15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Syýasat we Jemgyýet Žurnaly

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan neşir edilýän “Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ruhy durmuşynyň meselelerini hemmetaraplaýyn we çuňňur şöhlelendirýän ideýa-nazary we maglumat beriji aň-bilim makalalary çap edilýär.


Neşir çuňňur many-mazmuny we makalalarynyň mowzuk taýdan dürli-dürlüligi bilen tapawutlanýar, olar okyjylary gyzyklandyryp biler. Ýyllyk žurnalda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan hem-de döwletimiziň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge aýratyn üns berilýär.


Žurnalyň nobatdaky sany “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  täze taryhy döwri esaslandyryjydyr” atly makala bilen açylýar. “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri” atly bölümde berlen bu makalada döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň öňdengörüjilikli, täzeçil häsiýete eýedigi hem-de durmuş ugruna gönükdirilendigi nygtalýar. Adamlar, ýurdumyzyň her bir raýatynyň   abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada şol syýasatyň esasyny düzýär. Türkmen halky Gahryman Arkadaga buýsanýar, eziz Watanymyzy parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli asylly başlangyçlaryny biragyzdan we gyzgyn goldaýar. Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen “Arkadag” atly belent binasy türkmenistanlylaryň milli Liderimize bolan ählumumy hoşallygynyň, çäksiz sylag-hormatynyň aýdyň nyşanydyr. 


“Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň nyşany” diýlip atlandyrylan beýleki bir makalada bolsa häzirki zaman ählumumy syýasatyň möhüm guraly hökmünde Bitaraplygyň barha artýan ähmiýeti açylyp görkezilýär. Türkmenistan bu halkara-hukuk derejesine gyşarnyksyz eýermek bilen, bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýar. Munuň özi ýurdumyzyň bütin dünýäde abraýynyň artmagyny şertlendirdi. Mälim bolşy ýaly, şanly senäniň hormatyna geçen ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. 


Okyjylaryň dykgatyna şeýle hem Garaşsyz we Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň syýasy-hukuk esaslarynyň ösüşini, erkin we özygtyýarly ösüş ýyllarynda eziz Watanymyzyň gazananlaryny, şol sanda täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny özgertmegiň aýdyň netijelerini beýan edýän makalalar  hödürlenilýär. 


“Jemgyýetiň ruhy durmuşy” bölüminde berlen makalalar toplumynda milli medeniýetiň taryhy köklerine, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryna, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň türkmen halkynyň aňyýetine we jemgyýetçilik pikiriniň kemala gelmegine   edýän täsiri barada gürrüň edilýär. 


Jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy saklamagyň kepili bolan dinara düşünişmeklige aýratyn makala bagyşlanýar. Onda Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryny seljermegiň we umumylaşdyrmagyň, şeýle hem köpsanly materiallaryň esasynda ýurdumyzda radikal akymlaryň we dini fanatizmiň döremegi üçin hiç hili taryhy esasyň, sosial sebäbiň ýa-da zerurlyklaryň ýokdugy hakyndaky netijä gelinýär. Tersine, dini jemgyýetleriň bilelikde, dostlukly, diňe hoşniýetli ýaşamaklarynyň uzakmöhletli we durnukly ýörelgesi öňe sürlüp gelinýär. Türkmenistanyň milli-döwlet gurluşyndaky dünýewi  demokratik ýörelgeleri ykrar etmegiň esasynda ähli dini guramalaryň bähbitleriniň deňagramlylygynyň berjaý edilmegi we olaryň kanun öňünde deň bolmaklary ýurtda dinara parahatçylygyň we ylalaşygyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdyn raýat jemgyýetini pugtalandyrmagyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.  


Žurnalyň sahypalarynda döwletimiziň daşary syýasat strategiýasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we dünýäde abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen oýlanyşykly syýasy-diplomatik ýörelgeleri hakyndaky makalalar hem ýerleşdirilipdir. Makalalarda türkmen halkynyň iň oňat häsiýetleriniň logiki dowamy we anyk şöhlelenmesi bolan ýurdumyzyň Bitaraplygynyň has-da berkidilmegine aýratyn üns berýän milli Liderimiziň başlangyçlarynyň we tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp bolandygy nygtalýar. 


Türkmenistanyň ylym-bilim we  saglygy goraýyş ulgamlaryny özgertmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny, şeýle-de onuň daşary ykdysady aragatnaşyklarynyň ugurlarynyň kämilleşdirilişini şöhlelendirýän makalalara hem žurnalda giň orun berilýär. Mundan başga-da, makalalarda Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we  durnuklylygy üpjün etmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetine ýokary baha berilýär, döwletimiziň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki teswirlenilişi beýan edilýär. 


“Tükeniksizlik bilen galtaşyp” atly makalada häzirki döwrüň şertlerinde ýaşlara watançylyk terbiýesini bermegiň käbir meseleleri barada pikir ýöredilýär. Umumy bilim berýän orta we ýörite hünärmentçilik mekdebiniň okuwçylaryna, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna we syýasatşynaslygy özbaşdak öwrenýänlere kömek hökmünde žurnalda syýasy adalgalaryň sözlüginiň dowamy berilýär. 


Žurnalyň bu sany hem däbe öwrülen “Kitap tekjesinden” we “Biziň senenamamyz” atly bölümler bilen jemlenýär. Olaryň birinjisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly saýlanan eserleriniň 2015-nji ýylda çap edilen 8-nji goýberilişine hem-de döwlet Baştutanymyzyň 2014-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň “Beýik özgertmeleriň ýylýazgylary” atly hronikasynyň 8-nji goýberilişine syn berilýär, ikinjisinde bolsa, Türkmenistanyň 2016-njy ýyldaky baýramçylyk günleri şanly we ýatlama seneleri ýerleşdirilipdir. 


Şeýlelikde, “Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň nobatdaky sany dürli maglumat beriji-seljeriş hem-de ylmy-nazaryýet materiallaryna baýdyr. Onda türkmen we rus dillerinde çap edilen makalalarda milli Liderimiziň döredijilikli oňyn syýasatynyň ideologiýasy hem-de ileri tutulýan ugurlary açylyp görkezilýär, ýurdumyzdaky möhüm wakalaryň gerimine we ähmiýetine doly baha bermäge mümkinçilik berýär. 


Neşir giň okyjylar köpçüligine, şol sanda orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryna we mugallymlaryna, ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna we mugallymlaryna, aspirantlara, syýasatçy  alymlara, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalaryna niýetlenendir we Türkmenistanyň häzirki durmuşy bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin peýdaly bolar. 

Degişli makalalar

Daşoguzda Ýerli Telekeçiler Işewürler Merkeziniň Binalar Toplumyny Gurýarlar

syrach

Halkymyzyň Beýik Ruhy Ýörelgelerine Eýerip

Awaza Halkara Medeni Gatnaşyklary Ösdürmek Boýunça Başlangyçlary Öňe Sürýär

turkmenhabargullugy