13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Soltan Tekeş

Horezmşa Tekeşiň (hökümdarlyk ýyllary 1172-1200ý.) doglan wagty hakda taryhy çeşmeler bize hiç zady habar bermeýär. Biz diňe onuň kakasy Il Arslanyň 1117-1118-nji ýyllarda doglandygyny, 17-18 ýaşlarynda öýlenendigini hasaba alyp, Tekeşiň 1135-1136-njy ýyllarda doglandygyny çaklaýarys. Eger şeýle bolsa, Tekeş 37-38 ýaşynda Horezmşalar şadöwletiniň tagtyna geçen bolýar. Tekeşiň adyna Buharada hutba okalyp, pul zikgelenipdir.

Tekeş ökde diplomat bolupdyr. Soltanyň şahsy kätibi Muhammet Bagdadynyň «At-tawassul ila-t-tarrasul» («Işjeň hat alyş-çalşygy barada gözlegler») işi türkmen diplomatiýasynyň taryhy boýunça gymmatly çeşmedir. Soltan Tekeş Abbasy halyfynyň Yrak seljuklarynyň mirasyna doly eýe çykmak baradaky talabyna garşy çykypdyr. Alp Garanyň baştutanlygyndaky gypjak taýpalaryny öz gullugyna çekmegi başarypdyr. Gypjaklar bilen ýaranlygyny berkitmek üçin gypjak hany Jankişiniň gyzy Türkan hatyna öýlenipdir (ol baýat taýpasyndandyr – J.G.). Türkan hatyn ýany bilen Horezme uran, garlyk, ugrak, halaç ýaly türki taýpalary göçürip getiripdir. Guruň soltany Gyýaseddin al-Gury bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga çalşypdyr. Birek-birege ýazan hatlarynda olar «dogan» («byradar») diýip ýüzlenipdirler. Nusaýyň emiri Ymadeddin Muhammet hem Tekeşi zerur wagtynda goldap durupdyr. Häzirbegjandaky Ildeňizli atabegi Muhammet Jahan Pälwan (1175–1186) Tekeş bilen dostlukly gatnaşyklary saklan goňşy hökümdarlaryň biri bolupdyr. Tekeşiň diwanynyň başlygy Bahaeddin Muhammet al-Bagdady tarapyndan Horezmşanyň oňa ýazan dört haty saklanyp galypdyr. Dostluga, hoşniýetlilige ýugrulan bu hatlaryň mazmunyndan görnüşine görä, Tekeşiň Ildeňizli atabegligi bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga çalşandygy görünýär. Ol atabege «beýik mertebeli doganym» («byradary humaýun») diýip ýüzlenipdir. Atabegiň ýollan Salaheddin atly ilçisi uzak wagtlap Horezmde bolupdyr.

Tekeş Jahan Pälwanyň ogly atabeg Gyzyl Arslan (1186–1191) bilen hem dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Horezmşa Tekeş 1182-nji ýylyň 23-nji awgustynda Häzirbegjandaky Şirwanşalar döwletiniň baştutany Menuçehre ilçi ýollapdyr.

Tekeş käbir garşydaşlaryna garşy göreşmek üçin özüniň öňki duşmanlaryny hem wagtlaýyn ýaranlyga çekmegi başarypdyr. Haçanda Gur soltany Gyýaseddin Bagdat halyfynyň islegi boýunça Tekeşiň garşysyna Horasana ýörişe taýýarlyk görende, Tekeş garahytaýlara kömek sorap ýüz tutupdyr. Taýankunyň serkerdeligindäki garahytaý goşuny 1198-nji ýylda Amyderýadan geçip, oňa kömege gelipdir.

Tekeş ajaýyp serkerde bolupdyr. Döwrüniň syýasy ýagdaýlaryndan oňat baş çykaran Tekeş Mawerannahry we Yragy-Ajamy döwletiniň çäklerine birikdiripdir. Tekeşiň döwründe goşun başda kaňly-gypjaklar bilen birlikde halaç, garlyk, uran, ugrak ýaly taýpalardan ybaratdy. Orta asyr awtory Rawendiniň maglumatyna görä, soltan Tekeşiň köşgündäki 1195-nji ýyla degişli goşun depderlerinde takmynan 170 müň adam hasaba alnypdyr. Erbil atabegi Muzaffareddin Gökböriniň ilçisi Horezmden yzyna dolananda öz hökümdaryna Horezmşanyň ygtyýarynda 350 müň esgerli goşunyň bardygyny habar beripdir.

Orta asyr awtorlarynyň habar bermegine görä, Tekeş öz raýatlaryna adalatly çemeleşen soltan bolupdyr. Ol örän ýiti akyllylygy bilen tapawutlanypdyr. Aýtmaklaryna görä, Tekeş saza aýratyn sarpa goýupdyr. Hiç kim ud saz guralynda onuň ýaly ajaýyp sazlary çalmandyr. Taryhçy Sybt ibn Jöwzi Gyzoglynyň ýazmagyna görä, ysmaýylylar Horezmşany öldürmäge öz jansyzlaryny iberende, soltan udda saz çalyp: «Men seni tanadym, öz janyňy halas et we gaç!» diýen beýdi aýdyp oturan eken. Muny eşiden jansyz derrew gaçypdyr. Emma ele düşüp, Horezmşa tarapyndan jezalandyrylypdyr.

Tekeşiň köşgi alymlaryň jemlenen ýeri bolupdyr. Taryhçy Ibn Esir ol hakda: «Ol juda bilimli we ylmyň dürli pudaklaryndan oňat baş çykarýan hökümdar bolupdyr. Adalatlylygy, adamkärçiligi we alyp baran haýyr-yhsan işleri bilen öz raýatlarynyň arasynda uly abraýdan we hormatdan peýdalanypdyr» diýip ýazypdyr. Tekeşiň kakasyna, atasyna gulluk eden Watwat onuň hem arzyly kätibi eken. Watwatdan soň Tekeşiň köşk diwanynyň baştutany Bahaeddin Muhammet al-Bagdady bolupdyr. Onuň «At-tawassul ala-t-tarassul» («Resmi hatlary ýazmaklyga ýetmeklik») atly ýygyndysy Tekeşiň alyp baran diplomatik işjeňligini görkezýär.

Şahyrlar Ymady Zowzany, Zahyreddin Tahyr ibn-Muhammet al-Farýaby, Kemaleddin Ysmaýyl (1172-1237) soltan Tekeşiň şanyna kasydalar ýazypdyrlar. Horezmşalar döwletiniň abraýly medreselerinde okatjak müderrisler — mugallymlar hut soltanlaryň özüniň teklip etmegi boýunça bellenipdir. Meselem, soltan Tekeş köşkde uly ynamdan peýdalanan ymam Bedreddini uly welaýatlaryň birine müderrislige iberilipdir.

Soltan Tekeşiň we soňra onuň ogly Muhammet şanyň hemaýatynda işlän Fahreddin Razy 1179-njy ýylda tamamlan ynsanperwer, tebigy, tehniki, ylahyýet we beýleki ylymlaryň 57 ugruny öz içine alýan «Jawami al-ulum» («Ylymlaryň ýygyndysy») atly ensiklopediýasyny horezmşa Tekeşe bagyşlapdyr. Fahreddin Razynyň lukmançylyk ylmy bilen baglanyşykly ençeme kitaplarynyň bardygyny öňde ýatlapdyk.

Köneürgençde Kyrkmolla depesiniň günorta-günbatarynda Soltan Tekeşiň ady bilen baglanyşdyrylýan ymarat ýerleşýär. Ol Il Arslanyň ýadygärliginden soňra gadymy Gürgenjiň mongollar gelmezinden öňki binagärçiliginden abat saklanyp galan ikinji bir ajaýyp ýadygärlik hasaplanýar. Gözelligi babatda oňa Merkezi Aziýada ýeke-täk, gaýtalanmaýan (unikal) ymarat diýmek bolar.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW

Çeşme: Milli Goşun

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň Arasynda…

Ýimpaş Söwda Merkezi

syrach

Wideo Aragatnaşyk Arkaly Türkmen-Ukrain Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi