8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Sinhaý Welaýatynda Ilkinji Türkmen-Hytaý Maslahaty Geçirildi

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinhaý welaýatynyň Sinin şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy baýramçylygy mynasibetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdalygy boýunça ilkinji türkmen-hytaý Maslahaty geçirildi. Maslahata Sinhaý welaýatynyň döwlet gurluşlarynyň, dolandyryş merkezleriniň we işewür toparlarynyň ýüzlerçe wekilleri, şeýle hem biziň ýurdumyzyň telekeçileri, bu welaýatyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Sinhaý welaýatynyň Halk hökümeti we Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaki ilçihanasy bu maslahaty guraýjy bolup çykyş etdiler. 

Sinhaý welaýatynyň wise-gubernatory Ýan Çin Haý bu ýere ýygnanlara ýüzlenip aýdan gutlag sözünde bu geçirilýän maslahat Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerkeşýän ýurtlar bilen işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek Maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýar diýip, nygtady. Hytaýyň bu sebitiniň hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan bu Maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri hem hytaý we türkmen kompaniýalarynyň arasynda göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak bolup durýar. “Biz maýa goýum hyzmatdaşlygynyň, söwda gepleşiklerini geçirmegiň, biziň döwletlerimiziň döwlet we hususy gurluşlarynyň arasynda maglumatlary we tehniki taýdan alyş-çalyş etmek platformasyny döretmek baradaky ideýany hemmetaraplaýyn goldaýarys hem-de Türkmenistanyň we Hytaýyň telekeçileriniň bilelikdäki maýa goýumlaryny amala aşyrmakda ýardam bermäge taýýardyrys” diýip, wise-gubernator belledi. 

Türkmen wekilýetiniň agzalary ýurtda amala aşyrylýan iri göwrümli özgertmeler bilen maslahata gatnaşyjylary tanyşdyrdylar. Bellenilşi ýaly, ykdysady mümkinçilikleriň düýüpli ösmegi dünýä belli kompaniýalar we önüm öndürijiler bilen, şol sanda Hytzý Halk Respublikasyndan hem, işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar. 

Çykyş edenleriň temalary Türkmenistanyň we Hytaýyň sebitleriniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň gelejegini öz içine alýar. Garalan meseleleriň arasynda – hebithimiýa senagatynyň önümleriniň we enjamlarynyň önümçiligi we gaýtadan işlemek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ýaly meseleler bar. 

Üstaşyr-ulag geçelgeleriniň gurluşygy boýunça taslamalary nazara almak bilen, Sinhaý bilen Türkmenistanyň arasynda ulag-logistika toruny döretmegiň ýollaryna bu ýere ýygnanlar örän uly üns berdiler. Gatnaşygyň bu görnüşinde häzirki hereket edýän “Sinhaý-Urumçy”, “Hytaý-Merkezi Aziýa”, “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýollaryny, transmilli awtomagistrallary we “Aşgabat-Urumçy-Sinin” howa ýolyny ulanmagyň gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Sinhaý welaýatyndan Türkmenistana gurluşyk önümlerini eksport etmegiň we biziň ýurdumyzdan haly we haly önümlerini import etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi goşmak bilen, ýurtlaryň telekeçilik gurluşlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri aýratyn tema boldy. Şonuň bilen birlikde, azyk we dokma önümleri senagatynyň eksport-import işlerini amala aşyrmak barada çykyşlar edildi. 

Ynsanperwer ulgamy esasy ugurlaryň hatarynda atlandyryldy. Şunlukda, medeniýet ugry, ylym, bilim we syýahatçylyk ulgamlary boýunça has ýakyndan hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigi aýratyn nygtaldy. Maslahata gatnaşyjylar ikitaraplaýyn maglaumatlar alyş-çalşyny ýola goýmak barada hem öz pikirlerini beýan etdiler. 

Maslahat tamamlandan soňra oňa gatnaşyjylar her ýylda geçirilýän Tibet halylarynyň halkara segisine baryp gördüler. Bu ýerde ajaýyp nusagawy ýüňden we ýüpekden taýýarlanan türkmen halylary bilen Türkmenistanyň milli pawilýony görkezilýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Sebit Ekologiýa Maksatnamasynyň Ileri Tutulýan Ugurlary Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Oraza Baýramy

syrach

“Der Tagesspiegel” Bodrum Türkiýäniñ iñ owadan dynç alyş merkezlerinden biri.

syrach