«2020-nji ýyl — «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» diýen şygar astynda köpçülikleýin medeni-sport çäreleriniň birnäçesi geçirildi.
Säher bilen Saglyk ýoluna guralan ýöriş «Sagdyn ýaşlarymyz eziz diýarymyzyň sütünidir» şygary astynda geçirilip, oňa ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň we halk köpçüliginiň gatnaşmagynda 20 kilometr aralyga uzan welosipedli ýöriş hem oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işjeň gatnaşan ýene bir ýaryşy estafeta boýunça geçirildi. Talyplar her 400 metrden bir tapgyr geçip, jemi 50 tapgyryň dowamynda ýeňijini belli etdiler.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guralan baýrak gowşurylyň dabarasyna Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Olar welosipedli ýörişde we estafeta ýaryşynda tapawtlananlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar.
Hojaberdi APBAÝEW,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly
Çeşme: https://msy.gov.tm/