Lebap welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eseriniň türk, arap we nemes dillerindäki neşirleriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşyjylar täze neşirleriň umumadamzat ähmiýeti baradaky pikirlerini şeýle beýan etdiler.
Togan ORAL, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:
— Mundan üç aý ozal Türkmenistanda diplomatik wezipäme girişip, ata ýurdumyzyňtebigy gözelliklerini we medeni gymmatlyklaryny has ýakyndan öwrenip başladym. Şol sanda maňa ahalteke bedewlerini ilkinji gezek ýakyndan synlamak nesip etdi. Türkmen ýigitleriniňöz bedewine bolan buýsanjy, olaryňtutuş halk bilen ykbaldaş bolmagy mende örän uly täsir galdyrdy. Hut şonuňüçin-de, bedewe uly sarpa goýýan ýurtda — Türkmenistanda geçirilýän dabaralara gatnaşmak meni diýseňbuýsandyrýar.
Aslynda, türki halklaryňmedeniýetinde at aýratyn orna eýe. Çünki biziňhalklarymyz bedew bilen dünýä ýüzüne ýaýrady, ençeme nesilşalyklary gurdy. Ahalteke bedewi bolsa tutuş türki dünýäniňguwanjydyr. Ol indi üç müňýyl bäri asyl tohumyny ýitirmän gelýär. Üstünde Alp Arslan soltany, Seljuklary Anadola alyp baran, oguzlaryňbütin dünýä ýaýramagynda uly orun eýelän ahalteke bedewleri eýelerini hiç haçan söweş meýdanynda galdyrmandyrlar. Olaryňwepasy, dostlugy rowaýatlara öwrülip, biziňgünlerimize çenli gelip ýetipdir.
Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyňýakyn dosty hökmünde medeni we sport ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge uly isleg bildirýär. Geçen ýylyňnoýabr aýynda Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyňprezidenti jenap Bilal Erdogan Aşgabatda saparda boldy. Şu ýylyňfewral aýynda bolsa Türkmenistanyňmilli sport oýunlary merkeziniňwekiliýeti konfederasiýanyňAntalýada geçirilen mejlisine gatnaşdy. Şeýle hem türk kompaniýalarynyňTürkmenistanda atçylyk toplumlaryny gurmak işine ýakyndan gatnaşýandygyny buýsanç bilen bellemek isleýärin. Bu ugurdaky netijeli gatnaşyklar häzirki wagtda hem dowam edýär.
Türkmenistanyňhormatly Prezidentiniň«Atda wepa-da bar, sapa-da» atly gymmatly eseriniňtürk diline terjime edilmegi ýurtlarymyzyňhyzmatdaşlygynyňtaryhynda iňýagty sahypalaryňbiridir. Bu kitap umumy medeniýetimiziňwe taryhymyzyňgoralyp saklanmagyna, geljek nesillerimize ýetirilmegine örän uly goşant goşar. Türkiýeli kitap söýüjileri şeýle ajaýyp eser bilen begendiren hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirýäris.
Naýthart Hýofer-WISSING,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:
— Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň«Atda wepa-da bar, sapa-da» atly eserini nemes dilinde okamaga döredilen mümkinçilik üçin öz adymdan we bu dilde gürleýän millionlarça adamyňadyndan sagbolsun aýtmaga rugsat ediň!
Türkmenistandaky diplomatik wezipäme girişip, ynanç hatyny gowşuranymda, bu ýurtda ýaşamak we ajaýyp ahalteke bedewlerini ýakyndan synlamak mümkinçiliginiňdöredilmegine örän hoşaldygymy aýdypdym. Hormatly Prezidentiňajaýyp eseriniňüç dildäki terjimesiniňtanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşmak meniňarzuwlarymyňwysal tapmagydyr. Kitapda «Atyňaýak basan ýerinde toý bolar» diýlip, ýöne ýere aýdylan däldir. Men bu kitaby uly gyzyklanma bilen okadym we ondan köp zatlary öwrendim. Bu eser diňe bir ahalteke bedewleri barada däl, eýsem, Türkmenistan, onuňhalky, taryhy we medeniýeti barada hem söhbet açýar. Kitabyň83-nji sahypasynda Germaniýa aralaşan türkmen bedewi barada hem maglumat berilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, ahalteke bedewi özüniňajaýyp häsiýetleri bilen gaýratly jandar we ýakyn dostdur.
Eseriň nemes dilindäki nusgasy bu dilde gürleýänler üçin diňe bir ahalteke bedewleri bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik bolman, bedewleriňtürkmen taryhyndaky we medeniýetindäki ornuna göz ýetirmäge hem şert döredýär. Kitap bulary tassyklaýan mysallara baý, awtoryňşahsy pikirleri bolsa örän gymmatlydyr. Umuman, bu kitap dünýä jemgyýetçiliginde ahalteke bedewleri barada täzeçe garaýyşlary döreder diýip, uly ynam bilen aýdyp bilerin. Men bu kitapdan köp zatlary öwrendim, bu duýgyny her bir nemes okyjysynyňhem başdan geçirjekdigine ynanýaryn. Sözlerimi bolsa türkmenleriňaýdyşy ýaly, şeýle tamamlamak isleýärin: «Aýlawda atyňyz çyksyn!»
Abdulaziz Al HAŞIMI,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili:
— Belent mertebeli türkmen Lideriniň«Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyňarap diline terjime edilen nusgasy bu dilde gürleýän okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgatdyr. Bu kitapda türkmen halkynyňgeçmiş taryhy bilen häzirki nesilleriňbaglanyşygy bedewlere bolan söýginiňüsti bilen açylyp görkezilýär. Türkmen halky taryhyňähli döwürlerinde-de ahalteke bedewlerine hormat-sarpa goýup, gaýtalanmajak gymmatlyk hökmünde olaryňarassa ganlylygyny saklamaga çalşypdyr.
Atçylyk boýunça ýazylan kitaplary okanyňda, dünýäde üç görnüşli tohum atlarynyňbardygy hakyndaky maglumatlara duş gelmek bolýar. Şolaryňbiri-de ahalteke atlarydyr. Türkmenleriňgöz-guwanjy bolan ahalteke bedewlerine ýyndamlykda-da, gözellikde-de taý ýokdur. Hormatly TürkmenistanyňPrezidentiniňatçylyk pudagyny ösdürmek we ahalteke atlarynyňbaş sanyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleri öwgä mynasyp. Bedewlere bolan söýgi ýurduňBaştutanynda bolsa, ol üýtgeşik duýgy. Muny biz türkmen Lideriniňbu ugurda ýazan ajaýyp kitaplarynyňmysalynda hem aýdyňgörýäris. Dünýä atçylygyna uly goşant goşan ahalteke bedewlerine bagyşlanyp ýazylan şeýle eserler dünýä jemgyýetçiligini bu täsin jandaryňaýratynlyklary we halkyňdurmuşynda tutýan orny bilen tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Çeşme: metbugat.gov.tm