9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Tahyr Ataýewiň Orkestri Rok Sazlaryny Ýerine Ýetirdi

«Watan» kinokonsert zalynda Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda ähli babatda simwoliki manyly täze «Jöwza» konsertini görkezdi. Scorpions, Imagine Dragons, Evanescence, AC/DC, Nirvana, Queen, Roxette, «Кино» we beýleki toparlaryň repertuaryndan meşhur aýdymlaryň instrumental görnüşleri ýerine ýetirildi.

Nusgawy eserleri çalýan sazandalar meşhur rok sazlaryny çalýar diýseler… Muny geň görýänlere şeýle üýtgeşik ideýanyň tomaşaçylaryň-da, aýdymçy-sazandalaryň-da göwnüni galkyndyran jadyly tomaşa öwrülendigini ynamly aýdyp biljek.

Özüne maýl ediji Aleksandr Koçetow, hoşamaý Döwran Şammyýew, näzenin Aýnur Mahmydowa, uly sahna ýaňy çykyp ugran Asýa Konstanýan ýaly aýdymçylaryň diňleýjileri özüne imrigdirmegi başarandygyny aýdasym gelýär. Tomaşaçylar Aleksandr Koçetow AC/AD toparynyň «Highway to hell» ýa-da Döwran Şammyýew Limp bizkit toparynyň «Behind blue eyes» meşhur aýdymlaryny aýdanda olaryň sesine ses goşup aýtmagynyň özi nämä degmeýär.

Tahyr, hemişekisi ýaly, tomaşaçylary ýakymly geň galdyrdy. Mysal üçin, skripkaçy Olýa Soltanmyradowa aýdym aýtmakda özüni synap gördi, ol kärdeşleriniň sazandarlygynda Hooverphonick toparynyň belli «Mad about you» aýdymy ýerine ýetirdi.

–Men aýdym aýtmakdan lezzet aldym. Eger Tahyr maňa ýene aýdym aýtmagy teklip etse, höwes bilen döredijiligimiň bu täze ugruny dowam ederdim – diýip Olýa gürrüň berdi.

Artistleriň tomaşaçylar bilen söhbetdeşligi, her eser barada gürrüň berilmegi konserti has-da şüweleňli etdi.

Döwran Şammyýew tanymal Queen rok-toparynyň repertuaryndan meşhur «The Show Must Go On» (Şowhun dowam etmelidir!) aýdymynyň mazmunyny düşündirdi. Aýnur Mahmydowa ejesiniň: «Başyna baran işiňe berk ýapyşsaň, bar zada hötde gelersiň!» – diýip goldandygy üçin sahnadan oňa minnetdarlyk bildirdi. Sada hem göwnaçyk Aleksandr Koçetow bolsa, öz sahna keşbini teswirläp: «Menden, Sanýa penjegiň hany? –diýip soraýarlar. Menem Jöwzaly yssy! diýip jogap berýän» — diýdi…

Dogrudanam, şenbe agşamynyň salkynlygyna garamazdan, sahna ýaş we awangard aýdymçy-sazandalaryň duýgylardyr döredijilik joşgunyndan ýaňa jöwzaly döwri ýada salýardy.

Diňleýjiler şowhunly el çarpmalary bilen sazandalary we aýdymçylary köp wagtlap sahnadan goýbermediler. Olaryň şu bahasyna tolgunan Tahyr Ataýew: «Siz bilen ýene duşuşarymyz ýaly indiki hepde konsertimizi gaýtalarys!» – diýdi.

Biziň bilen söhbetdeşlikde zehinli ýaş dirižýor özünde galan täsirleri we döredijilik meýilnamalary barada gürrüň berdi:

olaryň özboluşly beýan edilişi bilen, ozalkysy ýaly, tomaşaçylary geň galdyrarys hem-de täze zehinleri ýüze çykararys…

 

Tamara GLAZUNOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN
Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

Aşgabat 2017 Oýunlar Akademiýasyna Işe Almak Maksatnamasyna Başlaýar

turkmenhabargullugy

Täze Döwletara Elektrik Geçiriji Ulgamynyň Gurluşygyna Başlanyldy

Türkmenistanyň Merkezi Banky we GFR-iň Süýşürintgiler Kassalarynyň Halkara Hyzmatdaşlyk Boýunça Gaznasy Ähtnama Gol Çekdiler