Afrikanyñ iñ uly ýurtlaryndan biri bolan Sudanda ertir ähli halk sese goýulşygy geçirler.
Ähli halk sese goýulşygynyñ netijeleri Sudanyñ geljegi taýdan ähmiýetlidir.
Sudanyñ günorta sebitleri garaşsyzlyk üçin ses bermäge taýarlanýarka, paýtagt Hartumda beriljek karara sabyrsyzlyk bilen garaşylýar
ABŞ Sudanyñ günorta sebitleriniñ ýurtdan aýrylmagyna goldaw berýär.
Sudanyñ Döwlet baştutany Ömer Al Beşir ähli halk sese goýulşygynyñ netijesine sarpa goýjakdyklaryny aýan etdi.
Sudanda ertir geçiriljek ähli halk sese goýulşygyna başda ABŞ bolmak bilen birnäçe ýurtdan synçy gatnaşar.
Beýleki tarapdan ähli halk sese goýulşygynyñ öñisyrasynda Prezident Ömer Al Beşir türk firmalaryndan biri tarapyndan Nil derýasynyñ ugrunda gurlan 1 km uzunlygyndaky köprüniñ açylyş dabarasyna gatnaşdy.
referans: www.trtturkmen.com