16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ilçisi Bilen Duşuşyk

2016-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky (ýerleşýän ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Filipp Ştalder bilen duşuşyk boldy.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer çygyrlaryndaky türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy özaragatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar dürli derejelerdäki wekiliýetleri alyş-çalyş etmek arkaly bu ugurdaky, şeýle hem halkara guramalaryň çarçuwasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmäge ygrarlylygyny bildirler.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçiriljek maslahatlaşmalaryna taýýarlygyň çarçuwasynda, taraplar maslahatlaşmalaryň gün tertibiniň meselelerini, şeýle hem ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleler boýunça pikirleri alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça teklipleri beýan edip, j-p Ştalder şweýsar kompaniýalarynyň oba hojalyk we azyk senagaty ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary barada aýtdy.

 

Sebit üçin suw serişdelerini tygşytly ulanmak meselesiniň wajyplygyny nazara alyp, taraplar tejribeleri alyşmaga, ikitaraplaýyn we Merkezi Aziýanyň ÝB bilen hyzmatdaşlygynyň çarçuwasynda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etmegi ylalaşdylar.

Degişli makalalar

«Pederlerimiziň Gahrymançylygy-Ýaşlary Watançylyk Ruhynda Terbiýelemegiň Nusgasydyr»

Kiýewde Türkmenistanyň bitaraplygyna Bagyşlanan Halkara Konferansiýa Geçirildi

syrach

Türkmensitanyň Halkara Maýa Goýum Maslahaty

syrach