8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Sport Biraýlygynyň Çäklerinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleri batly depginde dowam edýär. Geçen hepdäniň dynç günleri Olimpiýa şäherjigi 1000-den gowrak talybyň gatnaşmagynda giň möçberli çäräniň merkezine öwrüldi. Bu ýerde talyplar açyk howada önümçilik gimnastikasyna degişli maşklar toplumyny ýerine ýetirdiler. Paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda toparlaýyn oýny kabaddi boýunça Türkmenistanyň çemiponatynyň final duşuşyklary geçirildi.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäresi 15 müň tomaşaça niýetlenen orunly, köpugurly sport toplumynyň öňündäki giň meýdançada geçirildi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-syna wekilçilik edýän talyplaryň köpüsi geljek ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda işlemeli meýletinçilerdir. Şonuň üçin hem bu  çäre diňe bir sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen çäklenmän, sport bilen işjeň meşgullanmaga çagyryş bolup hyzmat etdi. 

Türkmen meýletinçilerinde iri halkara ýaryşlarynda işlemegiň eýýämden ýeterlik tejribesiniň bardygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň talyplary       
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda, XVII Aziýa oýunlarynda, XXVII Bütindünýä uniwersiadada, I Ýewropa oýunlarynda, windsýorfing boýunça dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşda, Arkalaşyga girýän döwletleriň Mekdep medeni-sport festiwalynda we beýlekilerde ýaryşy geçirmäge kömek berdiler. Aşgabadda geçiriljek Aziada ýaryşlaryndan öň meýletin kömekçiler iş tejribesini kämilleşdirmek üçin ýene birnäçe sport dabaralaryna gatnaşar. Ol ýaryşlaryň arasynda şu ýylyň tomsunda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlary hem bar. 

… Kabaddi boýunça ýurdumyzyň çempionaty Ahal, Mary, Daşoguz welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden erkekler we zenanlar ýygyndy toparlaryny özünde jemledi. “Aýterek-günterek” türkmen milli oýnuny ýada salýan bu hindi oýnunda paýtagtly türgenler özleriniň ussatlygyny görkezip, iki toparda hem altyn medallary eýelediler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň şägirtlerine iki topary  final duşuşygynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň toparyny ynamly ýeňmegi başardylar. Ahal we Mary welaýatynyň türgenleri bürünç medala eýe boldular. 

Kabaddiniň müňýyllyk ösüş taryhy bar. Ol söweş sungatlaryna deň saýylýar. Çünki, ýaryşyň gidişinde, oýnuň düzgünine laýyklykda, söweş we göreş usullaryny ulanmaga rugsat edilýär. 1990-njy ýylda nusgawy tomusky yklym oýunlarynyň sanawyna kabaddiniň girizilmegi bu oýnuň Aziýada örän meşhurlygyndan habar berýär. Ýurdumyzda bu hindi oýny   Türkmenistanyň garaşsyzlygyny almagy bilen öz ösüşine başlady. 

Ýurdumyzyň ýetginjekler ýygyndy topary Eýranyň Urmiýa şäherinde 13-19-njy aprel aýynda geçiriljek kabaddi boýunça Aziýa birijiligine gatnaşar. Türkmenistanyň erkekler topary häzirki döwürde yklym derejesinde geçiriljek jogapkärli ýaryşa ykjam taýýarlyk görýär. Bu ýaryş aprel aýynyň 25-nden maý aýynyň 1-ne çenli Pakistanyň Yslamabat şäherinde geçiriler. 

Degişli makalalar

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlaryny Seretmek Üçin Göni Ýaýlym

turkmenhabargullugy

Bir Düýşüň 18 Ýyldan Soňky Ýorgudy

turkmenhabargullugy

“Aşgabat 2017” Oýunlarynyň Işewür Hyzmatdaşlarynyň Gerimi Giňelýär