15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
DURMUŞ

Seýdiniň NGIZ-de Iri Möçberli Işler Giň Gerim Alýar

Şu ýylyň başyndan bäri geçen dört aýyň jemleri boýunça Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary netijeler gazanyldy. Kärhananyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny ýokarlandyrmak bilen, zawodyň işgärleri bütin ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine düýpli goşant goşýarlar.

Bilşimiz ýaly, önümçiligi çig mal bilen üpjün edip durmak islendik gaýtadan işleýän kärhananyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biridir. Şu jähtden SNGIZ-de düýpli özgertmeler geçirildi. Hasabat döwründe kärhana meýilnamada bellenilenden 60 tonna artyk çig mal bilen üpjün edildi. Netijede, ýanwar-aprel aýlary üçin çig maly gaýtadan işlemekligiň meýilnamasy 138 göterim ýerine ýetirildi.

Netijede öndürilýän nebit önümleriniň möçberi durnukly ýagdaýda ösýär. Ýylyň geçen döwründe nebit önümlerini öndürmek boýunça meýilnama 160,1 göterim ýerine ýetirildi. 45,7 müň tonnadan gowrak gymmat bahaly ýangyç bellenilen meýilnamadan artyk öndürildi. Mysal üçin, geçen dört aýda bellenilen meýilnamanyň üstüne dizel ýangyjynyň 14,4 tonnadan gowragy artyk öndürildi.

Kärhanada, şeýle hem, çig mal serişdelerini çuňlaşdyryp gaýtadan işlemeklige gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar. Geçen ýylyň başynda ýol bitumyny gaýtadan işleýän has kämilleşdirilen desganyň ulanyşa girizilmegi muňa aýdyň mysal bolup biler. Häzirki zaman bu enjamynyň ýyllyk kuwwaty 37,2 müň tonna ýol bitumyny öndürmäge ukyplydyr.

Täze enjamlar öndürilýän ýol bitumynyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de önümçiligiň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Täze önümçilik kärhanasynda işleriň depgini barha ýokarlanýar. Şu ýylyň geçen döwründe bellenilen meýilnama üstünlikli ýerine ýetirilmek bilen çäklenmän, eýsem şol önümiň 224 tonnasy artyk öndürildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegiň artdyrmak hem-de ýurduň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarynda öndürilýän önümleri düýpli hilini gowulandyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitläp berdi. Şunuň bilen baglylykda zawodda önümçiligi düýpli özgertmek boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde ЛЧ-35-11/1000 katalitiki riforming enjamynyň durkuny täzelemek boýunça guramaçylyk işleri geçirilýär. Iri möçberli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we enjamyň ulanyşa girizilmegi her ýylda 500 müň tonnadan gowrak ýokary oktanly awtomobil ýangyjyny öndürmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa öz gezeginde ýerli awtoulaglary ekologiki taýdan arassa ýangyç bilen doly üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

— «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda» dürli ulgamlardaky hünärmenler öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin arassa ahlakly zähmet çekýärler. Ýyly üstünlikler bilen jemlemek hem-de ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklary mynasyp  netijeler bilen garşylamak biziň iň esasy maksadymyz — diýip, kärhananyň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Ahmet Annamyradow gürrüň berýär.

Degişli makalalar

Köpetdagyň Eteginde Döwrebap Bejeriş-Sagaldyş Toplumy Bina Edilýär

Türkmenistanyň Dermanlyk Ösümlikleri

syrach

Oraza Baýramy

syrach