Ýurtda şaly hasylyny ýygnamaga badalga berildi. Umumylykda şalynyň tutýan meýdany 18 müň 300 gektardyr. Dür dänesini ýygnamak işlerinde däne orujy kombaýnlaryň 70-si ulanylar.
Çyglylygy söýýän bu oba hojalyk ekini Türkmenistanyň welaýatlarynda toprak-howa şertlerini nazar almak bilen ösdürilip ýetişdirilýär. Şunlukda şaly ýurduň iki sany sebtinde Daşoguz (S.Türkmenbaşy etraby) we Lebap welaýatynyň birnäçe etraplarynda Galkynyş, Serdarabat, Halaç, Atamyrat, Beýik Türkmenbaşy etraplarynda ösdürilip ýetişdirilýär.
Şaly oragy Daşoguz welaýatynda ilkinji bolup başlanar. Bu ýerde şaly ekilen meýdan 8 müň 100 gektary eýeleýär. Oktýabr aýynyň birinji ýarymynda bolsa Lebap welaýatynda şaly oragyna girişmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde şaly güýzlük bugdaýynyň oragy tamamlanandan soň ekildi. Welaýatda on müň gektardan gowrak meýdana şaly ekildi.
Şaly ekilen meýdanlarda orak möwsümini yzygiderli alyp barmak üçin Türkmenobahyzmat Assosasiýasynyň kombaýnlaryny öz işine ussat mehanizatorlar işleder. Kombaýnlara, ýük çekýän awtoulaglara, ýangyç çekýän awtoulaglara we beýlekilere abatlaýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin kömekçi tehnikalar taýýar edildi.
Meýdanlara ekilen şalynyň görnüşleri ýokary hasyllylygy, ir ýetişýänligi, gurakçylyga we kesellere garşy durnuklylygy boýunça tapawutlanýarlar. Olaryň hatarynda Nukus-2, Ak merjen, Awangard ýaly görnüşleri öňdebaryjy we gadymy görnüş diýlip hasap edilýär.
Şu ýyl türkmen şalyçylary 80 müň tonnadan gowrak şaly ýygnamagy maksat edinýärler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm