8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Sport Türgenleşikleri

Baharyň ilkinji ýekşenbesinde paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň agzalarynyň– hökümetiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda welosipedli türgenleşik ýörişi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji fewralda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde çykyş edip, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” diýen şygar astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni çäreleriniň 5-nji aprelden 5-nji maýa çenli bellenilen biraýlygyň çäklerinde 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli, köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek pikirini öňe sürdi. 

Milli Liderimiziň welosiped ýörişini geçirmek baradaky teklibi ähli türkmenistanlylar tarapyndan uly höwes bilen goldanyldy. Olaryň ählisi köpçülikleýin çärä taýýarlanmaga işjeň goşuldylar. Badalga beriljek esasy çäräniň öňüsyrasynda welosiped sporty boýunça gözegçileriň halypalyk etmeginde türgenleşikler guraldy. 

Ýurdumyz boýunça ilkinji gezek köpçülikleýin welosiped ýörişi 2013-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilipdi. Ony guramagyň başlangyjy, mälim bolşy ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyzçysy, bu ugurda ajaýyp şahsy görelde görkezýän türkmen döwletiniň Baştutanyna degişlidir. Biziň ählimiz milli Liderimiziň işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport, welosiped sürmek bilen meşgullanmaga wagt tapýandygyny bilýäris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli türgenleşikleriň adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy, özüňe erk etmegi hem terbiýeleýändigini nygtaýar.     

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny goramagy ilkinji derejeli möhüm döwlet wezipesi hökmünde yglan edip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeler sporty ösdürmäge we uzakmöhletli umumymilli maksatnama guramaçylyk we maksada gönükdirilen häsiýeti berdi. Bu ugurda eýýäm birnäçe anyk we yzygiderli ädimler ädildi.

Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakynda” ýörite karary bilen tassyklanan  “Türkmenistanda 2013-2017-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde, sportuň bu görnüşini maksadalaýyk ösdürmäge, onuň hataryna gyzyklanma bildirýän ýaşlary işjeň çekmäge,   halkara derejesinde türgenleriň türgenleşik geçmegine gönükdirilen anyk çäreler işlenip düzüldi. Şonuň netijesinde welosiped sporty Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizilen ýurdumyzda öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy.   

Degişli makalalar

Agyr Atletika Boýunça Türkmenistanyň Birinjiligi Tamamlandy

Türkmen Basketbolçylary Altyn we Kümüş Medallara Mynasyp Boldular

Kikboksing Boýunça Türkmen Türgenleri Rigada Halkara Ýaryşynda Üstünlikli Çykyş Etdiler

turkmenhabargullugy