13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

“Syrly Saz Älemi” ýa-da Nusgawy Eserleriň Täze Beýany

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestri “Syrly saz älemi” konsertini berdi. Nebit-gaz toplumynyň tomaşaçylardan doly medeniýet merkezinde geçirilen konsert Piter Uorlokyň “Kapriol” sýuitasy bilen açyldy. Mistifikator kompozitoryň aýtmagyna görä, onuň döredijigine Bethoweniň o dünýeden habarlary täsir edýär. Nähili bolsa-da, orkestriň sazandalarynyň ýerine ýetiren “Kapriol” sýuitasy tämizden nepis ýaňlanyp, tomaşaçylaryň göwnüni göterdi.

Klarnetçi Ýusup Öwezow Astor Pýassollanyň iň ajap eserleriniň biri “Tangonyň taryhy” atly dört bölekden ybarat sýutitasyndan “Kafe, 1930” sazyny ýekelikde çaldy. Klarnetiň näzik we joşgunly owazy diňleýjileri erkek bilen zenanyň söhbetiniň köňül joşdyryjy älemine atardy. Argentinaly kompozitoryň tango sazyny jaz we nusgawy sazlaryň elementleri bilen baýlaşdyrandygyny bellemek gerek.

“Men seniň aşygyň!” –diýip Edward Grigiň şahyrana aýdymyny aýdan Nury Nuryýew söýgüsini ispança beýan etdi. Diňleýjiler oňa gowy baha berdiler. Onuň Plasido Domingonyň repertuaryndan ýene ispan dilinde aýdan aýdymy hem täsirli çykdy.

Sahnada orkestriň üýtgeşik lybasly aýdymçysy Maýsa Nyýazowa peýda bolýar. Ol çykyşyny Rikkardo Koççiantäniň “Notr Dam de Pari” mýuziklinden “Awe Mariýany” ýerine ýetirmekden başlady. Onuň tembrlere baý owazy, özboluşly aýdym aýdyş usuly diňleýjileri özüne maýyl edýär. Soňra Maýsa Astor Pýassollanyň “Mariýa Buenos-Aýresde” we Klod-Mişel Şýonbergiň “Ýekirlenenler” mýuzikllerinden bölekleri aýtdy.

Waleriý Saparowyň Arno Babajanýanyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan fortepiano we kamera orkestri üçin elegiýasyny roýalda Diana Melkumowa ýerine ýetirdi. Eseriň ýeňilden şahyarana melodikasy Arno Babajanýanyň döredjiligine mahsus görnüşde berlipdir. Waleriý Saparowyň döredijiligine ýüzlenilmegi ýöne ýerden däldir, çünki ol bir wagtlar Mary şäherinde ýaşapdyr.

Ahyrynda orkestriň birinji skripkasy Samir Rizaýew ýewreý halk temalarynyň üçüsini ýerine ýetirdi. Oňa Kakageldi Hojalekow (wiolençelde), Ýusup Öwezow (klarnetde), Diana Melkumowa (fortepianoda) goşulyşdylar. Ökde sazanda Samiriň elinde skripka duýgylaryny paýradyp, göçgünli, mylaýym, ter owazly joşýardy. Tomaşaçylaryň şatlygynyň çägi ýokdy! Muňa begenen Resul sazandany ogşady, oňa dostum, doganym diýdi. Diňleýjiler şowhunly el çarpmalar bilen Samiri sahnadan wagty bilen goýbermediler, onsoň ol ýaňyja çalan sazyndan bölekleri ýene gaýtadan ýerine ýetirdi. “Syrly saz älemi” konserti şunuň bilen hem tamam boldy.

Gysgaça çykyş edenler barada:

Ýusup Öwezow – konserwatoriýanyň uçuçrymy, Ýaşlar orkestri bilen 10 ýyl bäri işleşip gelýär. Ol diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda-da tanalýan ussatlar toparynda işlemek miýesser edendigine begenýändigini aýdýar. Orkestr her ýyl Germaniýada geçirilýän ýaş sazandalaryň halkara festiwalynda çykyş edýär. Geçen ýyl Nury Halmämmedowa bagyşlanyp Moskwada geçirilen konserte gatnaşdy, golaýda bolsa Russiýanyň paýtagtynda Ýeňiş baýramy mynasybetli gurnalan Baýramçylyk konsertinde çykyş etdi.

Nury Nuryýew –nusgawy usulda aýdýan aýdymçy, kamera oekestrinde 6 ýyl bäri çykyş edýär. Şu gün ol ispan dilinde aýdym aýtdy, aslynda türk we iňlis dillerini hem bilýär, bu bolsa onuň aýdym aýtmak diapazonynyň has doly açylmagyna ýardam edýär. Kärdeşlerine — orkestriň sazandalaryna dürli saz usullaryny utgaşdyrýan zehini üçin sarpa goýýar.

Maýsa Nyýazowa sazçylyk mekdebinde fortepiano ugrundan tälim alýar. Sahna ilkinji gezek 2009-njy ýylda konsertmeýster SwetlanaNobatowanyň tagallasy bilen çykýar. Estrada çykyşlary Nataşa Korolýowanyň repertuaryndan “Kiçijik mekan” aýdymy bilen başlandy. Halaýan žanry — jaz. Ol özboluşly we üýtgeşik aýdymçy. Ýaşlar kamera orkestriniň sazandalaryna kärine ussatlar hökmünde ýokary baha berýär.

Resul Gylyjow Samir Rizaýewe ýöne ýerden dostum we doganym diýmän ekeni – olar 9 ýaşyndan bir mugallymdan – Ýelizaweta Danilowna Ilýutinadan tälim alypdyrlar. “Men skripkada saz çalmakdan lezzet alýaryn, şeýle bolsa-da, lukmançylygy saýladym” – diýip Samir gürrüň berýär. Samir Krasnodaryň lukmançylyk institutyny tapawutlanan diplom bilen tamamlap, indi ordinator bolup işleýär. Zähmet dynç alşyna çykanda bolsa, Resul Gylyjowyň ýolbaşçylgyndaky Ýaşlar kamera orkestrine birinji skripkada çykyş edýär.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Mebel Sergisi Öz İşini Tamamlady.

syrach

Metbugat Üçin Habar

turkmenhabargullugy

Aşgabatdaky Hassahanalar