Türkmenistanda şu ýylyň 20-nji aprelinde ozal çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň ýerine iki okrug boýunça we Geňeş agzalarynyň ornuna dalaşgärleri görkezmek we olary hasaba almak babatda boljak saýlawlar mynasybetli ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň birinji tapgyry tamamlandy. Şeýle hem şu günler dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, onuň giň bäsdeşlik esaslaryny pýgtalandyrmak türkmen jemgyýetiniň durmuşynda we onuň gadymy demokratik ýörelgelerinde esasy şert bolup durýar.
Dalaşgärleri görkezmek çäresi ilatyň ýokary raýatlyk işjeňligi ýagdaýynda geçdi. Bu babatda ýerlerde ägirt uly guramaçylyk çäreleri durmuşa geçirildi. Ähli saýlaw okruglarynda bir orna dalaşgärleriň birnäçei görkezildi.
Milli parlamente we ýerli dolandyryş edaralary bolan geňeşlerde öz saýlawçylarynyň bähbidini öňe sürmek hukugyna eýe bolmak ugrunda ilat arasynda uly hormatdan we ynamdan peýdalanýan adamlar dalaş edýärler. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärler degişli saýlaw toparlarynda bellige alnyp, olara şahsyýetnamalary gowşurmak çäreleri dabaraly ýagdaýda geçirildi.
Şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk işleri hemmetaraplaýyn dowam edýär. Onuň barşynda iki saýlaw okrugy boýunça Mejlisiň deputatlygyna we geňeş agzalygyna dalaşgärler we olaryň ynanylan adamlary saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.
Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk babatdaky ukyplary, Türkmenistanyň gülläp ösmegini we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar.
Duşuşyklarda dalaşägärler sebitleri has-da ösdürmek bilen baglanyşykly saýlawçylaryň köpsanly sowallaryna jogap berýärler. Şeýle hem olar maksatnamalarynyň esasy ugurlaryny aýdyňlaşdyrmak arkaly, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine bilimini, başarnygyny, tejribesini we tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli adamlara dalaşgärleriň syýasy, işjeň we şahsy häsiýetlerini erkin hem-de hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga, wagyz işlerini geçirmäge deň derejedäki hukuklar berilýär. Munuň özi saýlawçylara her bir dalaşgşär bilen ýakyndan tanyşmaga, onuň maksatnamasynyň ugurlaryna baha bermäge mümkinçilik döredýär. Munuň özi saýlawyň doly derejede bolup, ilatyň dalaşgärlere bolan ynamynyň pugtalanmagyny şertlendirýär.