14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SAGLYK

Suwy Näme Üçin Gaýnatmaly?

Suw adamyň durmuşynda ýaşaýşyň esasy çeşmeleriniň biridir. Eýsem, gaýnag suwuň saglygymyza peýdaly taraplary barada nämeleri bilýäris?

Türkmen halky gelen myhmana, ilki bilen, çaý hödür edýär. Gaýnag suw bolmazdan çaý we kofe taýýarlamak mümkin däl. Çünki suwuň ýokary temperaturasy olaryň içindäki birleşmeleriň dargamagyna we tagamyň ýaýramagyna iterýär. Şeýlelikde, gaýnag suw tagamy özüne siňdirýär we olary içýänlere lezzet berýär.
Bokurdak agyrysynda hem gyzgyn çaý ýa-da melhemlik demlemeleri içmek maslahat berilýär. Munuň üçin bolsa, elbetde, gaýnag suw gerek. Sesiňi açmak üçin hem gaýnag suwdan peýdalanylýar. Bu tejribäni dünýäde aýdymçylar we alypbaryjylar giňden ulanýarlar. Gaýnag suw olaryň sesiniň dury çykmagyna ýardam edýär.
Her gün irden oýanan wagtyňyz diňe gaýnap, sowan suw içmek maslahat berilýär. Çünki suw gaýnadylanda içindäki zyýanly birleşmeler dargaýar. Şeýle hem ir bilen içilen bir bulgur suw aşgazany we içegeleri arassalaýar.
Gaýnag suwuň berhiz saklaýanlar we horlanmak isleýänler üçin hem peýdasy uludyr. Suwuň düzüminde hiç hili ýagyň ýokdugy üçin artykmaç agramdan dynmak isleýänlere çaý bilen kofä derek, esasan, gaýnag suw içmek maslahat berilýär.
Günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk mukdarda suw içmek maslahat berilýär. Suw bedendäki duzlaryň daşyna çykmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, gaýnag suw bedeni berkidýär, işjeňligi artdyrýar, deriniň sagdynlygyny üpjün edýär.
Käbir halklaryň lukmançylygynda gaýnag suw dümewde esasy derman serişdesi hökmünde peýdalanylýar. Muny bir gap gaýnag suwuň üstüne ýüzüňi tutup, başyňy örtmek we bugdan dem almak bilen amala aşyrýarlar. Buguň dem alyş ýollaryny arassalaýandygy aýdylýar.
Lukmanlar miweleri we gök önümleri gaýnag suwa ýuwmagyň zerurdygyny nygtaýarlar. Gaýnag suw olaryň daşky gabygynda bolup biläýjek hapalaryň has gowy aýrylmagyny we mikroblaryň ýok edilmegini üpjün edýär. Bu hem sagdyn iýmitlenmekde zerurdyr.

Çeşme: https://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de Italiýanyň Täze Ilçisi Bilen Duşuşyk

Parahatçylyk Döredijilik Bitarap Türkmenistanyň Daşary Syýasat Strategiýasynyň Özenidir

syrach

Daşoguz Welaýatynyň Telekeçileri Et-Süýt Öndürilişini Artdyrmak Boýunça Taslamalary Durmuşa Geçirýärler

turkmenhabargullugy