8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Saýlawlaryň Öňüsyrasyndaky Möhüm Tapgyr

Ýurdumyzda ozal çykyp giden Mejlisiň deputatlygyna, Halk Maslahatynyň we Geňeşlikleriň agzalygyna 31-nji martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu gezekki saýlaw ýurdumyzda milli demokratik ýörelgelere esaslanýan halk häkimiýetliliginiň köp derejeli ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde nobatdaky ädime öwrüler. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji derejeli talaplarynyň biridir.

Ozal habar berlişi ýaly, milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işleri 30-njy ýanwarda başlandy. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde häzirki döwürde Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýanyň komitetleriniň, raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär. Şolaryň dowamynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy häkimiýet edarasyna, ýerli wekilçilikli häkimiýet guramalaryna, öz-özüňi dolandyryş edaralaryna halkyň mynasyp wekilleri görkezilýär.

Görkezilýän dalaşgärleriň uly abraýdan peýdalanýan zähmetsöýer adamlardygyny bellemeli. Olaryň hatarynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän tejribeli hünärmenler bar.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleriň möçberini çäklendirmek göz öňünde tutulmaýar. Ähli saýlaw okruglarynda bir orna birnäçe dalaşgärler görkezilýär. Munuň öz saýlawlaryň giň bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelýändigini alamatlandyrýar. Saýlawyň açyk we aýdyň derejede geçirilmegi oňa milli synçylaryň gatnaşmagyny şertlendirýär.

Dalaşgärleri görkezmek çäreleri saýlawçylaryň ýokary işjeňligi esasynda geçirilýär. Munuň özi jemgyýetçilik guramalarynyň ähli derejedäki döwlet düzümleriniň wekilleriniň ilatyň arasynda geçirýän işleriniň derejesini aňladýar.

Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan demokratik ýörelgeler milli parlamente, ýerli häkimiýet edaralaryna hem-de öz-özüňi dolandyryş düzümlerine halal, zähmetsöýer, ýokary guramaçylyk ukyby, durmuş hem-de raýatlyk işjeňligi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de kuwwatlanmagyna, halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň berkidilmegine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmak ugrunda ähli güýjüni, tejribesini, bilimini gaýgyrman işlemäge höwesi adamlaryň saýlanmagyny üpjün eder.

tdh

Degişli makalalar

Türkmenistanda Efiopiýanyň Ilçisi Işläp Başlady

Polşanyň Täze Prezidenti Andrzež Duda Boldy

syrach

Gadymy Pullar Alymlara Taryhyň Näbelli Sahypalaryny Täzeden Dikeltmäge Mümkinçilik Berýär

turkmenhabargullugy