7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Saud Arabystan Bilen Kataryň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklaryň Kesilmegi OPEC’iň Ylalaşygyna Täsir Etmez

Saud Arabystan Bilen Kataryň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklaryň Kesilmegi OPEC'iň Ylalaşygyna Täsir Etmez

Saud Arabystan bilen Kataryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň kesilmegi OPEC’iň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygyna täsir etmez, diýip Raýfaýzenbankyň rus şahamçasynyň nebitgaz pudagy boýunça analitigi Andreý Polişuk hasaplaýar, diýip Trend habar berýär.

«Katar iri nebit öndüriji döwlet däl. Ol diňe günde 600 müň barrel töweregi öndürýär. Deňeşdirmek üçin: Saud Arabystany günde 10 million barrelden gowrak nebit öndürýär. Şonuň üçin hem bu ýerde köp saz Saud Arabystanyna bagly. Hut şol hem ylalaşygyň möhletini uzaltmagyň tarapdary bolup çykyş etdi. Meniň pikirimçe, ol garaýyşlaryny üýtgetmez» diýip Polişuk aýtdy.

Öňräk Bahreýn Katar bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi. Bahreýniň resmi taýdan yglan etmegine görä, bu ýagdaý Kataryň onuň içerki işlerine goşulmagy netijesinde bolup geçdi. Bahreýnden soňra BAE, Saud Arabystany we Müsür hem bu barada yglan etdiler.

«Häzirki wagtda dünýäde nebite bolan isleg artýar. Meniň pikirimçe, bu depgin uzak ýyllar saklanar. Çaklamalar görä, islegiň artmagy bazardan artykmaç nebiti bölekleýin aýyrmaly. Şeýlelikde, indiki ýylyň birinji ýarymýyllygynda isleg bilen teklibiň arasyndaky deňagramlylyk tapylmaly» diýip ol aýdýar.

Şol bir wagtda ol nebitiň bahalarynyň barrel üçin 60 dollardan ýokary geçmek mümkinçiliginiň azdygyny hem aýtdy.

Mundan başga-da, analitigiň aýtmagyna görä, köp zat ylalaşyga girmeýän döwletlerde, ilkinji nobatda bolsa, ABŞ-da slanesli nebitiň önümçiliginiň näderejede çalt ösmegine bagly bolar. Onuň aýtmagyna görä, häzir ABŞ-da nebitiň çykarylyşynyň depgini örän ýokary. Eger-de bu depgin has hem ýokarlansa, onda nebit öndürijileri bazarda öz paýlaryny gidirmezlik üçin ylalaşygy berjaý etmekden boýunça gaçyryp bilerler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Partiýasy

syrach

TÜRKMENISTANYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNDAKY RAÝATLARYNYŇ DYKGATYNA!!!

Aşgabatdaky Söwda Merkezleri

turkmenhabargullugy