar ulgamlarynyň näsazlyklaryny anyklamaga niýetlenendir.

Şypahanada fizioterapiýa, bejeriş bedenterbiýesi, rentgen, ultra ses barlaglary, elektrokardiografiýa, elektroterapiýa, bejeriş owkalama otaglary, kliniki barlaghana we beýlekiler hereket eder.

Dikeldiş merkeziniň birinji gatynda çagalar we ulular üçin howzy bolan gidroterapiýa bölümi, deňiz we mineraly suwy bolan wannaly otag, parafin, ozokerit, bejeriş ähmiýeti bolan palçyk hem-de Mollagara kölünden getirilen dermanlyk palçyk bilen bejeriş ýola goýlar. Daýanç-hereket ugurlarynda näsazlygy bolan näsaglar, şikesli ýa-da opeasiýa geçiren näsaglar üçin howza girmek we ondan çykmak üçin ýöriteleşdirilen gurallar göz öňünde tutuldy. Olar üçin ýaşaýyş otaglary, bejeriş gimnastikasy bolan zallar degişli derejede enjamlaşdyrylar.

Taslamada saunasy we galoterapiýa otagy bolan SPA –salonlary göz öňünde tutuldy. Otagyň içine ýörite köpgatly duz örtügi düşeler. Bu usul ýerasty duzly gowaklaryň şertlerine laýyk gelýän mikrohowany döretmäge esaslanýar.

Şypahanada howa bejerişi, balneofizoterapiýa, iňňe refleksoterapiýa bilen bir hatarda, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler ulanylýan fitoterapitýa usulyna aýratyn ähmiýet berler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler” atly düýpli ylmy işinde köp ýüzýyllyklaryň dowamynda milli tejribede işjeň peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary beýan edilýär.

Mundan başga-da, näsaglaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin tennis, bilýard oýunlaryna niýetlenen sport zallary, çagalar üçin sport zaly bar. Toplumyň çäginde açyk howuz, çaýhana, futbol, basketbol we tennis oýnamaga niýetlenen sport meýdançalary ýerleşer. Şypahanany 2018-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirildi.

Şeýle hem Awazada köpugurly sport toplumynyň gurulýandygyny bellemeli. Onuň düzüminde sport oýunlary üçin arena, ýüzülýän howuzlar, şol sanda dürli beýikliklerden bökmäge niýetlenen enjamlar, başa-baş söweş üçin niýetlenen aýratyn bina, hokkeý we buzda figuralaýyn typmak üçin meýdança hem-de 2500 orunlyk tomaşa münberleri bolan iki gatly Buzly köşk bolar.

Täze hassahana barada aýdylanda bolsa, onuň düzümine iç keselleri bölümi, hirurgiýa, akuşer, ginekologiýa, çaga hirurgiýasy, trawmotologiýa, urologiýa, kardiologiýa, onkologiýa, ýiti zäherlenme we gemodializ ýaly ugurlar girer. Mundan başga-da, bu ýerde fizioterapiýa, funksional anyklaýyş, tiz kömek, gan banky, barlaghana, kislorod gurnamasy we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Türkmenabatda 836 orunlyk täze iri saglygy goraýyş merkezi gurulýar. Döwrebap, köpugurly hassahananyň halkara ähmiýeti bolup, onda ýokary hünärli lukmanlaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. 2016-njy ýylyň iýul aýynda döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaý toplumy bolan lukmançylyk şäherjiginiň gurluşygyna badalga berdi.

Paýtagtymyzda giň möçberli lukmançylyk ulgamyny döretmek işleri dowam edýär. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň bellenilýän senesi bolan 21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda birbada dört desganyň açylyş dabarasy boldy. Olar Morfologiýa merkezinden, Halkara newrologiýa merkezinden, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinden hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezinden ybaratdyr.

Berzeňňide ýerleşýän we Halkara lukmançylyk merkezleri müdirliginiň düzümine girýän Halkara newrologiýa merkezi ýurdumyzyň esasy ylmy-barlag we bejeriş-anyklaýyş merkezi bolmak bilen, newrologiýa we garyşyk ugurlar boýunça islendik wezipeleri çözmäge ukyplydyr.

Bu ýerde çagalarda we ulularda newrologiýa kesellerini bejermek üçin ähli zerur şertler döredildi. Merkez birbada 120 näsagy kabul edip bilýär. Bölümleriň hemmesi dünýä ölçeglerine kybap gelýän enjamlar, şol sanda magnit-rezonans terapiýany, ultrases we beýleki bejeriş-anyklaýyş barlaglaryny geçmäge, beýni gan aýlanyşynyň ýiti bozulmalaryny, arka beýniler kesellerini bejermäge mümkinçilik berýän enjamlar bilen üpjün edildi.

Maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň hünärmenleri ýiti hroniki keseli, merkezi we çetki nerw ulgamynyň keselleri bolan näsaglary barlamak hem-de olara ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek işlerini alyp bararlar.

Bu ýerde keseli takyk anyklamakdan başlap, näsaglaryň çalt sagalmagyny kesgitleýän bejerginiň iň gowy ugruny kesgitlemek işleri başlanýar. Bölümde newrologiýa we neýrohirurgiýa boýunça ýokary bilimli hünärmenler işleýär. Otonewrolog lukmanyň otagynda beýni gan aýlanyşygynyň bozulmalarynyň, neýroinfeksiýa hem-de beýleki patologiýalaryň dürli görnüşlerinde gulak nerwine zeper ýetmäniň derejesini anyklamak we kesgitlemek üçin barlag (audiometriýa) geçirilýär. Bu keseller gulaklarda sesiň bolmagy, eşitmegiň peselmegi, başyň aýlanmagy ýaly ýagdaýlarda jemlenýär. Barlag geçirmek üçin ykjam kompýuterli “SentieroAdvanset” (“Happersberg” german kompaniýasy) enjamy hem-de eşidiş enjamlaryny sazlamaga mümkinçilik berýän, programmalaşdyrýan enjamly “Maxi Sound Shelter” audiometriki otagy niýetlenendir.

Nemes işläp düzüjileri bu ýerde oturdylan enjamlary adaty barlaglardan başga-da, ýörite otonewrologik barlaglary: wideookulografiýa — gözleriň göreçleriniň hereketlerini grafiki hasaba almaga esaslanan; stroboskopiýa -bogaza zeper ýetmeleri kesgitlemek usuly bolup, olar insult keselli hassalarda newrologik anyklaýşy kesgitlemek üçin örän möhüm bolup durýar; timpanometriýa-aralyk gulagyň newrologik we otolaringologiki patologiýasyny anyklamak usuly; stabulometriýa –daýanç-hereket ediş, nerw ulgamy, westibulýar we görüş seljerijiler tarapyndan bozulmalary kesgitlemek bolup durýar. Bu usullaryň ulanylmagy çylşyrymly newrologik keselli hassalarda anyklaýyş geçirmäge hem-de dikeldiş bejergisiniň netijeliligine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýokary tehnologik german enjamlary bilen üpjün edilen oftalmolog – göz lukmanynyň otagynda gözüň içiniň damarlaryny barlamak, gözüň içki basyşyny näsag üçin howpsuz usulda ölçemek üçin ähli mümkinçilikler bar. Ýörite abzal – kompýuter perimetri näsagyň gözüniň görşüni barlamak üçin niýetlenip, onuň netijeleriniň kesgitlenmegi patologik keseliň ýagdaýy barada düşünje berýär.

Endoskopik barlaglar anyklaýyş bölüminde otaglaryň enjamlaşdyrylyşy ünsüňi özüne çekýär. “Siemensiň” önümi bolan “Asuson S3000” ultrasesli köpugurly enjam bir wagtyň özünde barlaglaryň üç görnüşini geçirmäge mümkinçilik berýär. Olar reňkli şekili almak mümkinçiligi bilen kelle beýniniň böleklerinde takyklygyň ýokary derejesini barlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem ulgamyň serişdeleri adaty doppler düzgünlerini (2D, 3D, 4D) peýdalanmagyň çäklerinden daşary çykmaga hem-de damarlaryň gysylma derejesini, gan akyşynyň tizligini kesgitlemäge, kelle beýnisini iýmitlendirýän uky we oňurga damarlarynda aterosklerotik dykyzlygy ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

“Siemensiň” öňdebaryjy tehnologiýalary ýüregiň bir urgusynyň dowamynda ýüregiň üç ölçegli şekilini özgerdýän we döredýän tehnologiýaly ultrasesli skanerde jemlenendir. Endoskopiýa otagy “FUJINON” ýapon şereketiniň abzallary bilen üpjün edilip, olar Bluray/DVD görnüşde ýazgy geçirmäge we ýokary takyklykdaky şekili almaga mümkinçilik berýär.

Rentgen anyklaýyş bölüminde magnit-rezonans tomografiýasy hem-de angiografiýasy babatda innowasion tehnologiýalar hereket edýär.

Hususan-da, bu ýerde Türkmenistanda ilkinji gezek “Siemensiň” 3 Tesla magnit meýdanly iň täze magnit-rezonans tomografy oturdyldy. Bu enjamyň birnäçe aýratynlyklary bolup, has ownuk şekilleri görmeklikde mümkinçiligi iki esse ýokary bolup, kelle beýni dokumasynyň üýtgemelerini, irki döwürdäki gan ýetmezçilik, sowuklama, ownuk zeperlenme ojaklary, çylşyrymly damar kesellerini has takyk anyklamakda ähmiýeti uludyr.

Bu enjam magnit meýdanynyň dartgynlylygynyň ýokarylygy sebäpli barlagy iki esse tizleşdirilen ýagdaýda geçirmäge ukyplydyr. Mysal üçin, tutuş merkezi nerw ulgamyny barlamak üçin 10 minutdan hem az wagt gerek bolýar.

Angiografiýa bölüminiň rentgen-endowaskulýar otagynda “Siemensiň” ýene-de bir täsin enjamynyň – täze angiografyň işi hereket edýär. Bu enjam ýurdumyzda ilkinji gezek anyklaýyş gullugynyň ygtyýaryna gelip gowuşdy. Bu enjamyň kömegi bilen, kelle beýni gan damarlaryny görmek we olara baha bermek bolýar. Ol ýörite ulgama birigip, kelle beýniniň dokumalarynyň gan aýlanyşygynyň umumy göwrümine baha bermek bolýar.

Şunuň ýaly köpugurly enjamyň ulanylmagy kelle beýniniň gan aýlanyşygynda ýiti bozulmalara getirip biljek keselleri irki döwürde ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ahyrky netijede bu ýokary hilli bejerişiň täze netijeli usullaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär.

Operasiýa bölümleriniň her birinde neýrohirurgiki operasiýalarynyň dowamynda nerw damarlarynyň geçirijiligine we olaryň bitewüligine gözegçilik edip, ysmaz ýaly gaýra üzülmeleriň hem-de beýleki newrologik bozulmalaryň öňüni almaga ýardam berýän intraoperasion neýromonitoring ulgamy oturdyldy.

Hirurgiýada täze söz bolan “Siemensiň” “Cios Alpha” ykjam ulgamy entek dünýäniň lukmançylyk tehnikalarynyň sanawyna girip ýetişmese-de, eýýäm biziň ýurdumyzda ulanyp başlandy. Bu enjamyň kömegi bilen, operasiýa döwründe ýörite serişde ulanmazdan, patologiki ojagyň damar üpjünçiliginiň ýerleşýän ýerini kynçylyksyz tapyp, anyk kesgitläp bolýar. Ulgam uly synlaýyş meýdanly takyk şekili alyp bilýär hem-de ýokary aralaşmak ukybyna eýedir, munuň özi dowamly we çylşyrymly operasiýalar üçin örän möhümdir.

Fizioterapiýa bölüminde bar bolan enjamlaryň kömegi bilen insultdan soňky ýagdaýda daýanç hereket ulgamynyň bozulmalary we hereket durnuksyzlygy bar bolan näsaglarda dik ýagdaýda howpsuz durmagy, deňagramlylygy saklamagy hem-de hereket sazlaşygy üçin maşklary geçirilip, näsagyň dikeldiş döwrüniň gysgalmagyna getirýär.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi innowasion kärhana bolup, onuň işi durmuş hem-de biologik şertleriň ilatyň saglygyna täsir etmegi, umuman, ekologiýa taýdan arassa azyk tehnologiýalaryny we sagdyn iýmitlenmek kadalaryny işläp taýýarlamagy babatda ylmybarlaglary geçirmäge gönükdirilendir.

Merkez döwrebap barlaghana hem-de lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi, munuň özi onuň işinde amaly we ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmek üçin öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Merkeziň işiniň esasy ugurlary bioindikasiýa usullarynyň esasynda daşky gurşawa gözegçilik etmekden, azyk önümlerine, şol sanda daşary döwletlerden ýurdumyza getirilýän azyklyk harytlaryna yzygiderli gözegçilik etmekden, arassaçylyk kadalaryny, kesellere garşy göreşmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan düzgünlerini işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Binada aýratyn howply ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek, azyk önümlerini we olary gaplamak üçin serişdeleriň döwlet hasaba alyş, bazarlara gözegçilik barlaghanasy, ýöriteleşdirilen azyk barlaghanalary, daşky gurşaw, zähmet, jemagat we radiasion gigiýena, toksikologiýa, bakteriologiýa, wirusologiýa, parazitologiýa, epidemiologiýa hem-de immuno biologik serişdeleriniň merkezi ammary bolan immunologiýa bölümleri bar.

Merkeziň hünärmenleri azyk önümleriniň hili hem-de howpsuzlygy, ekologiýa-biologiýa gurşawy, azyk önümleri we suw bilen bagly bolan keselleriň öňüni almak babatda barlaglary geçirýärler, şeýle hem ýokanç keselleriň çeşmelerini kesgitlemek üçin wiruslary, bakteriýalary hem-de parazitleri öwrenýän ylymlaryň belli bir ugurlary boýunça işleri amala aşyrýarlar.

Bu edaranyň işe girizilmegi bilen döwrebap we ylmy-tehniki çemeleşmeler arkaly “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda kesgitlenen wezipeleri 2014-2020-nji ýyllarda ýerine ýetirmegiň milli maksatnamasyny”, “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmeginiň 2013-2017-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanda 2003-2020-nji ýyllar üçin ummun-öňüni alyş milli maksatnamasyny” ýokary guramaçylykly amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler açyldy.

Wiruslary öwreniş bölüminde oturdylan innowasion barlaghana enjamlary referens barlaghanasy bilen bilelikde gysga wagtyň içinde wiruslary anyklamaga mümkinçilik berýär, şeýle hem bu ýerde wiruslary howpsuz saklamak üçin awtomatlaşdyrylan ulgamly biobank döredildi.

Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýurdumyzda ýokanç wiruslaryň käbiriniň ýokdugyny ykrar etdi. Ynha, eýýäm ençeme ýyl bäri ýurdumyzda gyzamyk we garamyk keselleriniň hasaba alnan ýagdaýlary bolmady. Bularyň hemmesi saglygy goraýyş ulgamynda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda yzygiderli geçirilýän işleriň netijesidir.

Soňky döwürde daşary ýurtlarda grippiň wiruslary özgerýär, keseli döredijileriň täze görnüşleri peýda bolýar, olaryň tiz ýaýramak howpy emele gelýär. Täze barlaghana bolsa ştammlary ýokary derejede we gysga wagtda kesgitlemek mümkinçiliklerine eýedir.

Ozallar şeýle barlaglar köp wagty talap edýärdi. Häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalar netijesinde olar awtomatik usulda tiz, ýokary hilli we anyk ýagdaýda amala aşyrylýar. Germaniýanyň ugurdaş barlaghanalarynyň binýadynda taýýarlyk geçen hünärmenler täze maglumatlar we programmalar esasynda alnan maglumatlary işläp taýýarlaýarlar.

Şeýle hem täze merkeziň düzüminde waksina we immunobiologiýa serişdeler ammarlary bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenip düzülen “2003—2020-nji ýyla çenli döwür üçin immuno öňüni alyş Milli maksatnamasynyň” çäklerinde, ýurdumyzda dürli agyr ýokanç keselleriň öňi alyndy we birnäçe keseller düýbünden ýok edildi. Çagalara 11 kesele garşy ýokary hilli waksinalar bilen öňüni alyş sanjymlary mugt geçirilýär.

Ýurdumyza gelýän sanjym we immunobiologiki serişdeleri “sowuklyk zynjyrynyň” talaplaryny doly berjaý edip, ammara kabul etmek, saklamak we daşamak üçin ähli zerur bolan şertler döredildi.

Morfologiýa merkezinde lýuminessent mikroskopiki hem-de immunogistohimiki barlaglaryň usullarynyň ornaşdyrylmagy howply çişleriň antigenlerini kesgitlemekde aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi çiş kesellerini anyklamak işini täze derejä çykarar. Morfologiki barlaglar keseli anyklamakda iň ygtybarly usul hökmünde keseli bejeriş usulyny saýlap almaga ýardam berýär. Bu merkeziň okuw düzümine Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Okuw-barlag bölümi girýär. Ol adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasyndan, patologo-anatomiýa hem-de kazyýet lukmançylygy hukuk kafedrasyndan ybaratdyr.

Talyplaryň sapaklary üçin bu ýerde adamyň anatomiki gurluşyny öwrenmek üçin 3D ekranly interaktiw diseksion stollar bar.

Adamyň bedeniniň anatomiýasynyň anyk görkezilmegi hem-de nusgalaryň sany bu enjamyň täsin aýratynlygy bolup durýar. Kuwwatly tehniki düzümi hem-de programma üpjünçiligini özünde jemleýän bu önüm örän kämil tehnologiýany hödürleýär.

Bogunlaryň hem-de muskullaryň hereketlerini, ýüregiň we gan damarlaryň işini, aýry agzalary dürli ölçeglerde ulaldyp ýa-da kiçeldip, olary üç tekizlikde böleklere bölüp, öýkeniň ýa-da bagryň her segmentiniň işini yzarlap syn edip bolýar. Şeýle hem animasiýa görnüşinde bedeniň hereketini görkezmek bolýar. Mundan başga-da, bu anatomiki, diseksion stolda agzalaryň käbir, dogabitdi ýetmezçiliklerini modelirlemek hem-de olaryň mehanizimlerini öwrenmäge mümkinçiligi bardyr.

Elektron mikroskopiýa barlaghanasynda elekrton -mikroskopiýa barlag usulynyň esasynda işleýän enjam ornaşdyrylypdyr. Ol operasiýa wagtynda näsaglardan anyklaýyş we bejeriş maksady bilen, içki agzalardan we dokumalardan has ýuka kesimleri taýýarlap, öýjük derejesinde näsaglaryň kesellerini dogry we öz wagtynda kesgitlemekde wajyp barlag usuly bolup durýar.

Häzirki döwürde bu barlag usuly onkomorfologiýada, wirusologiýada öýjükleri, bakteriýalaryň we wiruslaryň has kiçi görüp bolmaýan öýjükleriň içki gurluşlaryny öwrenmekde möhüm barlag usuly bolup durýar. Ol elekrton-mikroskopiýa barlag usuly bilen onkomorfologiýada täze döremeleriň gistogenezini anyklamakda ulanylýar, bu bolsa öz gezeginde onkologiki keselleri bejermekde we öňüni almakda wajyp bolup durýar.

Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ýaly, ýurdumyzyň döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň düzümini innowasion derejede ösdürmäge ýardam eder. Bu merkeziň esasy maksady Türkmenistanyň çäginiň aýratyn howply karantin ýokançlaryň getirilmeginden we ýaýradylmagyndan goramakdan ybaratdyr. Gorag işleri ygtybarly we döwrebap usullar arkaly geçirilýär.

Bu ýerde oturdylan enjam innowasion tehnologiýalar esasynda işleýär. Hünärmenler gen-molekulýar ylmynda iň soňky gazanylanlara esaslanyp, mikrop öýjüginiň doly nukleotid yzygiderliligini kesgitleýär. Bu bolsa ýokanç keseli döredijileriň näbelli görnüşleriniň genetiki gurluşyny anyklamaga ýa-da genomy belli bolan ýokanç kesel döredijileriň genetiki aratapawudyny, gelip çykyşyny we ýaýraýşyny seljermäge mümkinçilik berýär.

Geçen ýyllaryň iş tejribesinde barlaga getirilen nusgalar birnäçe günüň dowamynda bakteriologiki usulda barlanyp, morfologiki taýdan kesgitlenilýärdi. Häzirki wagtda bolsa täze merkezde, döwrebap enjamyň kömegi bilen, ýokanç kesel döredijileriň nukleotid yzygiderliligini birnäçe sagadyň dowamynda kesgitläp bolýar.

Şeýle-de bioinformatiki usullary ulanyp, mikroorganizmleriň täze genotiplerini ýüze çykaryp we olar zerarly emele gelýän keselleriň öňüni almak boýunça netijeli çäreleri işläp taýýarlamak mümkinçiligi döreýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryna nemes professor-lukmanlary gatnaşdylar. Olar Türkmenistana ýygy-ýygydan gelmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu ulgamda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändiginiň şaýady bolýarlar.

Lukmançylyk bilermenleri we GFR-iň Ýewropa lukmançylygynda öňdebaryjy hasaplanylýan iri ylmy-kliniki merkezleriniň hünärmenleri türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşmak, Ýewropanyň iň kämil anyklaýyş we bejeriş tejribesini öwrenmek maksady bilen, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmelere işjeň çekilýärler. Şeýle gatnaşyklarda ýokary tehnologiýaly täzeçil ýörelgeler gürrüňdeşligiň esasyny düzýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolup durýar.

2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Germaniýanyň saglygy goraýyş Federal ministrliginiň wekilleriniň, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryny taýýarlaýan iri kompaniýalaryň bilermenleriniň, şeýle hem GFR-iň dürli şäherleriniň iri alym-professorlarynyň gatnaşmagynda VI Türkmen-german lukmançylyk forumy geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriň, şypahana-sagaldyş edaralarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary gatnaşdylar. Saglygy goraýşyň dürli ulgamlarynda, hususan-da, süýji diabeti, çagalarda we ulularda çiş kesellerini bejermekde, endokrinologiýa we fizioterapiýa ulgamynda bar bolan işläp taýýarlamalarda ulanylýan netijeli usullar barlaglar hem-de ýetilen sepgitler boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna bejerişiň täze usullary, tehnologiýalary we kämil enjamlar ornaşdyrylýar. Döwrebap ylmy-kliniki erkezler, häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilen bejeriş-öňüni alyş edaralary gurulýar.Ýeri gelende aýtsak, ornaşdyrylýan enjamlaryň agramly bölegi bu ugurda öňdebaryjy hasaplanylýan GFR-de öndürilen enjamlardyr. Netijeli hyzmatdaşlyk türkmen lukmanlaryna bejerişiň, öňüni alyşyň, anyklaýşyň komisiýallaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi Ýewropanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen yzygiderli gatnaşyklary netijesinde amal boldy.

20-22-nji iýulda Aşgabatda “Saglyk—2016” Halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi. Sergä dünýäniň 42 ýurdundan lukmançylyk ulgamynyň dürli ugurlary boýunça hünärmenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we şypahanalaryň diwarlyklary bilen bir hatarda bu ýerde formasewtika önümlerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini öndürýän, saglygy goraýyş ulgamynda dürli hyzmatlary ýerine ýetirýän kompaniýalaryň bölümleriniň 240-sy görkezildi. Ýewropa ýurtlaryndan bu sergä 126 kompaniýa gatnaşdy.

Gatnaşyjylaryň hatarynda, şeýle hem Sport baradaky döwlet komiteti, Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komitet bar.

Myhmanlar köpçülik netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek barada gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň Baştutanyna saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan syýasatynyň netijelidigini bellediler. Bu syýasat öňdebaryjy tehnologiýalary, iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalary hem-de köpçülikleýin keselleriň öňüni alyş işlerini utgaşdyrýar, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi onuň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda däp bolan sport we wagyz ediş çäreleriniň biraýlygy 5-nji aprel — 5-nji maý aralygynda geçirildi, onuň maksatnamasynda onlarça ýaryşlar guraldy. Aziada—2017-niň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleri boýunça bäsleşiklere aýratyn üns berildi, olaryň ýeňijileri geljekki Oýunlarda ýurdumyzyň sport abraýyny gorajak milli ýygyndy toparlarymyzyň düzümine dalaşgärlerdir.

Paýtagtymyzda taý boksy boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionaty hem-de sport tanslary boýunça ýurdumyzyň birinjiligi has täsirli ýaryşlaryň biri boldy. Şeýle hem biraýlygyň çäklerinde Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda atçylyk sporty (konkur) boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Mälim bolşy ýaly, sportuň bu görnüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen milli göreşi bilen bir hatarda Aziada—2017-ni maksatnamasyna girizildi.

Şeýlelikde, Oýunlaryň başlamagyna galan wagtyň dowamynda çapyksuwarlarymyz sportuň bu görnüşi boýunça öz ussatlygyny has-da kämilleşdirmelidirler. Atçapyşyklary gadymdan bäri türkmenlerde uly meşhurlyga eýedir, emma konkur sportuň täze ýaýrap başlan görnüşi boýunça durýar. Şeýle-de bolsa türkmen çapyksuwarlary tebigy taýdan çeýedirler we konkur boýunça hem oňat netijeleri görkezerler.

2016-njy ýylyň aprel aýynda Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda döwlet Baştutanymyzyň hem-de ýurdumyzda geçirilýän halkara çärelerine gatnaşýan köp sanly daşary ýurt wekilleriniň gatnaşmagynda 600 tomaşaçy orunlyk täze konkur boýunça manežiň açylyşy boldy. Bu atçylyk toplumynda her ýyl dünýäniň atçylyk sportunyň hünärmenleri we bilermenleri ýygnanýarlar. Manežiň häzirkizaman sport enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge hem mümkinçilik berýär.

Maý aýynyň ahyrynda türkmen çapyksuwarlary konkur boýunça Bişkekde geçirilen halkara ýaryşynda “Arkalaşygyň Kubogyna” mynasyp boldular. Ahalteke bedewlerine ussatlyk bilen erk eden Milli atçylyk sport merkeziniň türgenleri iň gowy netije görkezip, birinji we ikinji orunlary eýelediler.

Ýurdumyzda soňky wagtlarda sportuň bouling görnüşi hem meşhurlyga eýe bolýar. 2016-njy ýylyň aprel aýynda paýtagtymyzda bouling boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionaty geçirildi.

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iri halkara bäsleşikleri: maý aýynda sambo boýunça Aziýa çempionaty, iýunda milli göreş we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatyny, sentýabr aýynda ýetginjekleriň arasynda tennis we ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşlary, noýabr aýynda basketboluň 3х3 görnüşi boýunça halkara ýaryşy, dekabr aýynda bolsa žiu-žitsu boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Ýaryşlaryň ählisinde ýurdumyzyň ýygyndy toparlary umumytoparlaýyn hasapda birinji orunlary eýelediler. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

2016-njy ýylda türkmen türgenleri daşary ýurtlarda 138 halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, jemi 643 medala — 221 altyn, 196 kümüş we 226 bürünç medala eýe boldular.

Ýaş türgenleri goldamak we höweslendirmek, sport ulgamyny ýokary derejeli mugallym – tälimçi hünärmenler hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmek türkmen sportunyň dünýä abraýyny ýokarlandyrmak babatynda we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglylykda alnyp barylýan işleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu maksatlar bilen şeýle hem daşary ýurtly hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Bu ugurda Aziada—2017-niň maksatnamasyna girýän sportuň 21 görnüşi boýunça Milli federasiýalaryň we merkezleriň işjeňligi ýokarlanýar.

2016-njy ýyldan başlap her aýyň soňky ýekşenbesinde geçirilýän Aziada—2017-niň Guramaçylyk komitetiniň mejlislerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşy yzygiderli ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýar. Munuň özi V Aziýa oýunlarynyň Bwş meýilnamasynyň ähli ugurlary boýunça taýýarlygyň üpjünçilik meselelerini has netijeli utgaşdyrmakda we dessin çözmekde oňat mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak hem-de wagyz etmek maksady bilen 2016-njy ýylda halkara sport mediaforumlary guraldy. V Aziýa oýunlarynyň “Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary, şeýle hem Aziada—2017-niň umumy nyşany, resmi keşbi we Oýunlaryň tumary tassyklanyldy. V Aziýa oýunlarynyň resmi Internet-saýty açyldy.

Oktýabr aýynda Aziýa—Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Indoneziýanyň Bali adasynda geçirilen Baş Assambleýasynda Aziada—2017-niň tanyşdyrylyşy boldy.

Bu iş sapary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň media we sport žurnalistikasy ulgamynda daşary ýurt tejribesini öwrenmek, “Aşgabat—2017” taslamasyny wagyz etmek boýunça mahabat maglumat çärelerini giňeltmek hem-de bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyryldy. Foruma Aziýa—Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň agzasy bolup durýan kompaniýalaryň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kompaniýalarynyň 200-sinden gowragynyň wekilleri gatnaşdylar, bu çäre “Geljek üçin media” diýen şygar astynda guralyp, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary onda garalan esasy meseleleriň biri boldy.

Türkmenistanda diňe bir Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen oýunlar däl-de, sportuň beýleki görnüşleri hem, şol sanda hokkeý, figuralaýyn typmak, awto—moto sport hem işjeň ösdürilýär. 14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Awtosport merkezi toplumyna girýän täze sport desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde motosport boýunça türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek üçin ýörite meýdança guruldy we enjamlaşdyryldy. Bu çäre ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda tehniik görnüşleriniň wagyz edilmegine we ösdürilmegine ileri tutulýan ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Aprel aýynda “Volkiсar” we “Alfa Romeo” awto mobillerinde IIM-niň kubogy ugrunda bäsleşikler we ýurdumyzda ilkinji gezek “kwadrosikil” derejeli motosport boýunça ýaryşar geçirildi.

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň çäklerinde şeýle hem Derweze—Gökdepe ugry boýunça awtomobil ýörişi guraldy. Bularyň ählisi ýurdumyzda sport tehniki görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin oňyn şertleri emele getirýär.

Türkmenistanda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ulgamy döwrebaplaşdyrylýar — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli sport we syýahatçylyk institutynda täze fakultet açylar, onda ylmy esasda Olimpiýa çempionlaryny ýetişdirmek boýunça işler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde saglyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde çemeleşmegiň nusgasyny görkezmek bilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty höweslendirmek we ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-sagaldyş düzümleriniň kämilleşdirmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda. döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigy-dikeldiş we taryhy-medeni desgalaryň giň toplumy syýahatçylygy söýýänler üçin açykdyr: bular «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, meşhur şypahanalary, Nusaýyň, Dehistanyň, Köneürgenjiň, Köýtendagyň, Gadymy Merwiň meşhur ýadygärliklerini, şeýle hem şeýle bir meşhur bolmadyk, emma jahankeşdeler üçin gyzyklanma döredýän beýleki künjekleri öz içine alýar.

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna häzirki döwrüň nukdaý nazaryndan baha bermäge mümkinçilik açdy. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti ýurdumyzyň taryhy we tebigy künjeklerini giňden wagyz etmek esasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp içki syýahatçylygy ösdürmek boýunça işleri güýçlendirdi.

Syýahatçylyk ulgamyna täze desgalary girizmek maksady bilen 2016-njy ýylyň aprel aýynda döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň hünärmenleri we terjimeçileri üçin gönüden-göni Parzdepe ýadygärliginde okuw maslahaty guraldy. Olaryň öňünde Milli golýazmalar institutynyň we Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň ylmy işgärleri çykyş etdiler.

“Türkmensyýahat” döwlet kärhanasy tarapyndan Köýtendagyň ajaýyp künjeklerine, bu täsin mekanyň baryp bolýan gowaklaryna yzygiderli gezelençler guraldy.

Çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar, muňa sport-sagaldyş syýahatçylygy ýardam berýär Jahankeşdeligiň bu görnüşleri has netijeli sagaldyş tehnologiýalaryna degişlidir we ägirt uly ruhy-ahlak ähmiýete eýedir.

Mysal üçin, şunuň ýaly terbiýeçilik işleri Serdar şäheriniň golaýyndaky “Dürdäne” sagaldyş merkezinde guralan “Ýaşajyk syýahatçylar” gurnagynda geçirilýär. Bu çagalar sagaldyş merkezi mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alşynyň başlanýan wagty –25-nji maýda açyldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar şäherjiginiň körpelerini gutlamaga geldi.

Täze sagaldyş merkezi 5 müň inedördül meýdanda ýerleşip, her çylşykda çagalaryň 300-sini kabul etmäge niýetlenendir. Bu ýerde amatly ýaşaýyş toplumyndan başga-da, körpeleriň netijeli dynç almagy, aň-paýhas we döredijilik ukyplaryny ösdürmegi üçin ähli şertler döredilendir.

Ýurdumyzyň syýahatçylygynda gazanylan görkezijiler içerki jahankeşdeligiň ösýändigine hem-de döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň hyzmatlarynyň möçberlerini artýandygyna şaýatlyk edýär.

Umuman syýahatçylyk barada aýdylanda, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerden başga-da, soňky döwürde Hazaryň kenar ýakasy, Awazanyň täze şypahana ugurlary uly gyzyklanma eýe bolýar. Bu zolagyň uly geljegini we ösüşini nazara almak bilen daşary ýurt syýahatçylyk kärhanalarynyň köpüsi oňa deňiz, kenarýaka dynç alşy we ýahta syýahatçylygynyň dünýä merkezleriniň biri hökmünde garaýarlar.

2016-njy ýylyň awgust aýynda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Ak ýelken” kottežler toplumynyň, şeýle hem “Tolkun” kottež şäherjigini öz içine alýan ýahta—klubunyň açylyşy boldy. Täze ýahta –klubunyň ýanynda okuw merkezi hem hereket edýär, bu ýerde hünärmenleriň ýolbaşçylygynda serfingiň, daýwingiň, suw skuterlerini, gidrosikilleri, ýelkenli gämileri we karterleri dolandyrmagyň tilsimlerini özleşdirmek mümkindir.

Awazada açylan ikinji ýahta kluby hem derejesi boýunça Hazar deňziniň türkmen kenarynda açylyş ilkinji ýahta klubunda, şeýle hem daşary ýurt ýahta klublaryndan hem kem däldir. Geljekde onuň binýadynda windsorfing ýa-da ýelkeni gämilerde iri ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik bar. Emma esasy zat işjeň dynç alşyň netijeli görnüşi bolan höwesjeň deňizde ýüzüşler, ýahtalarda gezelençler bolup durýar.

Syýahatçylyk ugurlarynyň mazmun taýdan baýlaşdyrylmagy bilen bir hatarda pudakda hyzmat medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy boýunça hem işler dowam edýär. Bu maksat bilen Awazada şypahana zolagynyň myhmanlar toplumynyň işgärleri üçin yzygiderli ýagdaýda okuwlar guralýar. Bu çäreler olar üçin özboluşly synag bolup hyzmat ediş derejesi boýunça iň gowy myhmanhana adyny almak ugrunda geçirilýän hünär bäsleşiginde üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem köpugurly türkmen-german hyzmatdaşlygynyň çäklerinde işewürlik gatnaşyklary ösdürilýär, hususan-da, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçy düzüminiň hünärmenleri Berlinde okuw saparynda boldular. Germaniýanyň paýtagtynda geçirilen okuwlaryň maksady syýahatçylygy ösdürmekde dolandyryş başarnyklary ýokarlandyrmak ýurdumyzyň içinde syýahatçylygy guramak üçin durnukly we netijeli şertleri döretmegiň usullaryny kämilleşdirmek, türkmen halkynyň tebigy we taryhy-medeni mirasyna ünsi çekmek bolup durýar.

Daşary ýurtlarda milli syýahatçylyk pudagyny wagyz etmegiň netijeli görnüşleriniň biri hem ýurdumyzyň wekilleriniň halkara sergi çärelerine gatnaşmaklarydyr, olarda tanyşdyryş çärelerinden başga-da, işewürlik duşuşyklary we gepleşikler meýilleşdirilýär.

2016-njy ýylda Türkmenistanyň wekiliýetleri daşary ýurtlarda geçirilýän syýahatçylyk ýarmarkalarynyň birnäçesine gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Awstriýanyň meşhur Ferien — Messe Wien” syýahatçylyk sergisi bar, oňa gatnaşmak üçin Wena 55 ýurtdan 530 wekil ýygnandy. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň giň toplumlary, esasynda ýewropalylar üçin täsin bolan Garagum çölüne, Ýaňgalanyň täsin künjeklerine we ýurdumyzyň beýleki meşhur tebigy ýerlerine hödürlenýän ugurlar bu pudagyň işgärlerinde we sergä gelip görýänlerde uly gyzyklanma döretdi.

Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçirilen “HITUR-2016” halkara syýahatçylyk sergisinde hem Türkmenistanyň diwarlygy görkezildi. Sergä dünýäniň 165 ýurdunda 10 müňe golaý kompaniýanyň wekilleri gatnaşdylar. Serginiň işlän döwründe Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň ispaniýaly we portugaliýaly kärdeşleri bilen işewür gepleşikleri geçirildi, duşuşyklaryň käbirinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pesmi taýdan berkidýän ylalaşyklar gazanyldy.

Finlýandiýanyň paýtagty Helsink şäherinde geçirilen halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşan 70 ýurduň diwarlyklarynyň hatarynda Türkmenistanyň syýahatçylyk ugurlary hem görkezildi, şunda ýurdumyzda belli wakalara borçlanyp guralýan syýahatçylyk hyzmatlary hem hödürlendi. Helsinki şäherinden Orta Aziýa çenli 12 günlük syýahatçylyk boýunça bilelikdäki taslama aýratyn gyzyklanma döretdi, onuň çäklerinde jahankeşdeler ak merkezrli şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Aşgabada we Mary şäherine baryp görerler.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagty Berlinde geçirilen ITB Berlin 2016 Halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşyjylar hem Türkmenistanyň syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirdiler, bu sergide dünýäniň dürli 89 ýurdundan 10 müňden gowrak kompaniýa öz hyzmatlaryny hödürlediler.

Mundan başga-da, ýazda, Nowruz we Türkmen bedewiniň baýramy geçirilýän günlerinde 52 ýurduň syýahatçylyk pudagynyň agentlikleri hem-de kompaniýalary, hünärmenleri üçin Türkmenistan boýunça maglumat beriş—tanyşdyryş gezelenji guraldy.

Ýewropadan, Aziýadan we Amerikadan hünärmenler türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryny açyp görkezýän köp öwüşginli baýramçylyk şüweleňlerine gatnaşyp, halk döredijiliginiň ajaýyp dünýäsine aralaşmaga hem-de milli aşpezlik sungatynyň tagamyny dadyp görmäge mümkinçilik aldylar. Olar Türkmenistany baý taryhy mirasyň watany hökmünde açyp görkezýän täsin we gaýtalanmajak tebigat, medeni hem-de zehinli we zähmetsöýer halkymyzyň gaýnap joşýan häzirki durmuşy bilen tanyşmaga ýardam berýän gezelençleri-de amala aşyrdylar.

Myhmanlar gyzykly syýahatçylyk ugurlaryndan başga-da, ýurdumyzyň myhmanhanalar düzüminiň, hyzmatlar ulgamynyň derejesi bilen içgin tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Diýarymyzda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň haýran galdyryjy netijelerini gözleri bilen gördüler.

27—29-njy sentýabr aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda nobatdaky “Syýahatçylyk we jahankeşdelik” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahat hem guraldy. Pudagyň hünärmenleriniň däp bolan duşuşygy Bütindünýä syýahatçylyk gününe gabatlanylyp, Hazar deňziniň kenarynda geçirilýär, oňa 22 ýurduň –Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Rolşanyň, Belgiýanyň, Ysraýylyň, Iordaniýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Hindistanyň, Latwiýanyň, Estoniýanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Olar milli syýahatçylyk agentlikleriniň, ugurdaş döwlet edaralarynyň, guramalarynyň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleridir, şypahana, sagaldyş ulgamynyň, syýahatçylyk pudagynyň, myhmanhana we ätiýaçlandyryş işewürliginiň işgärleridir, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr.

Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumynyň kuwwaty esasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ägirt uly geljegini 68 kompaniýanyň gatnaşmagynda geçirilen sergi hem görkezildi. Hyzmatdaşlyk we täze teklipleriň mümkinçiliklerini aýdyň açyp görkezen gözden geçirilişe ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň düzümleri we hususy kärhanalary, daşary ýurtly hyzmatdaş kompaniýalar gatnaşdylar, daşary ýurtly kärdeşler bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly höwes bildirdiler.

Sergi Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy, bu çärä gatnaşyjylar syýahatçylyk hem-de myhmansöýerlik babatynda iň möhüm we iň täze meýiller, dynç alşyň dürli görnüşlerini guramak, medeni wagyz hem-de aň ýetiriş—ülkäni öwreniş işleri barada maglumat aldylar.

Sergide guralan pikir alyşmalar bu pudagyň ösdürilmegine dürli çemeleşmeleri beýan etmäge, pudakda amala aşyrylan üstünlikli işleriň netijeleri görkezmäge we Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygynyň has netijeli usullaryna garamaga kömek etdi.

Aziada—2017-niň işlenip taýýarlanylýan medeni maksatnamasy ýurdumyzyň syýahatçylyk kuwwatynyň doly açylyp görkezilmegine, arheologiýa we binagärlik ýadygärliklerimize, gaýtalanmajak tebigy, taryhy hem-de rowaýaty künjeklerimize, şeýle hem ýurdumyzyň muzeýlerine, teatrlaryna, sergi zallaryna üns çekilmegine gönükdirilen ýene bir iri taslama bolup durýar. Bu maksatnamada etnografiýa we folklor mirasy, halk senetçiligi, häzirki zaman amaly-haşam sungaty bilen tanyşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

2016-njy ýylyň 4-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti medeniýet ulgamynyň guramalarynyň we edaralarynyň ulgamyna girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Medeniýet ministrliginiň we Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň täze gatnaşyklar esasynda işlemegi, olaryň has-da ýakyn hyzmatdaşlykda hereket etmegi üçin şertleri döredýär, ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine gelip görýän jahankeşdeleri işjeň çekmegiň hasabyna syýahatçylyk pudagynyň depginli ösdürilmegine ýardam berýär. Beýleki bir tarapdan — munuň özi türkmen halkynyň medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz edilmegini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Muňa Medeniýet ministrliginiň taryhy ýerleri we ýadygärlikleri döwlet tarapyndan goramak babatynda ornuny pugtalandyrýan ýene bir çözgüt mysal bolup biler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, medeni mirasyň desgalaryny, ýurdumyzyň gozgalmaýan taryhy ýadygärliklerini goramak maksady bilen, belli bir çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça gurluşyk ýa-da beýleki işler diňe Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň makullmagynda geçirmäge rugsat berilýär.

Täze düzgün Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän medeni mirasyň desgalaryny goramak babatynda gözegçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olary has içgin öwrenmäge we syýahatçylyk dolanyşygyna giňden çekmek arkaly işjeň wagyz etmäge ýardam berer.

Şeýlelikde, bu geçirilýän çäreler hem-de döwlet Baştutanymyzyň şahsy howandarlygy netijesinde syýahatçylyk pudagy möhüm ugurlaryň birine öwrülýär, halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunda hormatly Prezidentimiz tarapyndan syýahatçylyk ulgamyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň depginlerini çaltlandymagyň, çig mala esaslanmaýan önümçiligi ugur edinýän hem-de eksporta ugrukdyrylan ykdysadyýeti kemala getirmegiň kuwwatly guraly hökmünde uly orun berilýär, munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň has bäsdeşlige ukyply ýurtlarynyň hataryna girmegine ýol açýar.

Degişli makalalar

GUTLAG

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Dokma Senagaty-2017» Halkara Sergisine Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

turkmenhabargullugy