6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Seýdiniň Nebti Gaýtadan Işleýän Zawody Ýyllyk Tabşyrygy Artygy Bilen Ýerine Ýetirdi

Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawody 2018-nji ýyly nebit önümleriniň nobatdaky tapgyryny eksporta ugratmak bilen jemleýär. Nebit önümlerini öndürmegiň ýyllyk tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirilip, olaryň aglaba bölegi eksporta iberildi. Ýylyň dowamynda bu ýerde ýarym million tonnadan gowrak awtomobil benzini, dizel ýangyjy, mazut we ýol bitumy öndürildi.

Giç nebitiň we gaz kondensatynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ýokary hilli nebit önümleri alyndy. Baryp geçen asyryň 90-njy ýyllarynda zawodyň hünärmenleri GDA ýurtlarynyň ugurdaş kärhanalarynyň arasynda ilkinji bolup, Lebap welaýatynyň ýataklaryndan alynýan gaz kondensatyny gaýtadan işlemegi özleşdirdiler we ýola goýdular. Gaz kondensatyndan alynýan açyk reňkli nebit önümlerine dünýä bazarlarynda isleg uludyr. Şu ýyl Naýypdaky we Bagajadaky gazy gaýtadan işleýän toplumlardan Seýdiniň nebit zawodyna bu gymmatly uglewodorod çig malynyň çärýek million tonnasy gelip gowuşdy.

Zawodda önümçilik işi tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylýar, täze kuwwatlyklar işe girizilýär. Soňky ýyllarda katalitik reforming enjamynyň durky toplumlaýyn täzelendi, ýokary hilli ýol bitumyny öndürýän enjam işe girizildi. Kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenen elektrikduzsuzlandyrma blokly nebti atmosferaly işläp saplaýan “ELOU-AT” enjamynyň gurluşygyna halkara bäsleşigi yglan edildi.

çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Ýolbaşçylaryna Sankt-Peterburg Şäheriniň Metrosynda Bolan Partlama Zerarly Gynanç Bildirdi

Küşt Boýunça Halkara Ýaryşda Gazanylan Kümüş Medal

Bagtly Maşgala Karzy