5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Şekillendiriş Sungaty Muzeýiniň Sergisinde Ahal-Teke Bedewleriniň Waspy

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy. Olaryň awtorlary atyň türkmeniň durmuşyndaky ähmiýeti barada şahyrana pikir ýöredýärler.

Ahal-teke bedewleri milli sungatda erkinligiň, hyjuwyň, gaýratyň we gözelligiň metaforasy bolup çykyş edýär. «Asman» atlarynyň asylly ädim urşuna we nepis hereketlerine söýünçli bakman durup bolmaýar.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýarly Baýramowyň «Köpetdagyň eteginde» atly suratynda ahal-teke bedewleriniň erkana ýaýnap ýören ýeri – owadan dag jülgesi şekillendirilipdir. Türkmen tebigatynyň gözelligi we edil jäç heýkeljikler ýaly nepis bedew şekilleri Ýarly Baýramowa mahsus usulda dürli ýiti reňklerde beýan edilipdir.

Walentin Kudrýaşowyň «Parfiýa sährasy» suratynyň ýordumy hem bu surat bilen kybapdaş. Al-asmandan türkmen paýtagtynyň taryhy we häzirki döwri: gadymy Nusaý, Saglyk ýoly, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dakylan belent baýdaksapy simwolik utgaşdyrylan dag eteginiň gözelligi şekillendirilipdir. Suratda atlaryň şekili bolmasa-da, onda ahal-teke bedewiniň gadamy kysmy döwrümiziň joşguny simwolik beýan edilipdir.

Obada at çapyşyksyz baýram bolmaýar, munuň üçin çapyşyk ýodalarydyr aýlawyň tomaşaçylar münberi-de hökman däl. Mämmet Mämmedowyň «Toý» suratynda at çapyşygy eýýäm gutarypdyr, atlylar oba gaýdyp gelýär – kimsiniň başy aşak, başga biri buýsançly ýylgyryp gelýär. Obadaşlary olary garşy alýarlar, biri ýeňijini mübäreklemek üçin jaýyň üçegine çykypdyr. Kimiň atynyň çykandygyna garamazdan toý dowam edýär, äpet gazanlardan datly tagamyň ysy gelip dur, bilegi ýogyn pälwanlar güýçlini aýan etmek üçin tutluşýarlar.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Çary Amangeldiýew belli sirk artisti Döwletbaý Hojabaýewi we onuň ýarany – aty şekillendiripdir. Sirk manežiniň gyzyl panbarhaty ussat çapyksuwar bilen onuň ajaýyp aty barada söhbetiň fony bolup hyzmat edýär, ol at üstündäki çylşyrymly tilsimleriň, jigitleme ussadynyň belent zehinini, hyjuwyny nygtaýar.

Tamara Kiselýowanyň suratynda atyny idip barýan çapyksuwar şekillendirlipdir. Awtor onda atyny gezdirip ýören jigit bilen bedewiň arasyndaky bir-birege ynamy we ysnyşygy görkezýär. Suratyň gahrymanlary entek ýaş, tanymallyga ýetmedik. Entek şöhrat olaryň öňünde, häzirlikçe bolsa irginsiz türgenleşiklerde ussatlygyny kämiileşdirýärler.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Saragt Babaýew tanymal gahrymanlary – ady belli hökümdär Alp Arslanyň we şahyr Mollanepesiň heýkelini at üstünde şekillendiripdir. Mollanepesiň bedewi «Zöhre-Tahyr» dessanynyň awtoryna goşgy okamaga maý berip, äwmän gadam basyp gelýär. Şol bir wagtyň özünde Alp Arslanyň bedewi islendik pursat atylyp gitmäge taýýarlanyp dur. Serginiň guramaçylary heýkeltaraşyň köpfakturaly döredijilik tilsimini we ahal-teke bedewlerine bagyşlanan çeper eserleriň baý manysyny beýan edýän kiçi görnüşli bu iki heýkeli bir kompozisýa birleşdiripdirler.

Tamara GLAZUNOWA

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN

Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

Manisa şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan dabara

turkmenhabargullugy

Türkmenistan BMG-niň Birnäçe Halkara Resminamalaryna Goşulmagyň Ýolunda

Ulag Düzümleri Sebitleri Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürmegiň Möhüm Şertidir