4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Salam, Ak Gämi, Ýa-da Çingiz Aýtmatowyň Powesti Aşgabat Sahnasynda

Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» powesti esasynda täze oýun sahnalaşdyrdy. …Spektaklyň wakalary ejesi bilen kakasy aýrylyşandan soň awçynyň kömekçisi bolup işleýän atasynyň elinde galan mähirli we mylaýym ýedi ýaşly oglanjygyň ýaşaýan owadan jülgesinde bolup geçýär. Awçy Orazkul arak içip ömrüni köýdürýän hem-de oglanjygyň ejekesi, öz aýaly Bekeýi we töweregindäkileriň baryny çagasy bolmaýandygy üçin ýigrenýän zulumkeş adam. Bu maşgalanyň durmuşy ejiz, päk ýürek Mömün aga bilen onuň zalym, açgöz giwesiniň arasyndaky çaknyşyklarda geçýär. Üns berilmän ulalýan, ýöne çaga päkýürekliligi, päkize hyýaly bilen ak gäminiň gamiçisi bolup işleýändir öýdýän kakasyna duşmagy arzuwlaýan oglanjygyň köňlünde kemala gelen içki duýgusynda adaty zatlara özboluşly häsiýet berilýär, ol özüni ýarym adama-ýarym balyk saýýar, ol balyk bolup deňizden geçýän ak gämä ýüzüp barmagy arzuw edýär. Iki dünýä – päkize çaga köňlüniň hyýaly we hakyky ýowuz durmuş dünýäsi powestiň içinden eriş-argaş bolup geçýär. Çingiz Aýtmatowyň eserlerine mahsus halk rowaýatlarydyr ýörelgeleri hem-de çuň manylara baý filosofiýasy, özara gatnaşyklaryň psihologiýasy, söýgi we ýigrenç, ýekelik, ýagşylyk we ýamanlyk, adamkärçilik we zulumkeşlik, galyberse-de, ýagşa umyt … temasy spektaklda ýerlikli ulanylypdyr. Oglanjyk ýene bir zada – taýpada keramatly saýylýan ene sugun barada ertekä ynanýar. Bir gezek Orazkul işden kowaryn diýip zor bilen goja Mömüni maral suguny atmaga mejbur edýär. Powest pajygaly tamamlanýar. Oglanjyk görýän zatlaryna çydap bilmän kakasy bilen duşmak bagty miýesser eder öýdýän dünýäsine çümüp gidýär. «Sen hiç haçan balyga öwrülmejegiňi bilýärmidiň. Yssykköle ýüzüp baryp bilmejegiňi, ak gämini görmejegiňi we oňa: «Salam, ak gämi, bu men!» diýmejegiňi bilmeýärmidiň… Sen ýeke gezek çakan ýyldyrym kimin bu dünýeden tiz ötüp gitdiň. Ýyldyrymlary asman gamçylaýar. Asman-a müdimi. Bu-da ýüregime teselli berýär… Seniň bilen hoşlaşyp, oglanjyk, seniň sözleriňi gaýtalaýaryn: «Salam, ak gämi, bu men!» – diýip Çingiz Aýtmatow powestini jemleýär. Teatryň döredijilik topary spektakla kybap sahna bezegi we egin-eşikler: göwrümli keşpler, artistleriň sazlaşykly işi hem-de wakalara doly giren dartgynly ýordumy sahna diline geçiripdir. Tomaşaçylar oýnuň gahrymanlary begenende begendiler, aglanda-agladylar. Oýun goýujy režisýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew bilen interwýudan bölek: -Handurdy Berdiýewiç, pajygaly tamamlanýan şeýle çeper eseri sahnalaşdyrmaga nädip ýürek edip bildiňiz? -Men ony kän wagtlap ýüregimde göterip gezdim, onuň her sahnasyny hyýalymda janlandyrýardym. Özboluşly oýun goýasym, özümi öte täsirli täze işde synasym geldi. -Baş keşbi döreden oglanjygy nireden tapdyňyz? -Salyh Berdiýewe doglan gününden bäri belet. Bu onuň teatrymyzdaky ikinji işi. Ilkinji gezek ol «Elwan ýaglykly serwim» spekteklynda çykyş edipdi. Salyh inçelik bilen duýup bilýän syzgyr çaga. Ony spektakla çagyrmazdan ozal powesti okamagy tabşyrdym, keşbiň edebi özenine düşünmegine ejesi kömek etdi. Salyhyň işine göwnüm ýetdi. -Ikinji düzümde oglanjygyň roluna Rejep Esenowy ätiýaçdan aldyňyzmy? -Rejep keltejik ýaş artist, çaga obrazyna gelşibem dur. Ýöne artistlik etmän, sahnada-da çagalygynda galyp bilýän barka ony oýnamak gerekmikä?! Bizde ikinji, üçünji düzümde ätiýaçdaky artistler kän. Munuň özi olara döredijik taýdan ösmäge mümkinçilik berýär, olary käriň täze ugurlaryny açmaga höweslendirýär. Bu babatda goja Mömümniň keşbini mysal alalyň. Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Hanmämmedow we ýurdumyzyň halk artisti Öwez Gelenow ýaly sahna ýyldyzlarymyzam bu keşbi synap gördüler. Olaryň oýnam ajap. Ýöne bu artistleriň meşhurlygy sebäpli tomaşaçylar olary beýleki gahrymanlaryna meňzetjek durjaklar. Men bolsa biziň Mömünimiziň hut Aýtmarowyň gahrymany bolmagyny isledim. Şol sebäplem Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrak Arçikowa gyrgyz gojasynyň keşbini ynandym. Artistlerimize minnetdarlygymy aýdasym gelýär. Döwran Hojageldiýew Orazkulyň keşbini zehinli ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gerek Hojamämmedowa, Sülgün Täşliýewa, Gülşat Meňliýewa dagy şowly oýny bilen spektakly bezediler. -Ýerine düşen sahna bezegi meni haýran etdi. Bir tarapdan, garly dag gerşleri we Yssykköl şekillendirilen gözel tebigat, başga bir tarapdan – bedibagt adamlaryň amatsyz durmuşy. -Men «Elwan ýaglykly serwim» spektaklynyň ajaýyp sahna bezegini döreden Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradowy bilgeşleýin çagyrmadym. Dogrusy, ozalky tilsimleriň ulanylaryndan çekindim. Şol sebäplem bu oýnuň sahna bezegini Mekan Annamyradow döretdi. Ýöne Batyr Bekmyradowyň her bir maslahatyna gulak asdyk. -Spektaklyň uzak wagtlap sahnada görekzilmegini, size bolsa özboluşly täze spektakllary goýmagyzyňy arzuw edýäris!

Tamara GLAZUNOWA

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

(TENDER) CNPC International (Turkmenistan) Bäsleşik Yglan Edýär

Türkmen Dizaýneri Şalar Rahymow Toý-Dabaralar Üçin Eşikleri Görkezdi

Paýtagtyň Günbatarynda Çalt Depginlerde Ýaşaýyş Jaý Toplumy Kemala Getirilýär

turkmenhabargullugy