6.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Sergisi we Maslahaty

Paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty öz işine başlady. Olar ýurdumyzyň telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän bu iri düzümiň döredilen gününe bagyşlanýar.

Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde telekeçilige aýratyn orun berilýär.

Bu barada milli Liderimiziň TSTB-niň sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda hem aýdylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şeýle dabaraly çäreleriň geçirilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Çünki, Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilýän ýylynda guralýan sergi hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine döwlet goldawlarynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýär.

“Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garap, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegini dowam etdireris. Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda aýdylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy açylyş dabarasyna gatnaşan hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan uly üns bilen diňlenildi.

Häzir öz ykdysadyýetini bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda ösdürýän ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamyny netijeli hem-de sazlaşykly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň şeýledigi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlaşdyrmakda öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçiligi goldamak syýasatyny dowam etmek bilen, telekeçiler üçin ýer böleklerini bermegiň düzgünini, karz, gümrük we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek barada görkezme berdi. Sebitlerde erkin ykdysady zolaklary döretmegiň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýär.

Bu çäreler kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama Türkmenistanda telekeçiligi işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

TSTB-niň döredilen gününden bäri döwlet-hususy telekeçilik gatnaşyklarynyň üstünligine we geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýän iri taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy. Diňe geçen ýyl hususy ulgamyň wekilleri senagat önümleriniň öndürilýän möçberini 103,5 göterim, oba hojalyk we azyk önümlerini 134 göterim artdyrdylar. Haryt dolanyşygy 103,7 göterim, ilata edilýän hyzmatlar 110,1 göterim ýokarlandy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ykdysadyýetiň hususy ulgamynda ilatyň 50,3 göterimi, döwlet-hususy görnüşdäki kärhanalarda bolsa ilatyň 22 göterimi zähmet çekýär.

Ykdysadyýetiň döwlet bölegini azaltmak boýunça wezipe milli Liderimiziň döwlet eýeçiligini yzygiderli hususylaşdyrmak baradaky umumy strategiýasyna girýär, munuň özi hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Hususy işewürligiň kärhanalary möhüm durmuş wezipesini çözmek bilen, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesini amal edýär. Şunda hususy telekeçilik ulgamynda işleýän zenanlaryň sanynyň umumy mukdarda 54,3 göterime barabardygy bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty telekeçilere dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary, halkara işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna hem-de hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda bu maksatlar üçin sanly tehnologiýalar giňden ulanylýar.

Muňa mysal hökmünde ýakynda geçirilen fransuz hususy işewürliginiň wekilleri hem-de TSTB-niň hemişelik hyzmatdaşlarynyň biri — “MEDEF International” assosiasiýasynyň telekeçileri bilen duşuşygy görkezmek bolar. Onuň barşynda işewür hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan isleg tassyklanyldy.

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde diňe gazanylan üstünlikler däl-de, eýsem, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly işjeňligini görkezýän işewürlik düzümleriň uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalara üns berlip, olaryň üsti bilen daşary ýurtlardan getirilýän hem-de eksport ugurly önümleriň önümçiligi boýunça wezipeler çözülýär.

Bu ýerde öz diwarlyklaryny sergä gatnaşyjylaryň iki ýüze golaýy, şol sanda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda iri möçberli döwlet taslamalaryny amala aşyrýan TSTB-niň düzümleri, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri görkezýärler.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň diwarlyklaryny bezemekde hem-de öndürýän dürli harytlarynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda bellenilýän şanly seneleriň — eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygynyň nyşanlary giňden ulanylýar.

Obasenagat toplumynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda ýöriteleşdirilen TSTB-niň agzalarynyň alyp barýan işleri sergide giňden beýan edilýär. Bu ulgamyň kärhanalary ýurdumyzyň azyk bolçulygyny berkitmäge mynasyp goşant goşýarlar.

Häzir telekeçiler et, süýt önümleriniň, çagalar iýmitiniň, gök we miwe şireleriniň, şireli suwlaryň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, balyk önümleriniň, süýji-kökeleriň dürli görnüşlerini öndürýärler. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bakja, gök we miwe, şol sanda ýurdumyz üçin adaty bolmadyk önümleriň öndürilişini artdyrýarlar.

Türkmen telekeçileri täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde oba hojalyk ekinlerini goşmaça ekmegiň, miweli baglar hem-de üzüm nahallaryny ekmegiň, ýyladyşhana hojalyklarynyň meýdanyny giňeltmegiň hasabyna azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýärler. Munuň özi içerki bazary önümler bilen üpjün etmäge hem-de eksport amallaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hususy oba hojalyk önüm öndürijileri umumy meýdany 356 gektardan gowrak bolan ýyladyşhana hojalyklarynyň 100-den gowragyny gurdular. Hojalyklaryň köpüsi döwrebap ýokary tehnologiýaly enjamlary hem-de ekinlere ideg etmegiň innowasion usullaryny peýdalanmak bilen tutuş ýylyň dowamynda gök önüm ýetişdirýärler.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda iri oba hojalyk kärhanalary, döwrebap ýyladyşhana hojalyklary, guşçulyk, maldarçylyk, balykçylyk, gök-bakja önümleri we miweleri gaýtadan işleýän önümçilik toplumlary bar. Şolaryň hatarynda “Nurly meýdan” daýhan hojalygy ýurdumyzda ilkinji gezek inkubasiýa guşçulygy boýunça taslamany durmuşa geçirdi. Bu taslama broýler towuk etini we ýumurtgany senagat önümçiligine çykarmaga mümkinçilik berip, ulgamda ulanylýan tehnologiýany peýdalanmaga kömek edýär. Bu hojalyk Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ozal ýurdumyzyň çäklerinden daşarda satyn alynýan mallar üçin iýmleriň önümçiligini özleşdirdi.

Balygy köpeltmek we gaýtadan işleýän “Hazar balyk” toplumy, “Ajaýyp ussat halal önümleri”, “Ak toprak” kärhanalary, “Hoş zaman” guşçulyk toplumy, “Bereketli”, “Altyn hilal”, “Toý zaman” hojalyk jemgyýetleri we beýlekiler azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde we öňdebaryjy dünýä tejribesini ulanmagyň oňyn netijelerini görkezýärler.

Her ýyl geçirilýän sergä — TSTB-niň ähli agzalary üçin möhüm hasabat çäresine gabatlanyp, täze önümleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilýär. Ine, bu sergide hem şeýle boldy. “Owadan ülke” zawodynda çykarylýan “Nur” söwda nyşanly önümleriň hatarynda souslaryň täze görnüşleriniň üçüsi — peýnir, sarymsak we kömelek souslary, gawundan ýasalan dürli önümler (gawun şerbedi, marinada ýatyrylan gawun, gawun mürepbesi) peýda boldy. Ýakyn wagtda satuwda süýji-köke öndürijiler üçin pýure peýda bolar. Olar hem sergide süýji önümleriň dürli görnüşlerini görkezýärler. Mälim bolşy ýaly, “Hasar”, “Misgär”, “Duýgy” kärhanalarynyň we beýlekileriň önümleri ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem tanalýar. Şeýle hem bu ýerde çörek we çörek önümleriniň baýramçylyk görnüşinde bezelen görnüşleri görkezilýär.

Sergide “Aýaz baba”, “Elin”, “Gönezlik”, “Täze aý önümleri”, “Ýüpek ýoly gurluşyk”, “Ýaşyl ýaýla” hojalyk jemgyýetleriniň, “Şawat” paýdarlar jemgyýetiniň we beýleki önüm öndürijileriň dürli süýt önümleri görkezilýär. “Erteki”, “Täze aý” söwda nyşanly doňdurmalaryň görnüşleri ýylsaýyn artyp, olar hem eksport ugurly haryda öwrüldi.

“Akdaş miwe içgileri”, “Berk akar”, “Ýakymly kümüş suwy”, “Biýat”, “Döwür gurluşyk”, “Çäksiz lezzet”, “Mahmal zip” hojalyk jemgyýetleri we beýlekiler tebigy gök we miwe suwlarynyň, şireleriň we içgileriň, arassa agyz suwunyň dürli görnüşlerini görkezýärler.

“Parahat” hususy kärhanasynyň diwarlygynda ýerli çig malyň esasynda öndürilýän, emeli goşundylary bolmadyk çagalar iýmitiniň — gök we miwe pýuresiniň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Kärhananyň diwarlygynda ýurdumyzda giňden tanalýan hem-de eksport ugurly önümler — “Joş”, “Eçil” şire suwlary, “ÖZI” nyşanly içgiler, sowuk çaý, dürli goýultmalar hem-de ýerli çig maldan şireli suwlary öndürmek üçin goşundylar, saklaýyş möhleti dowamly bolan süýt we süýt önümleri görkezilýär. Täze önümleriň hatarynda “Däp” söwda nyşanly içilýän ýogurtlar hem bar.

“Parahat” hususy kärhanasy ýurdumyzda ilkinji bolup, şol önümleriň ençemesini öndürdi, kärhananyň zawodlarynyň bolsa sebitde deňi-taýy ýok.

Telekeçiler sergä gelenleri ýyladyşhana enjamlarynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar hem-de ekologiýa babatda geçirilýän işler bilen tanyşdyrýarlar.

Häzirki wagtda oba hojalyk işewürliginiň gök ekerançylyk, bagçylyk we gülçülik ýaly ugurlary işjeň ösdürilýär. “Ter”, “Ýigit”, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetleriniň, “Has”, “Ýakyn dost” kärhanalarynyň, “Parasatly” daýhan hojalygynyň we beýlekileriň ekologiýa taýdan arassa we özüne çekiji önümleri munuň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň kärhanalarynyň mynasyp bolan ISO we NASSR halkara güwänamalary olaryň çykarýan azyk önümleriniň ýokary hiline we ekologiýa taýdan howpsuzlygyna şaýatlyk edýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy bilen döredilen “Hil standart” hojalyk jemgyýeti azyk önümleriniň howpsuzlygynyň goragynda durup, ýurdumyzda azyk önümleriniň howpsuzlygyny seljermek boýunça ilkinji barlaghana merkezidir. Bu düzümiň azyk önümlerini seljerme babatda ygtyýarlylygy standart boýunça ISO/IEC17025:2017 halkara akkreditasiýasy bilen tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekdäki mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş serginiň esasy çäreleriniň biri boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow işewürler birleşmesiniň öňünde internet arkaly söwdalaşyklaryň möçberini artdyrmak, ýurdumyzyň içinde elektron söwdasy üçin öz meýdançalarymyzy döretmek, Diýarymyzda öndürilýän harytlaryň halkara giňişlikdäki mahabatyny güýçlendirmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri goýdy.

Mälim bolşy ýaly, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleýän hususy kompaniýalar internet söwdasynyň gerimini giňeldýärler, ykjam elektron goşundylary döredýärler, şonuň ýaly-da, öndürilýän harytlary ara daşlykdan ýerlemek üçin meşhur internet meýdançalarynyň mümkinçiliklerinden barha köp peýdalanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, “Kerweniň” soňky taslamalarynyň birini mysal hökmünde bellemek bolar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de “Türkmen-Tranzit” kompaniýasy bilelikde ony durmuşa geçirmäge girişdiler. Ol önüm öndürijileriň we alyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýönekeýleşdirýän elektron onlaýn söwda binýadydyr. Taslama ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilişini üpjün etmäge, söwdany awtomatlaşdyrmaga, söwda dolanyşygynyň mukdaryny hem-de býujete salgytlaryň gelip gowuşmagyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Telekeçiler döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen elektron senagaty döretmek hem-de ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmäge işjeň goşulyşdylar. Şunda ýokary netijeli ekologiýa taýdan arassa önümçilige, ähli pudaklarda sanly ulgamy hem-de tehnologiýa täzeliklerini ornaşdyrmaga uly üns berilýär.

Sergide ýurdumyzyň daşary ýurtlarda öndürilýän önümlerden asla kem durmaýan hem-de alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýan durmuş tehnikasyny — gaz hem-de elektrik plitalaryny, howur peçlerini, mikrotolkunly peçleri, smart-telewizorlary öndürijileriň diwarlyklary ünsüňi özüne çekýär.

Häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň diwarlyklary bu ýere gelýänleriň ünsüni bada-bat özüne çekýär. Hojalyk jemgyýeti 2017-nji ýylda energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa, 3 W-dan 96 W-a çenli LED çyralaryny, awtoulag ýollaryny yşyklandyrmak üçin ýokary woltly alýumin prožektorlary öndürip başlady, şonuň ýaly-da, her ýyl 1-nji synpa gelýän çagalara gowşurylýan okuw kompýuterleriniň önümçiligini ýola goýdy.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň hem-de Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň işjeň gatnaşmagynda döredilen bilelikdäki kärhananyň — ýurdumyzyň elektron senagatynyň ilkinji kärhanasynyň tejribesi çuň mana eýedir, sebäbi, ol döwletiň hem-de hususyýetçileriň ýokary derejedäki hyzmatdaşlygynyň mysalydyr.

Bu hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň görnüşleriniň sany yzygiderli artýar we iki simkartly öýjükli telefonlary, smartfonlary, dürli görnüşli monobloklary, smart-telewizorlary, split-kondisionerleri, internet ulgamyny paýlaýjylary — routerleri, şonuň ýaly-da, suwy sowatmaga hem-de gyzdyrmaga niýetlenen kulerleri öz içine alýar.

Kompaniýa tarapyndan öndürilýän suwuk-kristal ekranly, 32 we 42 dýuým ölçegli “Tolkun”, 55 dýuýmly “Zemin” telewizorlary degişli iň gowy dünýä nusgalary bilen bäsdeşlige ukyplydyr. Geçen ýyl kärhana internet ulgamynda resmi saýt arkaly olary ýerläp başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilmegi diňe bir importuň möçberini azaltmaga mümkinçilik bermän, eýsem, ilaty uly isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Sergä gelenler “Türkmen ýyldyzy” kärhanasynyň işi bilen tanşyp bilýärler. Ol beketleri, elektrik hereketlendirijileri, generatorlary hem-de transformatorlary gurnamak, ýeňil we düýpli bejermek, elektrik enjamlarynyň ähli görnüşlerini synagdan geçirmek boýunça öz mümkinçiliklerini görkezýär.

Däp bolşy ýaly, sergide gurluşyk ulgamyndaky telekeçileriň işleri hem görkezilýär. Hususy kompaniýalara döwlet maksatnamalarynyň çäklerindäki, şol sanda Aşgabady abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly iri buýurmalary ýerine ýetirmek ynanylýar. TSTB-niň agzalary ýaşaýyş jaýlarynyň tutuş tapgyrlaryny, kottej toplumlaryny, seýilgäh zolaklaryny, dolandyryş-işewürlik etraplaryny, paýtagtymyzyň giň möçberli düzüm desgalaryny gurýarlar.

Diňe 2020-nji ýylda ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan Aşgabatda hem-de sebitlerde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 44-siniň gurluşygy tamamlandy, önümçilikleriň birnäçesi işe girizildi.

Örän iri döwlet buýurmalarynyň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň, Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyny, Aşgabat-sitiniň desgalaryny hem-de paýtagtymyzy gurmagyň nobatdaky 17-nji tapgyryny görkezmek bolar.

Ulag-logistika kompaniýalary hem sergide öz gazananlaryny hem-de mümkinçiliklerini görkezýärler. Bu ulgamda giň möçberli halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda olaryň işleri aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Sergi merkeziniň meýdançasynda ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň — daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän senagat ugurly kärhanalaryň döredilişi bilen tanşyp bolýar. Bu döwlet Baştutanymyzyň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat hem-de önümçilik desgalarynyň birnäçesini gurmak baradaky Karary bilen baglylykda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Serginiň çäklerinde bu ugur boýunça 60-dan gowrak kärhananyň işleýändigini bellemek gerek.

TSTB-niň agzalaryna iň döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly gazylyp alynýan ýerasty baýlyklary işläp bejermek boýunça taslamalar ynanyldy.

Sergä gelenler telekeçileriň gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine goşýan goşantlary hakynda hem maglumat alyp bilerler. Mundan birnäçe ýyl ozal hem gurluşyk serişdeleriniň bazarynda import önümleri agdyklyk edýärdi. Häzir telekeçilik pudagynyň depginli ösdürilmegi netijesinde, ýagdaý düýpli özgerdi. Mundan başga-da, ýerli we daşary ýurtly kompaniýalar Türkmenistanda öndürilen gurluşyk serişdelerini barha köp saýlaýarlar. Sebäbi olar daşary ýurtlardan getirilýän önümlerden hili boýunça birjik-de pes däldir hem-de bahasy elýeterlidir.

Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüşi köp babatda TSTB-niň sergilerine yzygiderli gatnaşýan “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň işi bilen baglydyr. Onuň kärhanalarynda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem isleg bildirilýän ýokary hilli importyň ýerini tutýan önümleriň 1500-den gowrak görnüşi öndürilýär. Şolaryň hatarynda turbalaryň ýüzlerçe görnüşi, kabeller, asma petikler, penjirelerdir gapylar üçin profiller, jemagat hojalygynda hem-de gurluşykda giňden ulanylýan polietilenden, polipropilenden we poliwinilhloridden öndürilen beýleki önümler bar. Mundan başga-da, kärhana “Derýakeramika” söwda nyşany bilen ýokary hili, görnüşleriniň köpdürlüligi, döwrebap bezegi bilen tapawutlanýan kafel plitalaryny hem-de santehnik faýans önümlerini görkezýär. Söwda-senagat edarasynyň sergi merkeziniň meýdançasynda täze görkezilýän önümleriň sanawynda dürli göwrümli suw gyzdyryjylar, ýyladyş ulgamy üçin alýumin radiatorlar bar.

“Çaly” hususy kärhanasy innowasion tehnologiýalar boýunça öndürilen gurluşyk serişdeleriniň giň toplumyny görkezýär. Penopolistiroldan önüm öndürmekde tanalýan “Ak hünji” kärhanasy öz önümleriniň giň toplumyny hödürleýär.

Senagat ulgamynda gazananlaryny, keramiki plitalary, bazalt süýümini, turbalary, kerpiç, demirbeton gurnamalaryny, gidroizolýasiýa serişdelerini, ýuwlan çägäni, penopolistiroly, keramziti, emulsiýalarydyr boýaglary, elektrik kabelleri hem-de şlanglary, ýol jähek daşlaryny we kafelleri, gury gurluşyk garyndylaryny, ýag, howa süzgüçlerini, akumulýatorlary we beýlekileri öndürýän kärhanalar hem görkezdi. Bu ugurda öz önümlerini görkezýänleriň hatarynda “Ak gaýa” hojalyk jemgyýeti, “Ak ýaýla”, “Saka” kärhanalary bar.

Türkmenistanyň tebigy gorlarynyň esasynda ösdürilýän himiýa önümçiligi bilen meşgullanýanlaryň sany hem artýar. Durmuş himiýa önümlerini mahabatlandyrýan diwarlyklar hem ünsüňi özüne çekýär. “Şatumar”, “Täç hil”, “Argyş” we beýleki köp sanly hususy kärhanalar ýurdumyzyň sintetiki ýuwujy hem-de zyýansyzlandyryjy serişdeleriniň, kosmetika we parfýumeriýa önümleriniň bazaryna çykarýan täze önümlerini görkezdiler.

Telekeçilik mümkinçilikleriniň bu gezekki gözden geçirilişiniň esasy maksatlarynyň biri geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä uly üns berýär. Himiýa pudagynda suwuklandyrylan gaz, tebigy gazdan karbamid we ammiak, grafitden elektrod öndürmek boýunça kärhanalar şolara degişlidir.

Sergä gatnaşýanlaryň ençemesi halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmakda hususy pudagyň mümkinçiliklerini görkezýärler. Şolaryň hatarynda döwrebap egin-eşikleri, aýakgaplary hem-de uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän dokmaçylary hem-de aýakgapçylary — “Röwşen”, “Batly gadam”, “Lagly merjen”, «Polat dokma we söwda” kärhanalaryny, “Bäşim Gandym” hojalyk jemgyýetini görkezmek bolar.

Aşgabadyň “Abadanhaly” haly kärhanasynyň işini senagat pudagynda ýetilen sepgit hökmünde görkezmek bolar. Kärhana sergide dürli görnüşli halylary we özboluşly reňklere beslenen palaslary hödürleýär. Önümleriniň ep-esli bölegi ýerli çig malyň esasynda polipropilen süýüminden öndürilýän bu döwrebap kärhananyň harytlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar.

Telekeçiler halyçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýarlar. Häzirki wagtda täze haly önümçilikleri döredilýär, içerki we daşarky bazarlarda haly önümleriniň ýerlemegiň möçberleri artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halylaryň, haly we sowgatlyk önümleriniň elektron söwdalaryny ýola goýmak hem-de şu maksatlar bilen sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmeginiň zerurdygyny belleýär.

Mebel toplumynyň “Çigildem”, “Abraýly önüm”, “Durmuş dowamy”, “Belent akaba”, “Agaýana” kärhanalary öz gazananlary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar.

Bilim taslamalarynyň onlarçasyny durmuşa geçirýän Telekeçilik mekdebi, dürli okuwlary, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmek hem-de kompýuter sowatlylygy boýunça okuwlary guraýan “Päk nesil” hem-de “Dalçyn” ýaly hususy merkezleri serginiň meýdançalarynda TSTB-niň agzalarynyň bilim babatdaky mümkinçiliklerini beýan edýärler.

Telekeçiler hyzmat ediş hem-de söwda ulgamlaryny ösdürmekde maýa goýumlaryny gönükdirýärler, ilata durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlarynyň giň görnüşini hödürleýärler. “Toý mekany hyzmat”, “Nurly çyrag”, “Altyn toý mekany”, “Iki bürgüt”, “MB” restoran” hojalyk jemgyýetleri, “Maýam” himiki arassalaýyş hyzmatlar kärhanasy, “Mahabatly ýollar” hususy kärhanasy we beýlekiler öz hyzmatlaryny beýan edýärler.

“Asman” modalar öýüniň önümleri sergä gelenler üçin ajaýyp sowgat boldy. Onda “Asman gülleri” bahar-tomus toplumynyň gaýtalanmajak görnüşleriniň 38-si görkezildi. Milli äheňdäki zenan lybaslaryny döretmek bu modalar öýüniň esasy iş ugrudyr.

Halk senetçiligi, amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan türkmen işewürleriniň işleri milli medeni mirasymyzy wagyz etmäge ýardam berýär. Sergide ajaýyp halylar, zergärleriň, keşdeçileriň täsin işleri bilen tanşyp bolýar. Şu ýerde milli äheňde ýerine ýetirilen, şol sanda taryhy ýerleri, paýtagtymyz, Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan gözel künjekleri şekillendirilen sowgatlyk önümleri hem görkezilýär.

Günüň ikinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirilen maslahatda esasy döwlet maksatnamalary, ilkinji nobatda, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda, ýurdumyzyň işewürler birleşmesiniň ýeten sepgitleridir maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde TSTB-niň dürli ugurlar boýunça işi hakyndaky çykyşlar diňlenildi, hormatly Prezidentimiziň hususy pudagyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek — şol sanda iri döwlet buýurmalaryny ýerine ýetirmek hem-de maýa goýum taslamalary, beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýdyldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berilýän goldawyň, döwletiň hususy telekeçiligi ösdürmek üçin döredýän amatly şertleriniň türkmen telekeçilerine geljege ynam bilen garamaga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň bähbidine tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi bu gün Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitlerinde döwlete degişli däl pudakda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň aýdyň beýanydyr. Bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilmegi hem-de ýurdumyzyň işewürler birleşmesine döwlet tarapyndan aýdyň maksada gönükdirilen kömegiň berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan beýik işleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr hem-de milli Liderimiziň ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Telekeçiligiň gazananlarynyň sergisiniň ýurdumyzda şanly seneleriň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda geçirilýändigi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäniň iň durnukly ösýän döwletleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrýar. Bu ugurda belent sepgitlere ýetilmeginde ykdysadyýetiň hususy ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelerden ruhlanyp zähmet çekýän telekeçileriň hem mynasyp goşandy bar.

Bu gün milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge hususy işewürleriň giňden gatnaşmagyna mümkinçilik berýän binýat, degişli düzümler kemala getirildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň öňe ilerlemeginde ykdysadyýetiň hususy pudagynyň uly kuwwata eýedigini yzygiderli nygtaýar. Serginiň baş maksady kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekdäki üstünlikleri hem-de mümkinçilikleri, düýpli özgertmeleri, onuň innowasion binýadyny, esasy zat bolsa, döwletiň we hususy bölegiň hyzmatdaşlygynyň netijeliligini açyp görkezmekden ybaratdyr. Şol hyzmatdaşlygyň özeninde bolsa eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek wezipesi durýar.

Ertir sergi öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde TSTB-niň dürli ugurlar boýunça “Ýylyň iň gowy telekeçisi” atly bäsleşiginiň jemleri jemleniler.

Degişli makalalar

Konstitusion Toparyň Ýanyndaky Iş Toparynyň Maslahaty

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Bilermenleri Bilen Wideo-Maslahat

Aşgabatda Eýran Sergisi Açyldy

syrach