4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
DURMUŞ

Suw Damjasy Altyn Dänesi

Paýtagtymyzdaky «Mizan» täjirçilik merkezinde «Suw damjasy — altyn dänesi» baýramçylygyna gabatlanylyp, «Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Suw hojalygy ministrligi we Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan guralan wekilçilikli forum ýurdumyzyň we daşary ýurtly alymlaryň hem-de dünýäniň köp döwletlerinden bilermenleriň 150-den gowragyny, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi.

Maslahata ägirt uly gyzyklanma bildirilmegi hormatly Prezidentimiziň  ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň we halkymyzyň durnukly ösüşiniň we rowaçlygynyň bähbidine dünýäniň ähli ýurtlary we abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýän türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginde jebisleşdiriji güýç hökmünde barha artýan orny bilen şertlendirilendir. Biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň hem-de bütindünýä we sebit forumlarynyň çäklerinde döredijilikli başlangyçlary, şol sanda ekologiýa meseleleri boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. 

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bu halkara suw maslahatynyň ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilmeginiň suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak, daşky gurşawy gorap saklamak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen halkara jemgyýetçiligini  giňden tanyşdyrmakda, şeýle hem bu ugurda ýurdumyzyň hünärmenleri bilen dürli döwletleriň we halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda hem-de özara tejribe alyşmakda örän uly ähmiýete eýe boljakdygy nygtalýar. 

BMG-niň Ýewropa boýunça Ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary A.Wasilýew, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary F.Klimçuk öz çykyşlarynda şu maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki wagtda dünýäde ekologiýa meseleleriniň, şol sanda suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetine oňat düşünilýändigini nygtadylar. Şu möhüm meseleleri çözmezden, häzirki zaman jemgyýetiniň mundan beýläk durnukly ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däldir. 

Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň depgini babatda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleriniň wajyplygy BMG-niň agzasy bolan döwletleriň oňyn tejribesini nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň täze usullaryny döretmegiň zerurdygyny talap edýär. Myhmanlar ara alnyp maslahatlaşylan meseläniň wajyplygyny  nygtap, şu forumyň netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem suw serişdelerini toplumlaýyn ulanmagyň özara kabul ederlikli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 

Öz nobatynda, türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda täze taryhy eýýamda daşky gurşawy goramagyň, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak wezipeleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. 

Häzirki wagtda ekologiki çäreler ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti, tutuş halk hojalygynyň çäklerinde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin esas bolup durýar. Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa, ilkinji nobatda, ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmäge «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. 

Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmak baradaky innowasion taslamanyň durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäde    suw serişdelerini aýawly saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Ýurdumyzyň zeýkeş ulgamlarynyň kadaly işlemegini, ýerasty suwlaryň derejesiniň peselmegini, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyny bu kölüň türkmen topragynyň tebigatyna oňyn täsir edýändiginiň mysal hökmünde görkezmek bolar. Türkmenistanyň, şeýle hem tutuş Orta Aziýa sebitiniň çäginde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu taslamanyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan  esasy alymlarynyň we bilermenleriniň, suw hojalyk pudagynyň hem-de obasenagat toplumynyň hünärmenleriniň ýokary bahasyna mynasyp bolandygyny bellemelidiris. 

Foruma gatnaşyjylar şeýle hem suw hojalyk ulgamynda, şol sanda täze suw howdanlaryny, gidrotehniki we melioratiw desgalaryny gurmak baradaky giň möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda  Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde suwy arassalaýan zawodlar, suwy süýjediji desgalar gurulýar, bar bolan suw arassalaýjy desgalaryň we suw geçiriji ulgamlaryň durky täzelenýär. Şunuň bilen bir hatarda, suw serişdelerini tygşytlamaga ýardam edýän täze tehnologiýalaryň, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylýandygy bellenildi. 

Bu ulgamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan özgertmeler suw serişdelerinden rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge, topragyň hasyllylygyny saklamak ulgamynda ylmy-barlaglary işjeňleşdirmäge, obasenagat önümçiliginiň netijeliligini we oba hojalyk ekinleriniň  hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýer we suw serişdelerine aýawly garamaga ýardam edýär. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, şol sanda damjalaýyn usulda suwarmak we suwaryşyň beýleki   öňdebaryjy usullary barha giňden ulanylýar. 

Foruma gatnaşyjylar bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy barada aýdyp, biziň ýurdumyzyň bu ulgamda işjeň orun eýeleýändigini, özara gatnaşyklary, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri — BMG-niň Ösüş  maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, Ýewropa Bileleşigi, Global ekologiýa gaznasy we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini bellediler. Türkmenistan suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we dikeltmek, çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi ýaly bütin adamzady tolgundyrýan möhüm ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar. 

Türkmen döwleti ekologiýa howpsuzlyk meseleleri boýunça BMG-niň Konwensiýalarynyň birnäçesine gatnaşyp, tebigaty goramak häsiýetli meseleler boýunça anyk ädimleri ädýär we bu ulgamdaky   wajyp meselelere umumykrar edilen halkara hukugynyň kadalary, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak we halkara guramalarynyň giňden gatnaşmagy esasynda garalmalydygyndan ugur alýar. Türkmenistanyň möhüm tebigy serişdeleri, şol sanda suwy aýawly saklamaga jogapkärli çemeleşmegi  ýurdumyzyň sebitiň halklarynyň abadançylygynyň we parahatçylygynyň bähbidine suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň ählumumy wezipelerini çözmäge saldamly goşant goşmaga çalyşmagyny şertlendirdi. 

Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň  täze neşiri — «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitaby hödürlenildi. Şu gün Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bu neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitapda türkmen, iňlis we rus dillerinde milli Liderimiziň halkara forumlarynda eden çykyşlaryndan, suw hojalygy ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli iberen Gutlaglaryndan pudagy toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, daşky gurşawy aýawly saklamaga gönükdirilen, şeýle hem oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilişini gowulandyrmak işinde gazanylan ägirt uly üstünlikleri beýan edýän suw hojalygy ulgamynda özgertmeler maksatnamalarynyň wezipeleri we maksatlary barada aýdan sözleri çap edildi. 

Döwlet Baştutanymyzyň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda jemlenen parasatly sözlerinde görnükli alym we syýasy lider, oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiki pikirleri öz beýanyny tapýar.   Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa ýurdumyzyň gülläp ösmeginden, türkmenistanlylaryň ählisiniň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. 

Kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary derejede çap edildi we özboluşly çeperçilik bezegi bilen tapawutlanýar. 
  
«Suw damjasy—altyn dänesi» baýramçylygyna gabatlanyp, geçirilen halkara maslahatyň bölümlerdäki mejlislerinde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek, suw serişdelerini dolandyrmakda bu ulgama innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, suw hojalygynda giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda täze suw hojalyk desgalaryny gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bilen  baglanyşykly möhüm meselelere garaldy. 

Halkara maslahatyna gatnaşyjylar forumyň jemini jemläp, şu duşuşygyň bu ulgamda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde ýurtlaryň tejribe alyşmagy, şu wajyp ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga umumy çemeleşmäni işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança  bolandygyny bellediler. 

Maslahatyň ahyrynda bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak meselelerinde sebit hem-de ählumumy hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi beren şu forumyň ýokary derejede guralmagyna ýardam berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Foruma gatnaşyjylar üçin meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde «Altyn asyr» Türkmen kölüne tanyşlyk sapary guralar. Mundan başga-da, Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw pudagynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. 

Degişli makalalar

Ekin meýdanlary üçin tehnikalar.

syrach

Uly Bilermenleriň Gullugynyň Çäklerindäki Bilelikdäki Taslama Türkmen-German Hyzmatdaşlygynyň Ugurlarynyň Biridir

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi