9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YKDYSADYÝET

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Milli ykdysadyýetimiziň şu esasy pudaklarynyň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeler mynasybetli söwda pudagyny, dokma senagatyny, halyçylygy we hususy telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri şol maslahatyň gün tertibine goşuldy. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, şeýle hem degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birżasynyň we Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ilkinji bolup Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýewe söz berildi, ol şu ýylyň başyndan bäri öz ýolbaşçylyk edýän ministrligi tarapyndan geçirilen işler hakynda hasabat berdi. Çykyşda bellenip geçilişi ýaly, görülýän çäreler netijesinde ýurdumyzda haryt dolanyşygynyň möçberi gyşarnyksyz ýokarlanýar, haryt bolçulygyny üpjün etmek we içerki bazary ähli zerur önümler bilen doldurmak boýunça yzygiderli iş alnyp barylýar. Şunda ilatyň uly isleg bildirýän harytlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, görnüşlerini giňeltmäge we önümleriň harytlyk görnüşlerini gowulandyrmaga, şeýle hem söwdanyň arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gürrüňsiz suratda öz oňyn netijelerini berýän uly işiň geçirilendigine garamazdan, pudagy ösdürmek meselelerine, hususan-da, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga heniz ýeterlik üns berilmeýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde deslapdan öwrenip, Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrligine beýleki pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportuny artdyrmak hem-de gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ýakyndan daşary ykdysady aragatnaşyklary ýola goýmak boýunça mundan beýläkki hereketleriň meýilnamasynyň üstünde jikme-jik işlemegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň dokma senagaty ministri A.Babaýewa çykyş edip, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň iň bir düşewüntli, geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanýan dokma pudagyny ösdürmek ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy, şonuň netijesinde tutuş ýurdumyzda hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak we ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan täze häziriki zaman dokma toplumlaryny gurmak işleri yzygiderli alnyp barylýar diýip öz hasabatynda belledi.

Milletiň Lideri ýaş, çalt depginlerde ösdürilýän dokma pudagyna milli ykdysadyýetimiziň düzüminde möhüm orun berilýär diýip nygtap, ýakyn günlerde amala aşyrylmaly gaýragoýulmasyz meseleleriň birnäçesini görkezdi. Hususan-da, dokma pudagynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, döwlet tarapyndan ony ösdürmäge yzygiderli gönükdirilýän ägirt uly serişdeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow könelişen dokma önümçiliklerini döwrebaplaşdyrmak we durkuny düýpli abatlamak üçin gyssagly tertipde ähli çäreleri görmegi, şeýle hem dünýä bazarlarynda mynasyp bäsleşige ukyply ýurdumyzda öndürilýän önümleriň öndürilişini artdyrmagy tabşyrdy.

Halyçylyk kärhanalarynyň önümçilik görkezijilerini gyşarnyksyz artdyrmak, öz gözelligi we hili boýunça deňsiz-taýsyz bolan, asyrlaryň dowamynda dünýäde şöhrat gazanan türkmen halylaryny giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän çäreler hakynda döwlet ministri—»Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň başlygy O.Işangulyýewa hasabat berdi. Hasabatda bellenip geçilişi ýaly, döwletimiz tarapyndan berilýän goldaw, hususan-da, düýpli salgyt ýeňillikleri netijesinde şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda harytlyk önüm hökmünde hem, taýýar önümleriň eksporty babatda hem möçberleriň ep-esli artmagy hasaba alyndy. O.Işangulyýewa Şanhaýda /HHR/ «EKSPO-2010» Bütindünýä sergisiniň türkmen pawilonyna baryp görýänleriň uly gyzyklanma bildirmegi ýurdumyzyň çeper elli halyçylarynyň öndürýän haly önümlerine ýokary isleg bildirilýändiginiň iň oňat subutnamasydyr diýip belledi, şol sergide milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň harytlary bilen bir hatarda, halyçylyk pudagynyň önümleri hem görkezildi.

Döwlet Baştutany asyrlaryň jümmüşinden öz köklerini alyp gaýdýan halyçylygyň biziň gymmatly milli baýlygymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtamak bilen, ýurdumyzda hem, daşary ýurtlarda hem geçirilýän halkara sergileri bu özboluşly sungaty mundan beýläk-de ösdürmäge, ajaýyp türkmen halylaryny döretmegiň gadymy däplerini dikeltmäge hem-de wagyz etmäge gönüden-göni ýardam edýär diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz halyçylygy ösdürmek üçin has amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen soňky ýylarda ýurdumyzda häzirki zaman haly kärhanalarynyň gurluşygynyň ýaýbaňlanandygyny, «Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýiniň täze ajaýyp binalarynyň gurlandygyny belläp, pudagyň ýolbaşçylaryna işläp gelýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga hem-de olaryň durkuny täzelemäge mundan beýläk-de aýratyn üns bermegi tabşyrdy, şol kärhanalar bellenilen standartlaryň ählisine laýyk gelmelidir.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birżasynyň başlygy Ş.Meredowa söz berildi, ol döwlet Baştutanyna ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, hususan-da, şu ýylyň başyndan bäri birża söwdalarynda baglaşylýan geleşikleriň we şertnamalaryň sanynyň artýandygyny belledi. Ol bolsa öz gezeginde döwlet gaznasyna gelip gowuşýan daşary ýurt pul serişdeleriniň artmagyny, şeýle hem söwdalara gatnaşýan, dünýäniň onlarça ýurtlarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalarynyň sanynyň köpelmegini üpjün edýär diýip nygtady.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda amala aşyrylýan çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtady hem-de daşary ýurtlaryň birżalarynyň öňdebaryjy iş tejribesini öwrenmegiň we işiň has netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy P.Taganow şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hakynda milletiň Liderine hasabat berdi, ol ýurdumyzda ýöriteleşdirilen dürli halkara sergileriniň, şol sanda ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň eýýäm däbe öwrülen ekspozisiýalarynyň yzygiderli geçirilýändigi, şeýle hem türkmen wekiliýetleriniň dünýä ähmiýetli daşary ýurt sergilerine, hususan-da, Şanhaýdaky «EKSPO-2010» sergisine gatnaşmagy hakynda habar berdi. Şanhaýdaky serginiň dabaraly açylyşyna bolsa şu ýylyň baharynda Hytaýa döwlet saparynyň çäklerinde bu iri senagat we söwda şäherine baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şunuň ýaly iri möçberli çärelere işjeň gatnaşmagyň möhümdigini aýdyp, döwlet Baştutany häzirki wagtda ýer ýüzüniň has çalt depginlerde ösýän ýurtlarynyň hatarynda durýan häzirki Türkmenistanyň ägirt uly gazananlaryny wagyz etmäge gönükdirilen sergileriň gönüden-göni bilelikdäki guramaçysy bolup çykyş etmek bilen ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy diňe bir ýurdumyzda öndürilýän örän giň görnüşli harytlary wagyz etmäge we mahabatlandyrmaga däl, eýsem onuň daşary ýurtlarda ýerlenmegine hem ýardam etmelidir diýip nygtady. Gynansak-da, häzirlikçe bu ugurlarda täze başlangyçlar ýok diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň amala aşyrýan çäreleriniň hem-de ýerine ýetirýän işleriniň ýeterlik däldigini belledi.

Soňra çykyş eden Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew pursatdan peýdalanyp, milletiň Lideriniň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin türkmen ykdysadyýetiniň hususy sektorynyň wekilleriniň adyndan döwlet Baştutanyna çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdy. Geçen aýyň ahyrynda täze hususy önümçilikleriň—Ahal welaýatynyň Abadan şäherinde «Bereketli» kärhanasynyň we Aşgabatda «Aýbölek» mebel fabriginiň açylyşlaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy munuň nobatdaky tassyklanmasy boldy. Bellenip geçilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileri önümçilik infrastrukturasynyň kuwwatyny artdyrmaga, dürli, şol sanda durmuş maksatly möhüm desgalary gurmaga örän işeňňir gatnaşmak bilen giň möçberli döwlet wezipelerini durmuşa geçirmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar, olaryň işlemegi üçin bolsa has amatly şertler döredilýär.

Maslahatyň çäklerinde hasabat berýän döwlet Baştutanyna häzirki wagtda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýokary depginler bilen gurulýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş öýleriniň toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny hödürledi. Umumy meýdany 10 gektara barabar bolan toplumyň çäklerinde 1 we 2 gatly kottejleri, basseýni, çagalar we sport meýdançalaryny, Internet-kafesini, awtomobil duralgasyny, şeýle hem ugurdaş infrastrukturanyň zerur desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamany tutuşlygyna alnanda makullap, döwletimiziň geljekde-de hususy telekeçiligi ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini nygtady, hususy telekeçilige bolsa milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde uly orun berilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Dadaýewe ýüzlenip şeýle diýdi:

—Biz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini hemişe goldaýarys we geljekde-de goldarys. Sebäbi geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde telekeçilige uly orun degişli bolar. Ýöne siz häzirki döwürde döwlet tarapyndan beriljek goldawa garaşyp durman, öz mümkinçilikleriňizi ulanyp, telekeçiligi ösdürmelisiňiz, döwlet maksatnamalaryny, aýratyn hem, Obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmegiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalysyňyz.

Bu Maksatnamanyň çäklerinde telekeçileriň ýerlerde kiçi kärhanalary, ýollary, mekdepleri, çagalar baglaryny, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmak işine gatnaşmaga has giň mümkinçilikleri bar.

Telekeçiler öz mümkinçiliklerini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda amala aşyrylýan işlerde has netijeli ulanyp bilerler.

Men ýaňy-ýakynda telekeçileriň kärhanalaryna baryp, olaryň ýokary hilli önümleri öndürýändiklerini gördüm. Ýöne şunuň ýaly kärhanalar entek az sanly. Ýurdumyza şeýle kärhanalaryň ýene-de ýüzlerçesi gerek. Şoňa görä-de, siz telekeçiligi ösdürmek boýunça alyp barýan işleriňizi has-da netijeli dowam etmelisiňiz.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Japarowa söz berildi, ol dokma senagatynyň, söwda we hyzmatlar pudagynyň maliýe-ykdysady ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Wise-premeriň belleýşi ýaly, şu ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça bu pudaklaryň görkezijileriniň durnukly ösüşi göze ilýär. Hökümet Baştutanynyň orunbasary dokma senagatynyň we haly önümçiliginiň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly işleri maliýeleşdirmek hakynda hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu pudaklaryň öňünde duran wezipeleriň möhümdigini belledi hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Saparlyýewe şu maslahatyň dowamynda gozgalan ähli meseleleriň, görkezilen kemçilikleriň düzedilişini öz gözegçiliginde saklamak hem-de olary düzetmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri hakynda hasabat bermek barada tabşyryk berdi.

Soňra gözegçilik edýän pudaklarynda — dokma senagatynda, halyçylyk pudagynda, söwda we hyzmatlar ugrunda işleriň ýagdaýy hakynda hem-de hususan-da, Döwlet haryt çig-mal birżasynyň we Söwda-senagat edarasynyň işi hakyndaky hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Muhammedow çykyş etdi. Wise-premer şeýle hem «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler hakynda habar berdi.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary maslahatyň geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň dokma senagatynyň, söwda we hyzmatlar ugrunyň kärhanalarynyň ählisini öz öňlerinde goýlan, işi mundan beýläk-de kämilleşdirmäge hem-de ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine türkmen Liderini ynandyrdy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, dokma senagatyny, haly öndürmegi, söwda pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem pudaklary döwrebaplaşdyrmagy çaltlandyrmak baradaky anyk teklipleri işläp taýýarlamak üçin degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýörite maslahaty geçirmek barada görkezme berdi.

Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemlemek bilen, toplumyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňünde duran uly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin alnyp barylmaly işler barada aýtdy we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Söwda we dokma senagaty toplumynyň ýolbaşçylary pudagyň meýilnamalarynda göz öňünde tutulan görkezijileriň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidirler diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Ähli ýolbaşçylar pudagyň edara-kärhanalarynda tertip-düzgüniň berjaý edilişini berk gözegçilikde saklamalydyrlar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda we dokma senagaty pudagyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň buýurmasy esasynda alnyp barylýan gurluşyklary bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça ähli zerur işleri geçirmegi talap etdi.

H.Muhammedow, dokma senagaty ministri A.Babaýewa, pudakda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek arkaly pudagyň kärhanalarynyň ýokary girdejili we netijeli işlemegini üpjün etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Pudakdaky gurluşygy we enjamlaşdyrmak işleri doly tamamlanmadyk kärhanalarda göz öňünde tutulan işleri talaba laýyk ýerine ýetirip, bu kärhanalaryň meýilnama laýyklykda taslama kuwwatyna çykmagyny üpjün etmeli.

Könelişen kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, olaryň ulanyş möhleti geçen enjamlaryny täzelemek boýunça yzygiderli iş alyp barmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Dokma toplumlarynyň we fabrikleriň doly önümçilik kuwwatynda işlemegini gazanmagyň möhümdigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýeterlik möçberde pagta öndürýän etraplarda dokma kärhanalaryny gurmak boýunça hem teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Kärhanalarda dokma önümleriniň täze, ýokary hilli we uly isleg bildirilýän görnüşleriniň öndürilmegini hemişe berk gözegçilikde saklamaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, pudagyň marketing gulluklaryny ösdürmek, önümleri ýerlemek üçin täze bazarlary açmak, harytlary öz güýjümiz bilen ýerlemek arkaly dünýä bazarlarynda dokma önümlerini ýerlemegiň möçberlerini artdyrmaly.

Pudagyň kärhanalaryny zerur bolan ätiýaçlyk şaýlar, himiki we boýag serişdeleri bilen üpjün etmegiň has netijeli ýollaryny gözlemegiň wajypdygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz pudagyň kärhanalarynda ornaşdyrylan iň häzirki zaman enjamlarynda işlemäge ukyply, ökde hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem ýüpekçiligi ösdürmek işini talaba laýyk ýola goýmagyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýüpekçilik pudagyny ösdürmek barada teklipleri taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ruhabat etrabynda gurlan panbarht matasyny öndürýän fabrigiň işinde bar bolan kemçilikleri doly düzedip, kärhananyň talaba laýyk işlemegini ýola goýmagy talap etdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýewe ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny döretmek arkaly halkyň sarp edýän harytlarynyň nyrhlarynyň hemişe eleterli bolmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny, harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna ýol bermeli däldigini nygtady.

Söwda işine we azyk önümlerini öndürmäge ygtyýarnama bermek boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy talap etmek bilen, milli Liderimiz täze gurlup ulanmaga berlen dükanlaryň, söwda merkezleriniň, bazarlaryň netijeli işlemegini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Söwda dükanlarynda, bazarlarda arassaçylyk kadalarynyň, tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegini, harytlaryň hiliniň ýokary, görnüşiniň köp bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamaly.

Daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri talaba laýyk guramaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet haryt-çig mal birżasynyň başlygy Ş.Meredowa ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz harytlaryň dünýä bazarlaryndaky nyrhlary baradaky maglumatlary yzygiderli öwrenmegiň, daşary ýurtlaryň birżalary bilen aragatnaşygy has-da gowulandyrmagyň wajypdygyny aýtdy.

Ýurdumyzda öndürilip, Döwlet haryt-çig mal birżasynyň üsti bilen daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň satylyşyny elmydama üns merkezinde saklamaly, dünýä bazaryndan ugur alyp, ýurdumyzda harytlaryň arzan bahalardan getirilmegine hemişe gözegçilik etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Birża söwdasyna gatnaşýan kärhanalaryň we firmalaryň baglaşan şertnamalaryny kesgitlenen möhletlerde bellige almaly, şertnamalary bellige almak meselesinde tertip-düzgüniň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamaly.

Birżanyň welaýatlardaky müdirlikleri bilen elektron habarlar ulgamy arkaly maglumatlary alyşmak işini has-da kämilleşdirmeli.

Ýurdumyzda öndürilýän harytlary dünýä bazarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatlandyrmak boýunça Birżanyň alyp barýan işlerini talaba laýyk guramaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň önümlerini dünýä bazarlarynda mahabatlandyrmak işlerini ýokary derejede guramaly.

«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasynyň başlygy O.Işangulyýewa, türkmen haly sungatynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, haly önümlerini ýerlenişini artdyrmak maksady bilen, Korporasiýanyň kärhanalarynyň öndürýän önümlerini mahabatlandyrmak işini talaba laýyk ýola goýmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Haly önümçiliginiň esasy çig maly bolan saryja goýnuň ýüňüni senagat taýdan gaýtadan işleýän we ondan ýokary hilli ýüplügi öndürýän täze kärhanany gurmak boýunça teklipleri taýýarlamak barada döwlet Baştutanymyz tabşyryk berdi.

Milli halyçylyk sungatymyzyň taryhyny öwrenmek, halypa halyçylarymyzyň baý tejribesini ýaşlaryň arasynda ýaýratmak we ýaşlarymyza öwretmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde gadymy halyçylyk sungatymyza bolan söýgini terbiýelemek boýunça yzygiderli iş alyp barmaly diýip nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz Korporasiýanyň kärhanalarynda öndürilýän haly önümleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri yzygiderli geçirmegi talap etdi.

Söwda—senagat edarasynyň başlygy P.Taganowa ýüzlenip, milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä ýüzünde mahabatlandyrmak maksady bilen, ministrlikleriň we pudak edaralaryň gatnaşmagynda daşary ýurtlarda halkara sergilerini we işewürler maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Ýurdumyzda geçirilýän halkara sergilerini, işewürler maslahatlaryny, seminarlary we konferensiýalary ýokary derejede gurmaly hem-de netijeli geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kärhanalary bilen daşary ýurt kärhanalarynyň, firmalarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy. Daşary ýurtlaryň söwda-senagat edaralary bilen özara tejribe alyşmaly we hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeli.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýän we ilatymyza ýerlenilýän oba hojalyk önümleriniň, şol sanda azyk önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini has-da artdyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Daşary ýurtly işewürler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Birleşmäniň agzalarynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere, ýarmarkalara we ykdysady maslahatlara işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmeli.

Milli Liderimiz hususyýetçileriň we telekeçileriň alyp barýan gurluşyk işlerinde zerur bolan gurluşyk materiallary bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrmak maksady bilen, telekeçiler tarapyndan gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalary gurmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň býużet edaralaryny azyk we senagat harytlary bilen üpjün etmek işine telekeçileri giňden çekmeli diýip nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hususy telekeçilerimiziň önümleriň ýokary hilli, täze görnüşlerini öndürip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň söwda we dokma senagaty pudagy güýçli depginler bilen ösýän pudaklaryň biridir. Pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine düýpli ýardam berer.

Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň söwda we dokma senagaty toplumyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

VISA Kart Bilen Döwrebap Gadam

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Eýran Sergisi Açyldy

syrach

Milli bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryna garaldy.

syrach