Bekrewe ýaşaýyş jaýlar toplumynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň golaýynda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze binasy gurulýar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Кämil ymarat» hususy kärhanasy bilen taslamany durmuşa geçirmäge şertnama baglaşdy. Häzirki wagtda SÝDGYBI-nyň edara we laboratoriýa jaýlary bina edilýär. Binany 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
12 müň inedördül metrden gowrak meýdanda dört gatly edara jaýy, iki laboratoriýa, tehniki zal, ulag duralgalary ýerleşdiriler.
Esasy edara jaýynda ýerleşdiriljek laboratoriýalaryň altysyna ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin ýörüte sanly enjamlar berler. Aýry duran bir gatly jaýlaryň ikisi gurluşyk materiallarynyň we konstruksiýlaryň berkligini hem-de ygtybarlylygyny barlamak üçin döwrebap synag enjamlary bilen üpjün ediler.
YBI-nyň edara jaýynda maglumatlar merkezini döretmek göz öňünde tutulýar, oňa desgalaryň we onuň töwregindäki ýerleriň topragynyň ýer titremelerindäki yrgyldylary barada inženerçilik-seýsmometrik barlag nokatlaryndan maglumatlar gelip gowşar. Şeýle ýol bilen alnan maglumatlar alymlara we hünärmenlere binalaryň seýsmiki täsirlere durnuklylgyny hasaplamak usulyny kämilleşdirmek, seýsmiki ýagdaýa durnulylyga ylmy barlaglaryň we hasaplamaryň netijelerini derňemek, şeýle hem hereket edýän kadalaşdyryjy düzgünleri takyklamak we ýer titremeleriň ýygylygyna inženerçilik nukdaý-nazardan baha bermek üçin gerekdir.
Mundan başga-da, täze binada seýsmik ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň taryhy müzeýini, şeýle hem 1948-nji ýyldaky weýrançylykly Aşgabat ýer titremesi barada sergi döretmek göz öüňnde tutulýar.