13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
DURMUŞ

Süleýman Demirel Soňky Ýoluna Ugradylýar

Türkiýäniň 9-njy Prezidenti Süleýman Demirel soňky ýoluna ugradylýar.
Demireliň tabydy ilki Güwen hassahanasyndan alnyp Güniz köçesinde ýerleşýän öýüne getirildi.
Demireliň tabydy öýüniň öňünde maşgala agzalary, syýasy durmuşynda özüne ýoldaşlyk eden egindeşleri tarapyndan garşylandy.
Demirel üçün ol ýerde hatyralama çäresi geçirildi.
Güniz köçesindäki çäre 1 minut hormatly dymyşlyk edilmegi bilen başlady.
Hatyralama çäresinde söz sözlän Demireliň lukmany we kömekçisi Aýlin Jesur “15 ýyl birlikde ýaşan öýümizde sizden köp zat öwrendim” diýdi.
TBMM-niň ozalky başlygy we ozalky Daşary işler ministri Hikmet Çetin hem “Siz 20-njy asyryň ikinji ýarymynda esasy rol oýnan döwlet adamy we syýsatçydyňyz. Ömrüňizi halkymyza bagyşladyňyz. Demokratiýa we hukuk meselesinde asla egilşik etmediňiz” diýdi.
Ozalky Içeri işler ministri Ismet Sezgin bolsa Demireliň ýogalmagyna çuňňur gynanç bildirdi.
Sezgin “Demirel diýmek Güniz köçe diýmekdir. Güniz köçesi diýmek bolsa uly göreşiň, demokratiýanyň we Respublikanyň gymmatlyklaryna bolan tabynlygyň salgysydyr, syýasatyň kalbydyr” diýip belledi.
Çykyşlardan soň Gurhan okaldy we doga edildi.
Merhum lideriň tabydy ömrüni geçiren Güniz köçesinden alnyp TBMM-ne alnyp gidildi.
Türkiýäniň 9-njy Prezidenti Süleýman Demirel üçin TBMM-de “milli jynaza”geçirildi.
Jynaza Türkiýeden we daşary ýurtlardan ýokary derejeli ýolbaşçylar gatnaşdy.
Jynaza Prezident R. T. Erdogan, Mejlisiň başlygy Jemil Çiçek, Premýer ministr Ahmet Dawutogly, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Nejdet Özel, Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly, Türkiýe Respublikasynyň 11-nji Prezidenti Abdulla Gül, Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli bilen birlikde halk deputatlary, şeýle hemTürkiýäniň ozalky Premýer ministrlerinden Tansu çiller bilen birlikde Demireliň egindeşi ozalky İçeri işler ministri İsmet Sezgin gatnaşdy.
Jynaza DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy bilen daşary ýurtlardan gelen wekiller hem gatnaşdy.
 Mejlisde geçirlen çäreden soň Süleýman Demireliň tabydy Kojatepe metjidine alnyp gidildi.
Süleýman Demireliň tabydy Kojatepe metjidinde okaljak jynaza namazyndan soň dogduk diýary Isparta şäherine ugradylar.

Demirel Isparta Islamköýde jaýlanar.

trtturkmen 

Degişli makalalar

Ösüşiň Täze Belentliklerine Tarap

syrach

Üstünligiň Syry

Tagtabazar Etraby Galla Ýygnamak Baradaky Borçnamasyny Ilkinji Bolup Ýerine Ýetirdi

syrach