Şu hepde türkmen sport söýüjileri göreş boýunça geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Olaryň esasysy bolsa biziň paýtagtymyzda geçirilýän erkekleriň we zenanlaryň arasynda nusgawy hem-de söweşjeň sambo boýunça Orta Aziýanyň çempionatydyr. Şu gün sagat 10.00-da Galkynyş köpugurly sport toplumynyň giň zalynda bu göreşiň ilkinji bäsleşikler başlanar.
Sport baradaky döwlet komiteti we söweş sungaty federasiýasy tarapyndan guralan ýaryşlara Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan we biziň ýurdumyzdan iň gowy türgenleriň 100-den gowragy gatnaşar. Tutluşyklar birbada sport düşekçeleriniň ikisinde geçiriler. Düşekçeleriň birinde erkekler, beýlekisinde zenanlar bäsleşerler.
Indi köp ýyllaryň dowamynda hut türkmen samboçylarynyň diňe bir Orta Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde iň güýçlüleriň hatarynda durýandygyny ýatlatmalydyrys. Sambo boýunça geçen ýyl geçirilen dünýä çempionaty hem munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şonda biziň samboçy zenanlarymyz altyn, kümüş we bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Geçen ýylyň sebitleýin ýaryşlarynda Türkmenistanyň ýygyndysy umumytoparlaryň bäsleşikde birinji orny eýeledi. Türgenlerimiz altyn medallaryň 8-sine, kümüş medallaryň 18-sine we bürünç medallaryň 1-ine mynasyp boldular.
Şundan ugur almak bilen, Orta Aziýanyň şu çempionatynda hem türkmen türgenleriniň özlerini iň gowy tarapdan görkezjekdigini ynamly aýtmak bolar. Şu gün sambo boýunça bäsleşigiň ýeňijileri we baýraklaryň eýeleri kesgitlener. Ertir medallar ugrundaky göreşe sportuň bu görnüşiniň söweşjeň ugry boýunça çykyş edýän türgenler goşularlar.
Şu hepdede sambo boýunça sebitleýin ýaryşlaryň diňe Aşgabatda däl, eýsem, ýurdumyzyň başga ýerlerinde hem geçirilýändigini bellemelidiris. 16-17-nji martda Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda şu sebitiň çempionaty geçiriler. Şeýlelikde, sambo boýunça ýaryşlar ýurdumyzda şu hepdäniň ahyryna çenli dowam eder.
Möhüm ýaryşlaryň hatarynda, ilkinji nobatda, suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini görkezmek bolar. Bu bäsleşik Aşgabadyň suw sport toplumynda 14-16-njy mart aralygynda geçiriler. Ähli welaýatlardan geljek ýaş türgenler nobatdaky gezek 50 metrlik howuzda suwda ýüzmegiň dürli görnüşleri boýunça bäsleşerler.
Sport göreşi baradaky gürrüňi dowam edip, şu hepdede biziň ildeşlerimiziň göreşiň beýleki görnüşleri boýunça hem güýç synanyşjakdyklaryny bellemelidiris.
Mysal üçin, şu gün Daşoguzda 1999-2000-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda welaýatyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlar tamamlanar.
14-15-nji martda Aşgabatda 13 ýaşa çenli türgenler şäheriň birinjiliginiň çäklerinde grek-rim göreşi boýunça bäsleşerler.
Türkmenbaşy şäherinde erkin göreş boýunça şäheriň birinjiligi geçiriler (15-17-nji martda).
Şeýle hem, Lebap welaýatynyň merkezinde Türkmenabat şäherinde şol günler göreşiň iki görnüşi nusgawy we erkin görnüşleri boýunça ýaryşlar guralar.
Şu hepdede Ahal welaýatynda futbol boýunça etrap we welaýat derejesindäki bäsleşikler geçiriler. 11-18-nji mart aralygynda Abadanyň, Tejeniň we Baharly etrabynyň futbol meýdançalarynda dürli ýaşdaky ýetginjekleriň arasynda ýaryşlaryň üçüsi guralar.
Talyplar hem sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge işjeň gatnaşarlar. 11-nji martda paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň sport meýdançalarynda milli uniwersiadanyň çäklerinde basketbol we gandbol boýunça ýaryşlar badalga aldy. Her ýyl bu ýaryşy Türkmenistan ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Merkezi geňeşi guraýar.
Biziň ýurdumyzda şu hepdede geçiriljek sport çäreleriniň sanawy esasan şulardan ybarat. Sizi sport täzelikleri bilen tanşyp durmaga çagyrýarys.