14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Şekillendiriş Sungaty Muzeýiniň Ylymlar Gününe Bagyşlanan Sergisi

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleri Ylymlar gününe bagyşlanan sergini bezemeklige we onuň eksponatlaryny ýerleşdirmäge üýtgeşik çemeleşipdirler. Milli žiwopis mekdebiniň kemala gelmeginiň we ösmeginiň gözbaşy bolan Gündogar sungatlary Zarpçy mekdebiniň döredilenine şu ýyl 100 ýyl dolýandygy sebäpli tematiki sergide şu Mekdebiň wekilleriniň eserleri esasy orun tutýar.

… Döwlet arhiwiniň hazynasyndan wagtyň geçmegi bilen saralyp giden GSZM-niň okuwçylarynyň sanawy, okuwçylaryň, şol sanda Bäşim Nuralynyň hem kendir matada we kagyzda Gündogaryň özboluşlylygyny, döwre mahsus zatlar beýan eden ilkinji suratlary… goýlupdyr. Serginiň guramaçylary tematiki suratlary GSZM-niň okuwçylarynyň ikisi –Olga Mizgirýowa bilen Bäşim Nuralynyň hemişe görkezilýän işleriniň ýanynda ýerleşdiripdirler.

Wasiliý Demidenkowyň geçen asyryň 20-nji ýyllarynda çeken «Änew metjidiniň harabalagynda» atly suratynda kaşaň ýadygärligiň öňünde namaz okaýan egni donly ýaşuly şekillendirilipdir. Daşyndan bakanyňda gojanyň özi-de taryhy manzaryň bir bölegi ýaly görünýär. Suratyň ýordumynda milli medeniýet, däp-dessurlar we millilik sazlaşykly utgaşýar.

Sergeý Beglýarowyň suratlarydyr estamplary has köp goýlupdyr. «Çaýçy« atly suraty onuň ilkinji işleriniň biri. Ýetişikli çaýhanaçy müşderileriniň hyzmatyna gaýym… Beglýarowyň «Ýer gazyjylar» atly işi-de ekspressiýasy bilen güýçli täsir edýär. Onuň gülgüne-gögümtil reňki we diagonalyna birneme üýtgedilen rakursy zähmet adamlary barada žiwopis eseriniň ýordumyny güýçlendirýär. Olga Mizgirýowanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine hemişe gelip duranlara tanyş işleri-de şu temadan. Olaryň gahrymanlary – owadan we janypkeş, zehinli hem erjel, maşgala ojagyna berlen we çeper elli türkmen zenanlary.

GSZM-niň mugallymy Ruwim (Ilýa) Mazeliň işleri-de uly gyzyklanma döredýär, ol Aleksandr Waldyçuk bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji çeperçilik mekdebini döredipdiler. Onuň suratlarynyň birinde — «Erkek adamyň portreti» atly işinde gür buýra saçly, gara gözli ýigit şekillendirilipdir. Oňa seredeniňde suratyň gahrymany ýaşamaga we döretmäge howlugýan ýaly görünýär. Beýleki bir uly işi — «Oba gyzyl esgerleriň gelmegi» – diýlip atlandyrylýar. Mazeliň žiwopis usulyna mahsus akademizm onuň okuwçylarynyň işlerinde gabat gelmeýär. Munuň özi ussadyň şägirtleriniň döredijilik özbaşdaklygynyň açylmagyna ýardam eden parasatly halypa bolandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmen nakgaşlarynyň geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda ylma bagyşlanan belli suratlary bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Olaryň arasynda Aýhan Hajyýewiň tanymal «Ilkinji mugallym» atly işi-de bar, onda üsti kitaplardyr okuw esbaplary ýüklenen düýäniň owsaryndan çekip, ot ýaly gyzgyn çägeden ädinmläp barýan gyzyl esger şekillendirilipdir. Alysdaky obalaryň ilatyna bilim bermäge barýandygyna gowy düşünýän mugallym, hamala, jöwzany duýmaýan ýaly başyny belent tutup barýar.

Yzzat Gylyjowyň «Fizikler» suratynyň plaşşynyň ýakasy galdyrylan, ullakan portfelli gahrymanlarynyň garaýşynda ylma berlenlik duýgysy bar, onda Mihalil Rommyň «Bir ýylyň dokuz güni» atly tanymal fimine meňzeşlik duýulýar.

Meniň pikirime görä, Tokar Tugurowyň «Olar Güni boýun egdirýärler» atly suraty tematiki serginiň mazmunyny doly açyp görkezýär. Bir reňklilige golaý reňkler, özboluşly giňişlik çözgüdi we köpgatly ýordumy bilimler babatda ilkinjilere we batyrgaý alymlara – dürli taryhy döwürlerde ýaşan hem döreden türkmen alymlaryna bagyşlanan serginiň many-mazmunyny nygtaýar.

Tamara GLAZUNOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

GDA-dan Bolan Synçylar Toparynyň Ştaby Nobatdaky Habaryny Beýan Etdi

Türkmen milli oýunlary

syrach

Azerbaýjanda 9-njy oktýabrda prezident saýlawy geçirler.

syrach