Aşgabatda Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň guramaklarynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Talyp gözeli bäsleşiginiň jemleýýji tapgyry geçirildi. Jemleýji tapgyr Türkmen döwlet medeniýet instittuynda geçirildi. Oöa öňdäki tapgyrlary üstünlikli geçen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bäleşige gatnaşanlaryň çykyşlaryna düzüminde bäsleşigi guramaçylaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň wekilleri, Dokma senagaty ministrliginiň, Azyk senaaty döwlet birleşiginiň işgärleri bolan emin agzalary baha berdiler. Emin agzalarynyň biragyzdan çözgüdi esasynda bäsleşigiň gran-pri baýragyna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň üçünji ýyl talyby Jennet Rozyýewa mynasyp boldy. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dördünji ýyl talyby Gültäç Annamämmedowa birinji orny, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ikinji ýyl talyby Jennet Orazsähedowa ikinji orny we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň ikinji ýyl talyby Altynaý Tuwakowa üçünji orny eýeledi.
Bäsdeş gyzlar öz ýokary okuw mekdepleri we hünärleri bilen tanyşdyrdylar. Gyzlar soňky tapgyrlarda aýdym aýytdylar, folklor kompozisiýalaryny ýerine ýetirdiler, türkmen awtorlarynyň edebi eserlerinden sýužetleri sahnalaşdyrdylar, biziň ýurdumyzyň taryhy şahslary hökmünde çykyş etdiler. Olar işdäaçar taýýarlamakda diňe halk taýýarlanyş usulyna daýanmak bilen, ýokumly işdäaçarlary taýýarladylar.
Köp sagada çeken bäleşigiň jemleýji sanynda bäleşige gatnaşan gyzlar owadan lybasda sahna çykdylar. Esasan hem kümüşden ýaslan milli zenan bezegleri olaryň geýen lybaslarynyň bezegleriniň üstüni ýetirdi. Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisi gutlagalara, ýadigärlik sowgatlaryna we bahar gül çemenlerine mynasyp boldular.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň studentlerden ybarat bolan artistleriniň çykyşlary bu bäsleşigiň şowhunyny has hem artdyrdy.