Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň žiwopis işleriniň we heýkelleriniň tematiki sergisi açyldy. Görkezilen suratlaryň ýordumlarynyň köpüsi jemgyýetimizde harby gullukçylara uly hormat goýulýandygy barada gürrüň berýär.
Mysal üçin, Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýakup Annanurowyň “Serhetçiniň maşgalasy” işinde serkerde çagalarynyň arasynda şekillendirilipdir. Körpeje ogly üç aýakly tigirde kakasyna harby salam berýär, uly ogly bolsa ýylgyryp bu sahna tomaşa edýär. Serhetçiniň keýiniň çagdygy görnüp dur. Agzybir maşgala ýurduň parahat we bagtyýar durmuşyny goraýan serkerde üçin ygtybarly tyldyr.
S. Ýaranowyň “Rugsatda” atly suratynda rugsada gelen esgeri obasynda hormat bilen garşy alnyşy barada gürrüň berilýär. Ýaş esgeri gojalar garşy alyp, onuň gapdalyndan ýöräp barýarlar. Hatda gujurly tut agaçlaram Watan gorgçysyna sarpa goýýan hormat garawulyna meňzeýär. Onuň maşgalasydyr obadaşlary gullukda tapawutlanan esgere buýsanýarlar.
Türkmenistanyň halk nakgaşy Yzzat Gylyjowyň “Alysdaky serhet bekedi” suraty serhetçileriň kyn we jogapkärli gullugy hakynda. Belent dagyň depesinde günortanyň yssysynda atly tabşyryk serhede aýlanýar. Çala gyşaran tok geçiriji sütün hüşgär serhetçileriň ünsüni çekýär, esgerleriň biri ony siňňin gözden geçirýär. Nakgaş Köpetdagyň gaýalaryna aýratyn ünsi çekip, Watan belentligini nygtaýar.
A. Nuryýewiň “Ok atyş okuw meýdany” işinde esgerler taktiki okuwdan soň dynç alýarlar. Wagtyny peýdaly geçirmek üçin Watan goragçylary ýerli gazetden makala okaýarlar. Suratda harby lybasyň gum depeleriniňkä meňzeş reňki ünsüňi çekýär. Awtor şeýtmek bilen harby gullukçylaryň dogduk Diýar bilen bütewiligni nygataýar…
Türkmenistanyň halk nakgaşy Stanislaw Babikowyň “Garry yzçy” suratynda golýadaky obadan serhet zolagynda wakanyň bolan ýerine maslahat üçin yzçynyň çagyrylan pursady şekillendirilipdir. Dozor garda şübheli yza gabat gelipdir.
Nikolaý Çerwýakowyň “Yzçynyňkyda myhmançylykda” suraty serhetçileriň ýerli gojalar bilen dostlugy barada. Salkyn saýaly bagda serhet goragçylary yzçynyň gürrüňlerine gulak asýarlar. Sergä gelenler Milli goşunyň taryhyna we pederleriň gahrymançylykly ýoluny dowam edýän Watan goragçylaryna bagyşlanan eserlere uly gyzyklanma bilen syn edýärler.
turkmenistan.gov.tm