Sakar etrabynyň Hasylçy obasynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde gurlan 365 orunlyk täze sport mekdebiniň dabaraly açylyşy boldy. Welaýat düýpli gurluşyk müdirliginrň buýurmasy boýunça hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan döwrebap binagärlik görnüşinde öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly bina edilen täze gurluşyk oba şäherçesiniň bezegine öwrüldi.
Sport toplumynyň açylmagyny oba ýaşaýjylary uly şatlyk we buýsanç bilen garşyladylar. Şeýle ajaýyp sowgat bilen oba ýaşlaryny gutlamaga welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, tanymal türgenler geldiler. Dabaraba ýaş türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler, aýdym-saz tans toparlary baýramçylyk maksatnamasy bilen çykyş etdiler.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly biziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş-hereketiniň ösdürilmegine, ilatynyň giň gatlagyny, ilkinji nobatda çagalary, ýetgenjekleri, ýaşlary sport we bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga çekmäge ägirt uly üns berilýär. Diňe soňky dört ýylyň içinde Lebap welaýatynda her biri 365 orunlyk bolan döwrebap sport mekdepleriniň 20-si, şeýle hem häzirki günüň talaplaryna laýyk gelýän beýleki sport desgalarynyň giden toplumy ulanyşa tabşyryldy. Olaryň sport meýdançalarynda häzirki wagtda ýaş türgenleriň müňlerçesi işjeň meşgullanýarlar. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milletiň saglygy we abadançylygy barada, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we sporta ýokary gazanylanlary giň möçberli ösdürmek barada ýadawsuz aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Bina edilen täze sport mekdeplerinde ýaşlaryň sport ussatlygynyň başlangyçlaryny öwrenmekleri hem-de bu ýerde köpçülikleýitn sport çärelerini, ýaşlaryny we türgenleriň türgenleşiklerini geçmekleri üçin hemme zerur şertler döredilipdir. Basketbol, tennis, boks, göreş, gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak bilen sport zallary, lukmançylyk otagy, türgenleşdirijileriň otagy we beýlekiler olaryň ygtyýarynda. Zallaryň ählisi döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Dürli derejedäki ýaşlary geçirmek üçin mekdebiň çäklerinde ýerleşdirilen açyk sport şäherçesi hem hyzmat eder. Bu ýerde oňat enjamlaşdyrylan futbol meýdançasy, woleýbol, basketbol, gimnastika meýdançalary, tennis meýdançasy, ýeňil atletika üçin ylgaw ýodalary ýerleşendir.
Özbaşdak suw we energiýa, ýylylyk bilen üpjün ediş ulgamy ornaşdyrylan oba sport merkeziniň çäkleri abadanlaşdyrylypdyr, yşyklandyrylypdyr, bagy-bossanlyga öwrülipdir.
Dabarada mekdebiň gurluşygynda has tapwutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.