Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary üstünlikler gazanylýan sporty ösdürmek hem-de bu ulgamyň häzirki zaman düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek meseleleri türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe berk gözegçiliginde saklanylýar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesine has ygrarly we ony wagyz ediji bolmak bilen hem-de bu babatda watandaşlarymyza we ilkinji nobatda ýaşlara görelde görkezip, adam, onuň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykardy.
Döwlet Baştutanymyzyň sport bilen gyzyklanmagynyň çägi ýeterlik derejede giňdir, milli Liderimiz daşary ýurtlarda saparlarda bolýan mahaly hem öz dartgynly iş tertibinde bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga hökman wagt tapyp, sportuň dürli görnüşleri, ýagny at çapmak, belosiped we awtomobil sürmek, ýeňil atletika, gündogar başa-baş söweşi, tennis hem-de beýleki sport görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýar. Dynç alyş günleri bolsa döwlet Baştutanymyzyň türgenleşikleriniň işjeňligi has artýar. Türkmenistanlylaryň köpüsi milli Liderimiziň atly gezelenç edýändiginiň, Saglyk ýoluna çykýandygynyň, uzak aralyklara ylgaýandygynyň we welosipedli gezelenç edýändiginiň, köpçülikleýin sport çärelerine we ýaryşlaryna gatnaşýandygynyň şaýatlary boldular. Mundan başga hem milli Liderimiz türgenleşik zallaryna köplenç öz egindeşleri bilen yzygiderli baryp görýär.
Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz üýtgewsiz endigine eýerip, dynç gününiň birinji ýarymyny sport bilen meşgullanmaga bagyşlady.
Milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesiniň gurulýan ýerine gelip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde bu ägirt uly toplumyň eýýäm gurluşygy tamamlanan käbir desgalary bilen tanyşdy, şeýle hem häzirki zaman türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilen türgenleşik we fitnes zallaryna baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz we onuň ýanynda bolýan ýolbaşçylar bilelikde türgenleşik geçirdiler, woleýbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis oýnadylar. Türgenleşigiň barşynda milli Liderimiz bu zallarda bolan sport türgenleşdiriji enjamlaryň görnüşleriniň baý toplumynyň her birini dogry ulanmak, olaryň oňat beden sagdynlygyny we özüňi oňat duýmagy saklamak üçin olaryň adam bedenine täsiri hakynda jikme-jik gürrüň berdi.
Döwlet Baştutanymyz öz egindeşleri bilen bolan söhbetdeşlikde yzygiderli bedenterbiýe maşklary adamyň işe ukyplylygyny artdyrýandygyny, işjeň döredijilik we intellektual işi höweslendirýändigini belläp, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň kadasy bolmalydyr diýip nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türgenleşikleriň barşynda hemişe bolşy ýaly, ajaýyp bedenterbiýe taýýarlygyny görkezdi, bu sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesidir, döwlet Baştutanymyz oňa aýratyn çynlakaý çemeleşýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ýolbaşçylar türgenleşigi tamamlap, milli Liderimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jilitli işinde ýazylyp beýan edilen bejeriş otlaryndan taýýarlanan hoşboý çaýyň başynda söhbetdeşligi dowam etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherçesiniň çäklerinden çykyp, Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady. Ýol ugrunda milli Liderimiz öz egindeşleri bilen bilelikde Andalyp köçesiniň we Köpetdag şaýolunyň kesişýän ýerinde saklandy, şol ýerde şöhrat gazanan Ýanardag bedewiniň heýkeli bolan ýadygärligi oturtmak kararyna gelindi, şol bedewiň keşbi Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda şekillendirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýanardagyň ýanynda taýçanaklaryň şekillerini ýerleşdirmek baradaky teklibi aýdyp, muňa öz garaýşyny beýan etdi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, şunuň ýaly çeperçilik çözgüdi milli atçylyk däplerimiziň dowam edýändiginiň, türkmenleriň ruhy mirasynyň bir bölegi bolan, tebigatyň we adam paýhasynyň bu haýran galdyryjy nusgasyna asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň jümmüşinden geçip gelen hakyky söýgüsi bolan ahalteke bedewleriniň taryhynyň üznüksizliginiň ajaýyp beýanynyň nyşany bolup hyzmat edýär.
“Behişdi bedewler biziň üçin deňsiz-taýsyz gymmatlykdyr, oňa barabar hiç bir zat dünýäde ýokdur” diýip, biziň ata-babalarymyzyň atçylyk tejribesini gorap saklamak we baýlaşdyrmak, türkmen atçylygynyň halkara pudaklaýyn industriýasyna goşulyşmagy, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek hakynda örän işjeň alada edýän türkmen Lideri nygtap geçýär.
Döwlet Baştutanymyz, mälim bolşy ýaly, ajaýyp çapyksuwar, behişdi bedewlere has sarpaly çemeleşýän we belet bolmak bilen, juda az boş wagtlaryny bedewler bilen duşuşmagy hem-de at çapmak ussatlygyny taplamagy seçip aldy. Ine, bu gezek hem atçylyk toplumyna baran mahaly milli Liderimize ýerli athananyň Şatlyk atly bedewi ilkinji gezek görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz bedew bilen dostlukly, ynanyşmak gatnaşygyny ýola goýup we göýä bedewe täze çapyksuwar bilen öwrenşmäge wagt bermek bilen, täze bedewiň daşyndan az wagtlyk aýlandy. Bedew bada-bat ýürekdeş gatnaşygy we başarnykly ýüzlenmegi duýup, sesiň äheňini hem duýmak bilen her bir tabşyryga, eliň hereketine erkin ýagdaýda tabyn boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedewi jylawlap, ony aýlaw ýodajygyna tarap gönükdirdi hem-de ahalteke bedewini ýyndamlykda synagdan geçirdi. Döwlet Baştutanymyz bedewi çapyp, ýeterlik derejede ýokary netije bolan 1200 metr aralygy okgunlylyk bilen geçdi, bu atçylyk-sport ýaryşlary üçin standart bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri ýene-de tejribeli çapyksuwaryň ýokary ussatlygyny görkezen milli Liderimize haýran galmak bilen el çarpdylar. Bu ýere ýygnananlar bedewi Şahan diýip atlandyrmagy teklip etdiler, sebäbi bu at bedewiň görnükli häsiýetini, onuň ajaýyp syratyny, buýsançly özüni alyp barşyny hem-de hakyky gözelligini oňat beýan edýär. Muňa jogap edip, Türkmenistanyň Prezidenti bu barada atşynas hünärmenler bilen geňeşmegi maslahat berip, eger munuň özi bedewleri terbiýelemek hem-de türgenleşdirmek bilen meşgullanýan seýisleriň garaýyşlaryna laýyk gelse, muňa garşy däldigini aýtdy.
Milli Liderimiz ahalteke atçylyk toplumynda bolmagyny tamamlap, öz egindeşleri bilen bilelikde dynç gününiň sport ugruny welosipedde dowam etdirdi. Welosipedli gezelenjiň başlanmagyndan öňürti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluň ugrundaky çäkleriň bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi. Bu ýerlerde eýýäm agaçlaryň ençemesi oturdyldy, ýöne bagy-bossanlyga öwrülen meýdanlary giňeltmek, bu ýerde oňat ideg edilen tokaý seýilgähini döretmek bilen agaç ekmek boýunça işleriň işjeňleşdirmelidigini, munuň özi diňe bir paýtagtymyzyň bezegi däl, eýsem, arassa howa bilen üpjün edýän çeşmesi bolar diýip. Döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýaşyl baglar jemgyýetimiziň ekologiýa ýagdaýynyň we ekologiýa medeniýetiniň serişdesidir. Göwnüňi göterýän seýilgähler, el bilen döredilen tokaý zolaklary howa ýagdaýyny gowulandyrýar. Adamlaryň durmuşy hem-de olaryň saglygyny gorap saklamak üçin has amatly şertleri döretmek bilen howany arassalamaga hem-de ony kislorod bilen baýlaşdyrmaga ýardam edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady. Milli Liderimiz bu meseläni dowam etdirip, geljekki şenbe güni agaç ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmegi teklip etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz we onuň egindeşleri ýol ugrunda Aşgabadyň täze gurlan desgalaryny, paýtagtymyzyň täze etraplaryny abadanlaşdyrmagyň barşyny synlap, welosipeldli gezelenji amala aşyrdylar. Welosipedli ýörüş tamamlananda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagaldyş çäresine gatnaşandyklary üçin egindeşlerine minnetdarlyk bildirdi we düýn Türkmenistanyň şanly senäni, ýangy milli manadymyzyň ulanyşyga girizilmeginiň 20 ýyllygyny belläp geçendigini ýatladyk, olara bu wakanyň hormatyna, şeýle hem şu günki sport güni hakynda ýadygärlik üçin ýakynda Merkezi bank tarapyndan çykarylan şaýy pullary sowgat berdi.
Milli Liderimiziň egindeşleri öz nobatynda bu günki işjeň, saglyk üçin peýdaly dynç alşy bilelikde geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, durmuş strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan sport babatda döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn hem-de ruhubelent nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr. Sport bu gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hasyl bolmagydyr hem-de täze belentliklerine ruhy ymtylyşdyr. Hut şonuň üçin hem häzirki zaman Türkmenistanda sport bilen barha köp adamlar meşgullanýar, ol jemgyýetimizde has meşhurlyga we ähmiýete eýe bolýar.
Gadymy wagtlardan bäri saglyga adamynyň erkin işlemeginiň, onuň kämilleşmeginiň esasy şerti hökmünde düşünilip gelindi. Häzirki wagtda türkmenleriň öz saglygyna ünsli çemeleşmek we beden taýdan ösmek baradaky däpleri has baýlaşdy. Umumymilli birinjilik ugrundaky ýaryş ýaşlar üçin oňat itergi boldy, ol “Türkmenistan–ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly şygar bilen mekdep okuwçylaryny, ýokary okuw mekdepleriniň, pudaklaýyn we sebitleýin toparlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça her ýyl geçirilýär. Häzirki wagtda bu şygar ýurdumyzyň we halkymyzyň umumymilli taglymy boldy.
Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman sport desgalary we toplumlary guruldy. Milli at üstündäki oýunlar uly meşhurlyga eýe bolýar, ähli welaýatlarda iri atçylyk-sport toplumlary guruldy. Türkmen türgenleriniň Bütindünýä sport hereketine gatnaşmagy giňelýär.
Mysal üçin, şu ýyl biziň türgenlerimiz Kazanda geçirilen Bütindünýä tomusky uniwersiadada üstünlikli çykyş etdiler, şonda olar ýokary sylaglara, şol sanda altyn medallara mynasyp boldular. Koreýa Respublikasynda geçirilen Aziada-2013-e hem biziň watandaşlarymyzyň gatnaşmagy şonuň ýaly üstünlikli boldy. Indi bolsa Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi bilen ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy şeýle çözgüdi kabul etmegiň möhüm şerti bolup durýar, hormatly Prezidentimiz bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Başlygy bolup durýan döwlet Baştutanymyzyň sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin Aziýa Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagyna, ýagny Hormat ordenine mynasyp bolandygyny hem belläp geçmeli.
Bu babatda Türkmenistan ýakyn we uzak möhletli geljek üçin sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi hem-de wagyz etmegi maksat edinýän, üstünlikli amala aşyrylýan çäreler boýunça beýleki ýurtlara oňat görelde görkezýär. Bu syýasatyň äşgär üstünlikleri we oňat netijeleri ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport işleriniň sagdynlygyň gymmatyna we ony berkitmekde hem-de öňde goýlan maksatlary gazanmakda iň oňat kömekçi bolup durýandygyna aýdyň hem-de anyk düşünýän döwletimiziň we jemgyýetimiziň, milli Liderimiziň hem-de halkymyzyň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagynda hem-de birleşmeginde doly äşgärlik bilen beýan edilýär.
“Sport hemmeler we her bir adam üçindir! Sebäbi sport diňe bir beden taýdan kämilleşmek däl, eýsem, ruhubelentligiň we öz-özüňi ýüze çykarmagyň erkinligidir! Munuň özi açyşlaryň we ýeňişleriň, täze mümkinçilikleriň hem-de has ýokary maksatlaryň doly şatlygy bolan tutuş dünýädir!”.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan bu sözleri we şahsy göreldesi ähli türkmenistanlylary ruhlandyrýar hem-de sagdynlygyň hem-de bagtyň, abadançylygyň täze belentlikleriniň ýoly bilen ýol görkeziji ýyldyz bolup alyp barýar.